AÖB-niň Türkmenistandaky täze strategiýasyny işläp düzýändigi aýdylýar
AÖB-niň wise-prezidenti Şisin Çen Türkmenistanda eden bäş günlük saparynyň çäginde AÖB-niň dolandyryjysy, Türkmenistanyň Merkezi bankynyň başlygy Toýly Mälikow, wise-premýerler Baýmyrat Annamämmedow, Hojamyrat Geldimyradow, Ministrler kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň baş direktory Mämmethan Çakyýew we beýleki resmiler bilen duşuşdy diýip, habarda bellenýär.
Şeýle-de, bankyň 2024-2028-nji ýyllar üçin Ýurt hyzmatdaşlygy strategiýasynyň kiçi we orta kärhanalara, döwlet-hususy hyzmatdaşlygyna, sanly tehnologiýalara, gün energiýasyny ösdürmäge we suw pudagyny goldamaga gönükdiriljekdigi, AÖB-niň 2000-nji ýyldan bäri Türkmenistana takmynan 635 million ABŞ dollaryny bölüp berendigi aýdylýar.
Habarda aýdylmagyna görä, AÖB-niň wise-prezidenti sapar wagtynda milli elektrik toruny güýçlendirmek, dört sebitde dört sany täze we üç sany köne podstansiýalary giňeltmek üçin düzülen taslamalaryň durmuşa geçirilişi bilen tanyşdy.
Mundan başga, habarda AÖB-niň Türkmenistanda demir ýol ulgamlaryny döwrebaplaşdyrmak taslamasy bilen gyzyklanýandygy ýaňzydylýar.