Добавить новость
World News in Turkmen





160*600

Новости сегодня на DirectAdvert

Новости сегодня от Adwile

Актуальные новости сегодня от ValueImpression.com


Опубликовать свою новость бесплатно - сейчас


Türkiýede dört türkmeniň öldürilmegi: 'Ökünmeýärin, beýleki gyzyny-da öldürjekdim'

Türkiýede dört türkmen raýatynyň jesetleriniň doňduryjynyň içinde tapylmagy bilen bagly täze maglumatlar peýda boldy. Olary öldürmekde aýyplanýan Saparmurad Hallyýew jenaýatlary amala aşyrmagyna “gabanjaňlygyň” sebäp bolandygyny, olary 13-nji iýunda öldürendigini boýun aldy. Hallyewe kömek etmekde aýyplanyp, türk polisiýasy tarapyndan saklanan başga-da üç adam kazyýet gözegçiligi şerti bilen boşadyldy. Bu ýagdaýlar barada türk mediasy Türkiýäniň häkimiýetlerine salgylanyp habar berýär.


Ýatlatsak, Gülkamar Hanymowanyň, onuň gyzlary Leýla we Laçyn Geldiýazowanyň, şeýle-de gyzlaryň biriniň halaşýan ýigidi Ruslan Kerimowyň böleklere bölünen jesetleri 18-nji iýunda Izmir şäheriniň Baýrakly etrabynyň Adalet mähellesinde ýerleşýän iki gatly bir jaýdaky doňduryjynyň içinde tapyldy.


Türk polisiýasy wakadan bir gün soň, ýagny 19-njy iýunda türkmenistanlylary öldürmekde aýyplanýan türkmen raýaty Saparmurad Hallyewi tussag etdi. Oňa kömek etmekde aýyplanyp, owgan raýaty H.G.H., türkmen raýaty H.P. we türk raýaty M.A. hem saklandy. Kazyýet diňlenişiginden soň, Hallyew tussag edildi we oňa kömek etmekde aýyplanýanlar kazyýet gözegçiligi şerti bilen boşadyldy.




“Hallyewiň polisiýa beren beýannamasynda söýgülisi Gulkamar Hanymowanyň özüne ikilik edýändiginden şübhelenendigini we şonuň üçin maşgalanyň ähli agzalaryny ýok edendigini boýun alandygy öwrenildi. Şeýle-de, ol 13-nji iýunda ilki Ruslan Kerimowy, soňra bolsa dürli wagtlarda öýe gelen beýleki pidalary ýeke-ýeke öldürendigini, soňra jesetleri böleklere bölüp, doňduryja we sowadyja goýandygyny aýdypdyr” diýip, “Milliyet” neşiri polisiýadaky çeşmelerine salgylanyp, 21-nji iýunda aýtdy.


“Merhumlaryň telefonlaryny satyp, doňduryjy satyn aldy”


Türk mediasyna görä, Hallyew polisiýa beren beýannamasynda merhumlaryň mobil telefonlaryny satyp, doňduryjy satyn alandygyny hem boýun aldy. Şeýle-de, ol daşary ýurda gaçyp gitmegi planlaşdyrandygyny we pul üýşürmek üçin Çeşme şäherinde gurluşykda işlemegini dowam etdirendigini hem aýtdy.


“Ökünmeýärin”


“Ökünmeýärin, beýleki gyzyny-da öldürjekdim” diýip, türk metbugaty dört türkmenistanlyny öldürmekde aýyplanýan Hallyewiň polisiýa aýdan sözlerini sitirledi.


Azatlyk Radiosynyň waka boýunça Türkmenistanyň Ankaradaky ilçihanasy bilen habarlaşyp, goşmaça maglumat almak synanyşyklary netije bermedi. Türkmen wekilhanasynyň resmi websaýtynda görkezilen telefon belgilerine, redaksiýamyzyň 21-nji iýunda eden dowamly synanyşyklaryna garamazdan, hiç kim jogap bermedi.


Azatlygyň Türkiýedäki çeşmeleriniň ençemesi bu wakanyň diňe türkmenleriň däl, eýsem türkleriň arasynda hem “sarsgyn” döredendigini aýdýar. Olar bu waka barada adamlaryň hem ikiçäk söhbetdeşliklerde, hem-de sosial ulgamlardaky ýazgylarda gürrüň edýändigini-de bellediler.


Türkiýede ýaşaýan türkmenistanly aktiwist Dürsoltan Taganowa Azat Ýewropar/Azatlyk Radiosynyň Gyrgyz gullugyna beren maglumatynda ençeme ýyllap watanyna dolanyp bilmeýän türkmenistanly migrantlaryň käbiriniň psihiki ýagdaýynyň ýaramazdygyny aýtdy.




“Psihologiki şikes alan türkmen raýatlary hatda watanynda-da hünärmenlere [lukmançylyk kömegine] ýüz tutmaýarlar. Daşary ýurtlarda ýaşaýan migrantlar üçin bu iki esse kyn. Izmirdäki wakanyň gabanjaňlyk sebäpli bolandygyny eşitdim. 10-15 ýyllap watanyna syýahat etmän, bu ýerde işläp ýören türkmenler bar” diýip, Taganowa aýtdy.


