Добавить новость
World News in Turkmen





160*600

Новости сегодня на DirectAdvert

Новости сегодня от Adwile

Актуальные новости сегодня от ValueImpression.com


Опубликовать свою новость бесплатно - сейчас


Berdimuhamedow möhüm meselelere seslenmegiň wajypdygyny aýdýar, aktiwistler şübhe bildirýär

Türkmenistanyň Halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 18-nji iýulda Aşgabatdaky Maslahatlar köşgünde Halk maslahatynyň prezidiumynyň mejlisini geçirip, ýurduň ykdysadyýet we maliýe pudagyndaky käbir meselelere yşarat etdi.


Ençeme ýyl bäri ykdysady kynçylyklardan ejir çekýän ýurdy 15 ýyl dolandyryp, 2022-nji ýylyň martynda wezipeden çekilen we prezident wezipesini ogly Serdar Berdimuhamedowa geçiren öňki döwlet baştutany ýygnananlara ýüzlenip, “döwrüň öňe sürýän möhüm meselelerine öz wagtynda seslenmegiň, teklipleri işläp taýýarlamagyň wajypdygyna” ünsi çekdi.


Duşuşygyň dowamynda Halk maslahatynyň nobatdaky mejlisini 2023-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda geçirmek bellenildi we şoňa çenli ykdysadyýet we maliýe pudagyndaky meselelere çözgüt hökmünde teklipleri taýýarlamak meýilleşdirildi.


Öňki prezident esasan alty ugur boýunça çözgütleriň işlenilip taýýarlanmagyna çagyrdy.


Gysgaldylyp alnanda, şeýle wezipeler öňde goýuldy:



Hususy pudagyň işjeňligini artdyrmak, maýadarlara goşmaça kepillikleri bermek ýaly ugurlarda işleriň täzeden seljerilmegi. Maýa goýum, migrasiýa syýasaty, manadyň hümmetini durnukly saklamak, pul dolanyşygy we walýuta düzgünleşdirmesi ýaly meseleler boýunça teklipleri taýýarlamak
Hünärmenleri taýýarlamagyň täze usullaryny we tehnologiýalaryny ornaşdyrmak
Saglyk pudagyny ösdürmek boýunça gözegçilik işlerini dowam etdirmek
Senagat pudagynda maýa goýum, hukuk we ykdysady gurşawy kämilleşdirmek
Oba hojalyk toplumyny ösdürmek, emläk gatnaşyklaryny kämilleşdirmek, oba ýerleriniň durmuş taýdan özgerişini çaltlandyrmak
Daşary ýurt döwletleri we halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy alyp barmak, tejribeleri öwrenmek we olary durmuşa ornaşdyrmak


Azatlyk Radiosynyň habarçylary agzalýan ugurlarda bar bolan problemalar, türkmen manadynyň hakyky hümmediniň pese gaçmagy, ýurtda walýutanyň gara bazarynyň emele gelmegi, bu ýagdaýyň fonunda raýatlaryň satyn alyjylyk ukybynyň pese gaçmagy, ilatyň aýlyk girdejileriniň bazar sebedine gabat gelmezligi, bazarlarda bahalaryň aşa ýokarlanmagy, ilatyň durmuş şertleriniň agyrlaşmagy ýaly meseleler barada yzygiderli habar berip gelýärler.




Şeýle-de, öňki prezident migrasiýa syýasaty boýunça teklipleriň işlenilip düzülmegine çagyrdy. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanda giň ýaýran işsizlik we ykdysady şertleriň ýaramazlaşmagy hususan-da soňky ýedi-sekiz ýylyň dowamynda, pandemiýa bilen bagly halkara hereket çäklendirmeleri girizilen döwürler hasaba goşulmanda, ýurt raýatlaryny iş, eklenç gözleginde köpçülikleýin daşary ýurtlara çykmaga iterdi.


Halk maslahatynyň başlygy degişli ugurlarda teklipleriň taýýarlanylmagyny, meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylmagyny talap edýär, ýöne synçylar we aktiwistler aç-açanlyga, tankyda we özge pikirlere ýol berilmeýän ýurtda, erkin sözüň we erkin çekişmeleriň basylyp ýatyrylýan ýerinde problemalary ara alyp maslahatlaşmagyň raýatlar üçin töwekgelçilik döredýändigini aýdýarlar.


Türkmen aktiwisti Nurmuhammet Annaýew 19-njy iýulda Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşlikde öňki prezidentiň çykyşyny seljerdi we uly Berdimuhamedowyň dürli ugurlarda çözgütlere çagyrmagyny Türkmenistanda ýyllarboýy dowam edýän, ýöne resmiler tarapyndan ne tassyk, ne-de inkär edilýän problemalaryň ykrar edilmegi hökmünde kabul edýändigini aýtdy.


