Bişkekde köpçülikleýin tutda-baslyk geçirilýär
Azatlyk radiosynyň Gyrgyz gullugynyň çeşmeleriniň maglumatyna görä, Milli howpsuzlyk boýunça Döwlet komitetiniň işgärleri eýýäm 10 töweregi adamy tussag edipdir.
Ýörite gulluklar häzirlikçe adamlaryň tutulýandygy baradaky habarlara resmi düşündiriş bermedi.
Biraz öň internetde ýörite gulluklaryň işgärleriniň lybasyndaky adamlaryň howlukmaç öýe girişini görkezýän wideolar peýda boldy.
Başga bir wideoýazgyda bolsa olar bir awtoulagy saklap, bir adamyň eline gandal urýarlar. Wideonyň hakykylygyny barlamak mümkin bolmady. Häzirlikde kimiň tussag edilendigi barada maglumat ýok.