ABŞ-nyň howa wekili Jon Kerri Hytaýda gepleşik geçirýär
Hytaýyň “Sinhua” habar gullugy Kerriniň bir ýyl töweregi arakesmeden soň, dünýäniň iň uly howa hapalaýajylarynyň wekilleriniň arasynda bolan ilkinji giňişleýin ýüzbe-ýüz gepleşikde Se Ženhua bilen duşuşandygyny aýtdy.
Dünýäniň iň uly kömür öndürijisi we sarp edijisi bolan Hytaý täze zawodlary gurmak bilen, şol bir wagtda-da gün we ýel energiýasy ugrunda edýän tagallalaryny güýçlendirýär