“Düýnki ýygnak, şol ýakynda geçiriljek bolýan Halk maslahaty baradaky ýygnak, aslynda, Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu güne çenli daşary ýurtdaky aktiwistleriň aýdyp gelýän zatlaryny gytaklaýyn boýun almagydyr. Muny özüniň hem subut etdigi bolýar, üstesine. Bularyň iň esasy üns berýän maddalary ykdysady problemalara gönükdirilýär, ýagny ykdysady problemalary çözmegiň derdine düşendiklerini görkezýär. Çünki, şu wagt hem daşary ýurda çykýanlaryň san-sajagy ýok” diýip, aktiwist Azatlyk Radiosy bilen telefon söhbetdeşliginde aýtdy.


Ýöne Annaýewiň ynanjyna görä, Türkmenistanda emele gelen maliýe-ykdysady problemalar öz ugrunda ussatlaşan hünärmenleriň we bilermenleriň ylmy çemeleşmelerini, problemalara ylmy esasda çözgüt taýýarlanylmagyny talap edýär. Galyberse-de, ýurtda erkin pikir alyşmalara rugsat berilmezligi, ähli çözgütleriň kabul edilmeginde esasan ýaşulularyň öňe sürülmegi hünärmenleriň işine kölege salýar we problemalara halkara ülňülerine laýyklykda ylmy esasda çemeleşilmegine böwet bolýar.




“Türkmenistanda demokratik esaslarda pikir alyşma ýok. Dürli pikirliligiň ýok ýerinde bir meseläniň çözülmek ähtimallygy ýok. Çünki, dürli pikirlilik ýok. Tankydy garaýyşlar ýok. Bar bolan meseleler barada kadrlaryň öz pikirlerini aýdyp bilýändiklerini gören ýagdaýymda, belki, şular bir zat düzeder diýse bolar. Ýöne ol ýok bizde. Bizde tankydy pikirlere çydamlylyk ýok. Esasan-da, ýurduň başyndaky Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Serdar Berdimuhamedowyň, şolar ýaly tankydy garaýyşlary diňläp oturandyklaryny görmek, käşgä, bize-de miýesser etsedi” diýip, aktiwist aýtdy.


Türkmenistanda döwlet durmuşynyň ähli ugurlaryndaky kemçilikleri diňe prezident ýa-da Halk maslahatynyň başlygy yglan edip bilýär. Hökümet resmileri, mejlisiň deputatlary, döwlet gullukçylary, emeldarlar we ýönekeý raýatlar, galyberse-de, köpçülikleýin habar beriş serişdeleri diňe ýurtda gazanylandygy aýdylýan ösüşleri taryplap bilýärler.


“Onsoň nädip mesele çözülsin? Ortada bir mesele bar, ýöne her kim gorkman, çekinmän pikirini aýdyp bilenok. Adamlar gorkman, çekinmän pikirlerini aýdyp bilen wagtynda, şonda meseleler çözüler diýip umyt dörär. Ýöne häzir, ýok” diýip, aktiwist aýtdy.


Gurbanguly Berdimuhamedow sişenbe güni geçiren mejlisinde Halk maslahatynyň Ýaşulular geňeşini döretmek barada hem karar kabul etdi.


Şeýlelikde, Türkmenistanyň “bagtyýar ýaşlar” ýylynda ýaşulular instituty halk häkimiýetine wekilçilik edýändigi aýdylýan möhüm guramanyň düzümine dolanyp geldi. Bir döwür Türkmenistanda maslahat beriji organ bolan Ýaşulular geňeşi hereket edýärdi. Ýöne Gurbanguly Berdimuhamedow ilkibaşda ozalky Halk maslahatyny ýatyryp, Ýaşulular geňeşini esaslandyrdy, soň Ýaşulular geňeşini ýatyryp, Halk maslahatyny parlamentiň ýokarky palatasy hökmünde täzeden esaslandyrdy, birnäçe ýyl soň, parlamentiň ýokarky palatasyny ýatyryp, Halk maslahatyny halk häkimiýetine wekilçilik ediji özbaşdak gurama hökmünde gaýtadan esaslandyrdy. Indi bolsa, Halk maslahatynyň düzüminde Ýaşulular geňeşi döredilýär.


Galyberse-de, ylmy çemeleşmeleri talap edýän walýuta düzgünleşdirmesi, puluň hümmetiniň durnukly saklanmagy, migrasiýa syýasaty ýaly meseleler boýunça öňe sürüljek teklipleriň we çözgütleriň kabul edilmeginde Ýaşulular geňeşiniň hem rol oýnamagy mümkin.


Türkmen aktiwisti Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşlikde ýurduň syýasatyndaky ýaşululyk kultuna baha berdi.




