Добавить новость
World News in Turkmen





160*600

Новости сегодня на DirectAdvert

Новости сегодня от Adwile

Актуальные новости сегодня от ValueImpression.com


Опубликовать свою новость бесплатно - сейчас


‘Hökümet başlygynyň kazylary wezipä bellemegi häkimiýetleriň bölünişigine kölege salýar'

Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow 12-nji iýunda ýurduň kazyýetlerine kazylary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak baradaky permana gol çekdi.


Prezidentiň permanyna laýyklykda, Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynda, Mary sebitiniň welaýat kazyýetinde, Mary şäherinde we Baýramaly etrabynda hem-de Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynda kazylar çalşyldy. Şeýle-de, prezidentiň permany bilen, Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň prezidiumynyň düzümine täze kazy girizildi. Galyberse-de, Ahal welaýat kazyýetiniň başlygy wezipesinden boşadyldy.


Türkmenistanyň Konstitusiýasy kazylaryň garaşsyzlygyny kepillendirýär, kazyýet häkimiýetiniň diňe kanuna we Konstitusiýa tabyndygyny aýdýar. Şeýle-de, baş kanuna laýyklykda, Türkmenistanda döwlet häkimiýeti kanun çykaryjy, ýerine ýetiriji we kazyýet häkimiýetlerine bölünýär. Olar, kanuna görä, biri-birinden garaşsyz, özbaşdak hereket etmeli, we biri-birinde deňagramlaşdyrmaly.


Türkmenistanda prezident döwlete we ýerine ýetiriji häkimiýete ýolbaşçylyk edýär.


Synçylar ýerini ýetiriji häkimiýetiň başlygynyň kazylary wezipä bellemeginiň häkimiýetleriň bölünişigi ýörelgesine gabat gelmeýändigini we bu ýagdaýyň kazylaryň garaşsyzlygyna kölege salýandygyny aýdýarlar.




“Kazyýet kazylarynyň hut prezident tarapyndan wezipe bellenilmeginiň özi eýýäm döwlet häkimiýetiniň ýerine ýetiriji edarasy bilen kazyýet häkimiýetiniň arasynda ýeterlik derejede bölünişigiň ýokdugyny görkezýär” diýip, Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Merkezi Aziýa meseleleri boýunça synçysy Brýus Panniýer 13-nji iýunda Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda aýtdy,


Ynsan hukuklaryny goraýjy halkara guramalar öz hasabatlarynda Türkmenistanda kazyýetiň garaşsyz däldigini, kazyýet diňlenişikleriniň adalatly geçirilmeýändigini belleýärler.


Panniýer Türkmenistanda kazyýet işiniň köplenç prokurorlaryň gelen netijesini kanunylaşdyrmak üçin ulanylýandygyny, adyl we garaşsyz kazyýetleriň ýokdygyny aýdýar.


“Kazylar sözüň doly manysynda kazy däl, olar prokuratura prosesiniň bir parçasy bolup hyzmat edýärler. Prokuror aýyplama bildirýär, kazy hem karar kabul edýär. Türkmen kazyýetine işi düşen adam, eýýäm günäkär bolýar. Men hiç haçan türkmen kazyýetinde aklanan adam barada eşidip görmedim. Türkmenistanda kazyýete çykarylan adam eýýäm günäkär hasap edilýär, bigünälik prezumpsiýasy ýok” diýip, Panniýer aýtdy.


Konstitusiýa laýyklykda, Türkmenistanda her kime at-abraýynyň we mertebesiniň, şeýle hem kanunlarda göz öňünde tutulan hukuklarynyň we azatlyklarynyň kazyýet goragy kepillendirilýär. Ýöne synçylar ýurtda kazylaryň diňe “günä bildirilýän adamyň jezasyny tassyklamak üçin” ulanylýandygyny nygtaýarlar.


“Aýdyşym ýaly, Türkmenistanda kazylar köplenç prokurorlaryň hatarynda iş ýöredýärler. Olar aýyplama bildirilýän adama garşy döwletiň gozgan işiniň bir parçasy bolup hyzmat edýärler. Kazylar günä bildirilýän adamyň günäsini tassyklamak üçin, sud işini legitimleşdirmek üçin, hamala, ‘ähli subutnamalar gözden geçirilenden soň, pylany günäli tapyldy’ diýmek üçin ulanylýar. Ýöne bu garaşsyz höküm bolmaýar, ahbetin!” diýip, Merkezi Aziýa meseleleri boýunça synçy aýtdy.




