Добавить новость
World News in Turkmen





160*600

Новости сегодня на DirectAdvert

Новости сегодня от Adwile

Актуальные новости сегодня от ValueImpression.com


Опубликовать свою новость бесплатно - сейчас


Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky söwda mümkinçilikleri köp adama girdeji çeşmesini döredýär

Soňky aýlarda goňşy Özbegistana syýahat edýän türkmenistanlylaryň sanynyň köpelendigini synlasa bolýar. Bu raýatlar esasan söwda etmek we walýuta kartlaryndaky maliýe serişdelerini nagtlaşdyrmak maksady bilen, goňşy ýurda syýahat edýärler. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 5-nji iýulda Lebap welaýatyndan habar berdi.


“Syýahat edýänleriň aglabasy esasanam Özbegistanyň Horezm welaýatyna sapar edýärler. Türkmenistanda dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň fonunda, iki ýurduň arasyndaky söwda mümkinçilikleri köp adama girdeji çeşmesini döretdi” diýip, habarçymyz aýtdy.


Söwdagärler Türkmenistandan goňşy Özbegistana esasan türkmen tekstil harytlaryny, gaplanan et önümlerini, plasstmassa gap-gaçlary ýa-da elektrik enjamlary alyp gidýärler.




“Her bir raýat bir gezekde bu önümleriň diňe bir görnüşini alyp gidip bilýär. Şol önümiň möçberi 100 kilogramdan geçmeli däl” diýip, Özbegistana söwda edýän aşgabatly söwdagär gürrüň berdi.


Öz gezeginde, türkmen söwdagärleri ýurduň Daşoguz we Lebap welaýatlary bilen serhetleşýän Özbegistandan Türkmenistana beýleki harytlar bilen bir hatarda, çilim we spirtli içgileri alyp gaýdýarlar.


“Türkmen häkimiýetleri raýatlara goňşy döwletden diňe 10 guty çilim we 2 litr spirtli içgi alyp gelmäge rugsat berýärler. Ýöne gümrük gullugynda tanyş tapsaň, 200 guty çilim hem geçirip bolýar. Şonda oňat peýda görüp bolýar. Sebäbi Türkmenistanda bir gutusy 80 manat bahalanýan çilim Özbegistanda 15-20 manatdan satylýar” diýip, daşoguzly bir telekeçi habarçymyza gürrüň berdi.


Türkmen häkimiýetleri 2016-njy ýylyň martyndan başlap ýurtda temmäki önümleriniň söwdasyny ýiti çäklendirip, bu babatda ähli ygtyýarlyklary ýurduň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligine berdi. Bu çäklendirme çilimiň bahasynyň telim esse ýokarlanmagyna getirdi.


Türkmenleriň arasynda walýuta bank kartlaryndaky maliýe serişdelerini nagtlaşdyrmak maksady bilen, goňşy ýurda syýahat edýänler hem bar.


“Olar dört-bäş ýyl ozal türkmen banklary tarapyndan berlen walýuta kartyna pul geçirip bolýan mahaly, kartlaryna her aýda 500 dollara çenli maliýe serişdesini salan raýatlardyr. Olar häzir Özbegistana gidip, her aýda 250 dollary nagtlaşdyryp gelýärler” diýip, aşgabatly söwdagär aýtdy.


Türkmenistan 2016-nji ýylda dollaryň söwdasyny ýiti çäklendirensoň, ýurtda walýutanyň iki – resmi we gara bazar – nyrhy emele geldi. Merkezi bank bir dollaryň bahasyny 3,5 manat möçberinde saklaýarka, onuň gara bazardaky nyrhy 20 manada çenli ýokarlandy. Şonda häkimiýetler raýatlara resmi kurs esasynda her aýda 500 dollara çenli serişdäni walýuta bank kartlaryna goýmak mümkinçiligini döretdi. Raýatlar bu walýutany diňe ýurduň daşynda nagtlaşdyryp bilýärdi. Ýöne bu mümkinçilik tapgyrlaýyn esasda çälendirilip, pandemiýa döwründe doly ýatyryldy.




“Häzir türkmen banklarynyň hiç biri raýatlaryň walýuta bank kartlaryna pul geçirip bermeýär” diýip, habarçymyz aýtdy.


