NATO Kosowa has köp esger iberer, ABŞ Pristinanyň harby türgenleşiklerini togtatdy
NATO-nyň baş sekretary Jens Stoltenberg 30-njy we 29-njy maý günleri bolan çaknyşykdan soň NATO goşunlarynyň “Kosowadaky raýatlaryň ählisiniň howpsuzlygyny we abadançylygyny üpjün etmek üçin zerur bolan ähli çäräni görjekdigini” duýdurdy.
KFOR güýçleriniň 30-a golaý agzasy ýaralandy diýip, KFOR-yň, NATO-nyň ýolbaşçylygyndaky parahatçylyk güýçleriniň beýanatynda aýdylýar.
Serbiýanyň öňki sebiti bolan Kosowadaky parahatçylygy goraýan güýçler 30-njy maýda Zwekan şäherinde, zorlukly wakalaryň bolan ýerinde, şäher häkimliginiň binasyny möhürledi.
ABŞ-nyň Kosowadaky ilçisi Jeffri Howenier kosowa häkimiýetleriniň Zwekanda we ýene iki şäherde, etniki-serb azlyklarynyň şäheri bolan Leposawikde we Zubin Potokda alban häkimlerini zor bilen bellemek kararynyň Kosowanyň abraýyna ýaramaz täsir edendigini we Kosowa bilen Serbiýanyň arasyndaky gatnaşyklary kadalaşdyrmak ugrunda edilen tagallalara zyýan ýetirendigini aýtdy.