Aşgabatda daşky gurşaw boýunça halkara maslahat geçirilýär
“Turkmen Forum” hojalyk jemgyýeti bilen milli energiýa kompaniýalarynyň gurnan maslahatyna 20 ýurtdan 800-den gowrak wekiliýet toplandy.
Bu habar Türkmenistanyň nebit-gaz pudagyndan howa goýberilýän metan zyňyndylarynyň howa ýetirip biljek täsirleri barada çykýan habarlaryň gürelen wagtyna gabat geldi. Emma türkmen metbugaty bu maglumatlary çap etmeýär we hökümetiň daşky gurşaw meselelerine, hususan-da metanyň we onuň bilen baglanyşykly gaz zyňyndylaryň azaldylmagyna aýratyn üns berýändigini nygtaýar.
Habarda bellenmegine görä, bu hili maslahat her ýylda geçirilýär.
Oňa CNPC, BP, “Exxon Mobil”, “Petronas”, ADNOC, “Mitro International”, “Buried Hill”, NAPECO, “Dragon Oil”, ENI we “Lukoil” ýaly halkara kompaniýalarynyň wekilleriniň, Halkara Energetika Guramasy (IRENA), Global Gaz Merkezi, Gaz eksport edýän ýurtlar forumy, Nebit inženerler jemgyýeti, Energetika Hartiýasynyň Sekretariaty ýaly halkara nebit we gaz guramalarynyň gatnaşjakdygy habar berildi.