“Türkmenistanda günä bildirilýän adamyň entek kazyýet işi başlamanka, kazyýete getirilen adamyň günäli tapylýandygyny hemmeler bilýär” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.


Kanunçylyga görä, kazyýetiň ähli işi kanunylygy, adalatlylygy we hukuk tertibini üpjün etmäge, raýatlaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň, namysynyň we mertebesiniň goralmagyna, hukuk düzgüniniň bozulmalaryna elten sebäpleriň we şertleriň aradan aýrylmagyna gönükdirilendir.


Türkmenistanda kazylar prezident tarapyndan wezipä bellenilýär we boşadylýar.


“Kanun çykaryjy, ýerine ýetiriji we kazyýet häkimiýetleriniň arasynda häkimiýetleriň bölünişiginiň bar ýerinde, ýagny ideal ýagdaýda, kazy wezipesine hödürlenýän adamlaryň hünär derejesi, iş tejribesi, ukyplary kazyýetäki ýörite komitetler ýa-da toparlar tarapyndan gözden geçirilýär, baha berilýär” diýip, Panniýer aýtdy.


“Kazyýet hakynda” Türkmenistanyň kanunyna laýyklykda, Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň prezidiumyna girýän kazylaryň düzümi Ýokary kazyýetiň başlygy tarapyndan hödürlenýär, prezident tarapyndan tassyklanýar.


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.


Загрузка...

Читайте на сайте

Другие проекты от 123ru.net








































Другие популярные новости дня сегодня


123ru.net — быстрее, чем Я..., самые свежие и актуальные новости Вашего города — каждый день, каждый час с ежеминутным обновлением! Мгновенная публикация на языке оригинала, без модерации и без купюр в разделе Пользователи сайта 123ru.net.

Как добавить свои новости в наши трансляции? Очень просто. Достаточно отправить заявку на наш электронный адрес mail@29ru.net с указанием адреса Вашей ленты новостей в формате RSS или подать заявку на включение Вашего сайта в наш каталог через форму. После модерации заявки в течении 24 часов Ваша лента новостей начнёт транслироваться в разделе Вашего города. Все новости в нашей ленте новостей отсортированы поминутно по времени публикации, которое указано напротив каждой новости справа также как и прямая ссылка на источник информации. Если у Вас есть интересные фото Вашего города или других населённых пунктов Вашего региона мы также готовы опубликовать их в разделе Вашего города в нашем каталоге региональных сайтов, который на сегодняшний день является самым большим региональным ресурсом, охватывающим все города не только России и Украины, но ещё и Белоруссии и Абхазии. Прислать фото можно здесь. Оперативно разместить свою новость в Вашем городе можно самостоятельно через форму.



Новости 24/7 Все города России




Загрузка...


Топ 10 новостей последнего часа






Персональные новости

123ru.net — ежедневник главных новостей Вашего города и Вашего региона. 123ru.net - новости в деталях, свежий, незамыленный образ событий дня, аналитика минувших событий, прогнозы на будущее и непредвзятый взгляд на настоящее, как всегда, оперативно, честно, без купюр и цензуры каждый час, семь дней в неделю, 24 часа в сутки. Ещё больше местных городских новостей Вашего города — на порталах News-Life.pro и News24.pro. Полная лента региональных новостей на этот час — здесь. Самые свежие и популярные публикации событий в России и в мире сегодня - в ТОП-100 и на сайте Russia24.pro. С 2017 года проект 123ru.net стал мультиязычным и расширил свою аудиторию в мировом пространстве. Теперь нас читает не только русскоязычная аудитория и жители бывшего СССР, но и весь современный мир. 123ru.net - мир новостей без границ и цензуры в режиме реального времени. Каждую минуту - 123 самые горячие новости из городов и регионов. С нами Вы никогда не пропустите главное. А самым главным во все века остаётся "время" - наше и Ваше (у каждого - оно своё). Время - бесценно! Берегите и цените время. Здесь и сейчас — знакомства на 123ru.net. . Разместить свою новость локально в любом городе (и даже, на любом языке мира) можно ежесекундно (совершенно бесплатно) с мгновенной публикацией (без цензуры и модерации) самостоятельно - здесь.



Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net