“Birinjiden, Halk maslahatynyň [Ýaşulular] geňeşindäki adamlar kimler? Ýokary bilimli, şol ugurda özüni ýetişdiren, daşary ýurtda, ýa-da Türkmenistanda, tapawudy ýok, ýokary bilim alan kadrlarmy, ýa-da iliň içinde ‘il ýaşulysy’ diýlip saýlanan, ykdysadyýet ugry boýunça bilim almadyk, ykdysadyýetden hiç hili habary bolmadyk adamlarmy? Aglaba bölegi şolar. Ýagny, ykdysadyýet ugrundan hiç hili ýokary bilimi, aspiranturasy, ýa-da doktorlyk ylmy derejesi bolmadyk adamlar bilen oturyp ykdysadyýeti çözjek bolýarlar” diýip, aktiwist aýtdy.


Türkmenistanda geçirilýän halk mejlislerinde çykyş edýän adamlar köplenç döwlet ýolbaşçylaryny magtamak we mahabatlandyrmak bilen meşgul bolýarlar.


Türkmen aktiwisti Azatlyk Radiosyna Warşawadan beren telefon interwýusynda ýurtdaky iň esasy problemalara ünsi çekdi we çözgüt teklip etdi.


“Türkmenistan hökümeti şuny bilmeli: şu zatlaryň hemmesiniň, aýdylýan, ediljek bolýan işleriň hemmesiniň düýbünde söz azatlygy, demokratik esaslar we adam hukuklary ýatyr. Sen şol zatlara rugsat bermeseň, sen Ýaşulular geňeşini döret, sen ol ýere kimi getirseň getir, tapawudy ýok, adam hukuklaryna hormat goýmasaň, söz azatlygyna, metbugat azatlygyna, azajyk şol zatlara rugsat bermeseň... Adamlar öz pikirlerini aýdanlarynda ertesi güni öz gapysyna polisiýanyň gelmejekdigine göz ýetiren wagty, sen Türkmenistanda meseläniň çözülmegine garaşyp bilersiň” diýip, aktiwist aýtdy.


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.


Загрузка...

Читайте на сайте

Другие проекты от 123ru.net








































Другие популярные новости дня сегодня


123ru.net — быстрее, чем Я..., самые свежие и актуальные новости Вашего города — каждый день, каждый час с ежеминутным обновлением! Мгновенная публикация на языке оригинала, без модерации и без купюр в разделе Пользователи сайта 123ru.net.

Как добавить свои новости в наши трансляции? Очень просто. Достаточно отправить заявку на наш электронный адрес mail@29ru.net с указанием адреса Вашей ленты новостей в формате RSS или подать заявку на включение Вашего сайта в наш каталог через форму. После модерации заявки в течении 24 часов Ваша лента новостей начнёт транслироваться в разделе Вашего города. Все новости в нашей ленте новостей отсортированы поминутно по времени публикации, которое указано напротив каждой новости справа также как и прямая ссылка на источник информации. Если у Вас есть интересные фото Вашего города или других населённых пунктов Вашего региона мы также готовы опубликовать их в разделе Вашего города в нашем каталоге региональных сайтов, который на сегодняшний день является самым большим региональным ресурсом, охватывающим все города не только России и Украины, но ещё и Белоруссии и Абхазии. Прислать фото можно здесь. Оперативно разместить свою новость в Вашем городе можно самостоятельно через форму.



Новости 24/7 Все города России




Загрузка...


Топ 10 новостей последнего часа






Персональные новости

123ru.net — ежедневник главных новостей Вашего города и Вашего региона. 123ru.net - новости в деталях, свежий, незамыленный образ событий дня, аналитика минувших событий, прогнозы на будущее и непредвзятый взгляд на настоящее, как всегда, оперативно, честно, без купюр и цензуры каждый час, семь дней в неделю, 24 часа в сутки. Ещё больше местных городских новостей Вашего города — на порталах News-Life.pro и News24.pro. Полная лента региональных новостей на этот час — здесь. Самые свежие и популярные публикации событий в России и в мире сегодня - в ТОП-100 и на сайте Russia24.pro. С 2017 года проект 123ru.net стал мультиязычным и расширил свою аудиторию в мировом пространстве. Теперь нас читает не только русскоязычная аудитория и жители бывшего СССР, но и весь современный мир. 123ru.net - мир новостей без границ и цензуры в режиме реального времени. Каждую минуту - 123 самые горячие новости из городов и регионов. С нами Вы никогда не пропустите главное. А самым главным во все века остаётся "время" - наше и Ваше (у каждого - оно своё). Время - бесценно! Берегите и цените время. Здесь и сейчас — знакомства на 123ru.net. . Разместить свою новость локально в любом городе (и даже, на любом языке мира) можно ежесекундно (совершенно бесплатно) с мгновенной публикацией (без цензуры и модерации) самостоятельно - здесь.



Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net