2021-nji ýylyň awgustyndan bäri Owganystanda 1000-den gowrak raýat öldürildi - BMG
2021-nji ýylyň 15-nji maýyndan şu ýylyň maýyna çenli 1095 parahat adam öldürildi we 2667 parahat adam ýaralandy diýip, BMG-niň Owganystandaky wekilhanasy aýtdy.
Ölenleriň köpüsi, takmynan 700-den gowragy metjitler, bilim merkezleri we bazarlar ýaly, köpçülik ýerlerinde janyndan geçen bombaçylaryň gurnan partlatmalary, şol sanda öýde ýasalan partlaýjy enjamlaryň ulanylmagy sebäpli ýogaldy.