Türkiýede türkmenistanly zenanlar esasan öý hyzmatçysy bolup işleýärler, garrylara we syrkawlara ideg edýärler ýa-da kiçi çagalara seredýärler. Erkek migrantlar esasan awtoýuwalgalarda, gurluşyklarda ýa-da motokurýer bolup işleýärler. Bular agyr we gazançlary az işler hasaplanylýar.


Iki ýurduň arasynda 15 ýyl dowam eden 30 günlük wizasyz syýahat düzgüni döwründe Türkiýe türkmen raýatlarynyň zähmet migrasiýasy üçin saýlap alýan esasy ugurlarynyň birine öwrüldi. Türkiýe geçen ýyl Aşgabadyň haýyşy esasynda türkmenistanlylar üçin wizasyz syýahat düzgünini ýatyrdy. Muňa garamazdan, Türkmenistanda dowam edýän ýiti ykdysady kynçylyklaryň we giň ýaýran işsizligiň arasynda, Türkiýe henizem türkmen raýatlary üçin özüne çekiji ugur bolmagynda galýar.


Türk Migrasiýa edarasynyň 15-nji iýunda çap eden täze sanlaryna görä, häzirki wagtda 213 müňe golaý türkmenistanly kanuny esasda Türkiýede ýaşaýar. Ýöne hukuk goraýjy toparlar we türkmenistanly synçylar Türkiýedäki türkmenleriň hakyky sanynyň bu görkezijiden ençeme esse köpdügini aýdýarlar.


Türk metbugatynda jenaýatyň pidasy bolan ýa jenaýata baş goşan, ýa-da gümürtik ýagdaýda ölen türkmenistanlylar barada ýygy-ýygydan maglumat peýda bolýar.


Türkmen hökümeti we metbugat serişdeleri daşary ýurtlarda kanuny ýa bikanun ýagdaýda ýaşaýan türkmenistanlylar, olaryň ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklary hakynda maglumat bermeýärler.




Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.




Загрузка...

Читайте на сайте

Другие проекты от 123ru.net








































Другие популярные новости дня сегодня


123ru.net — быстрее, чем Я..., самые свежие и актуальные новости Вашего города — каждый день, каждый час с ежеминутным обновлением! Мгновенная публикация на языке оригинала, без модерации и без купюр в разделе Пользователи сайта 123ru.net.

Как добавить свои новости в наши трансляции? Очень просто. Достаточно отправить заявку на наш электронный адрес mail@29ru.net с указанием адреса Вашей ленты новостей в формате RSS или подать заявку на включение Вашего сайта в наш каталог через форму. После модерации заявки в течении 24 часов Ваша лента новостей начнёт транслироваться в разделе Вашего города. Все новости в нашей ленте новостей отсортированы поминутно по времени публикации, которое указано напротив каждой новости справа также как и прямая ссылка на источник информации. Если у Вас есть интересные фото Вашего города или других населённых пунктов Вашего региона мы также готовы опубликовать их в разделе Вашего города в нашем каталоге региональных сайтов, который на сегодняшний день является самым большим региональным ресурсом, охватывающим все города не только России и Украины, но ещё и Белоруссии и Абхазии. Прислать фото можно здесь. Оперативно разместить свою новость в Вашем городе можно самостоятельно через форму.



Новости 24/7 Все города России




Загрузка...


Топ 10 новостей последнего часа






Персональные новости

123ru.net — ежедневник главных новостей Вашего города и Вашего региона. 123ru.net - новости в деталях, свежий, незамыленный образ событий дня, аналитика минувших событий, прогнозы на будущее и непредвзятый взгляд на настоящее, как всегда, оперативно, честно, без купюр и цензуры каждый час, семь дней в неделю, 24 часа в сутки. Ещё больше местных городских новостей Вашего города — на порталах News-Life.pro и News24.pro. Полная лента региональных новостей на этот час — здесь. Самые свежие и популярные публикации событий в России и в мире сегодня - в ТОП-100 и на сайте Russia24.pro. С 2017 года проект 123ru.net стал мультиязычным и расширил свою аудиторию в мировом пространстве. Теперь нас читает не только русскоязычная аудитория и жители бывшего СССР, но и весь современный мир. 123ru.net - мир новостей без границ и цензуры в режиме реального времени. Каждую минуту - 123 самые горячие новости из городов и регионов. С нами Вы никогда не пропустите главное. А самым главным во все века остаётся "время" - наше и Ваше (у каждого - оно своё). Время - бесценно! Берегите и цените время. Здесь и сейчас — знакомства на 123ru.net. . Разместить свою новость локально в любом городе (и даже, на любом языке мира) можно ежесекундно (совершенно бесплатно) с мгновенной публикацией (без цензуры и модерации) самостоятельно - здесь.



Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net