Putin Günorta Afrikada geçiriljek BRICS sammitine çakylyk kabul etdi
BRICS ýurtlarynyň ählisi (Braziliýa, Russiýa, Hindistan, Hytaý we Günorta Afrika) 22-24-nji awgustda Ýohannesburgda geçirilmegi meýilleşdirilýän sammite gatnaşmak üçin çakylyk kabul etdiler diýip, Günorta Afrikanyň daşary işler ministri Naledi Pandor BRICS daşary işler ministrleriniň 1-nji iýundaky ýygnagynda aýtdy.
Sammitiň hususan-da şu ýyl syýasy ýüki ýetik boldy, sebäbi, Halkara jenaýat kazyýeti (HJK) mart aýynda Putini tussag etmek barada order çykardy.