Özbegistana syýahat edýän raýatlar esasanam bir hepdelik syýahat wizasyndan peýdalanýarlar. Olar munuň üçin Özbegistanyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň ýanyndaky ýörite syýahatçylyk firmasyna ýüz tutýarlar.


“Bu firma her bir raýatdan bir hepdelik wiza üçin $50 we çakylyk hatyny taýýarlap bereni üçin 200 manat hyzmat hakyny alýar. Wiza bir hepdäniň dowamynda taýýar bolýar” diýip, çeşmämiz habarçymyza gürrüň berdi.


Azatlyk ýokarda aýdylanlar barada Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň Lebapdaky we Daşoguzdaky edaralaryndan kommentariýa almaga synanyşdy. Ýöne gullugyň resmi websaýtynda görkezilen telefon belgilerine, redaksiýamyzyň 5-nji iýulda eden dowamly synanyşyklaryna garamazdan, hiç kim jogap bermedi.


Türkmen häkimiýetleri Özbegistan bilen Türkmenistanyň arasynda söwda gatnaşyklarynyň ösdürilýändigini ýygy-ýygydan tekrarlasalar-da, goňşy ýurda syýahat edýän raýatlaryň statistikasyny köpçülige mälim etmeýärler. Bu barada ýurduň resmi media serişdelerinde hem hiç zat aýdylmaýar.


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.


Загрузка...

Читайте на сайте

Другие проекты от 123ru.net








































Другие популярные новости дня сегодня


123ru.net — быстрее, чем Я..., самые свежие и актуальные новости Вашего города — каждый день, каждый час с ежеминутным обновлением! Мгновенная публикация на языке оригинала, без модерации и без купюр в разделе Пользователи сайта 123ru.net.

Как добавить свои новости в наши трансляции? Очень просто. Достаточно отправить заявку на наш электронный адрес mail@29ru.net с указанием адреса Вашей ленты новостей в формате RSS или подать заявку на включение Вашего сайта в наш каталог через форму. После модерации заявки в течении 24 часов Ваша лента новостей начнёт транслироваться в разделе Вашего города. Все новости в нашей ленте новостей отсортированы поминутно по времени публикации, которое указано напротив каждой новости справа также как и прямая ссылка на источник информации. Если у Вас есть интересные фото Вашего города или других населённых пунктов Вашего региона мы также готовы опубликовать их в разделе Вашего города в нашем каталоге региональных сайтов, который на сегодняшний день является самым большим региональным ресурсом, охватывающим все города не только России и Украины, но ещё и Белоруссии и Абхазии. Прислать фото можно здесь. Оперативно разместить свою новость в Вашем городе можно самостоятельно через форму.



Новости 24/7 Все города России




Загрузка...


Топ 10 новостей последнего часа






Персональные новости

123ru.net — ежедневник главных новостей Вашего города и Вашего региона. 123ru.net - новости в деталях, свежий, незамыленный образ событий дня, аналитика минувших событий, прогнозы на будущее и непредвзятый взгляд на настоящее, как всегда, оперативно, честно, без купюр и цензуры каждый час, семь дней в неделю, 24 часа в сутки. Ещё больше местных городских новостей Вашего города — на порталах News-Life.pro и News24.pro. Полная лента региональных новостей на этот час — здесь. Самые свежие и популярные публикации событий в России и в мире сегодня - в ТОП-100 и на сайте Russia24.pro. С 2017 года проект 123ru.net стал мультиязычным и расширил свою аудиторию в мировом пространстве. Теперь нас читает не только русскоязычная аудитория и жители бывшего СССР, но и весь современный мир. 123ru.net - мир новостей без границ и цензуры в режиме реального времени. Каждую минуту - 123 самые горячие новости из городов и регионов. С нами Вы никогда не пропустите главное. А самым главным во все века остаётся "время" - наше и Ваше (у каждого - оно своё). Время - бесценно! Берегите и цените время. Здесь и сейчас — знакомства на 123ru.net. . Разместить свою новость локально в любом городе (и даже, на любом языке мира) можно ежесекундно (совершенно бесплатно) с мгновенной публикацией (без цензуры и модерации) самостоятельно - здесь.



Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net