Добавить новость
World News in Turkmen





160*600

Новости сегодня на DirectAdvert

Новости сегодня от Adwile

Актуальные новости сегодня от ValueImpression.com


Опубликовать свою новость бесплатно - сейчас


Berdimuhamedowyň Tähran saparynyň fonunda, eýran türkmenleri özlerine arka çykylmaýandygyny aýdýar

Türkmenistanyň Halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 30-njy maýda iş sapary bilen Tährana bardy. Bu barda Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi (TDH) habar berýär.


Iki ýurduň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri Tähranda geçirilýän duşuşyklarda “syýasy, ykdysady we medeni ulgamlardaky hyzmatdaşlygyň dürli ugurlarynyň” ara alnyp maslahatlaşylýandygyny habar berýär.


Eýranda, dürli çaklamalara görä, iki milliondan gowrak etniki türkmen ýaşaýar. Türkmen ilatynyň wekilleri Eýranda özleriniň dürli kynçylyklara, şol sanda türkmen diliniň çäklendirilmegi, türkmen ilatynyň demografik gurluşynyň eýran häkimiýetleri tarapyndan bilkastlaýyn üýtgedilmäge synanyşylmagy, başga milletleriň wekilleriniň türkmenleriň arasyna göçürilip getirilmegi we olaryň ýerleriniň ellerinden alynmagy ýaly basyşlara sezewar bolýandygyny aýdýarlar.


Öňki prezident Gurbanguly Berdimuhamedow ýanwar aýynda Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan “türkmen halkynyň milli lideri” yglan edildi. Eýran türkmenleriniň wekilleri, “türkmenleriň milli lideriniň” serhetden aňyrda ýaşaýan türkmen ilatyna gol uzatmaýandygyny, arka çykmaýandygyny aýdýarlar.




Azatlyk Radiosy 30-njy maýda türkmen lideriniň Eýrana amala aşyrýan iş sapary bilen baglylykda asly eýran türkmenlerinden bolan alym we ýazyjy Abdyrahman Düýeji bilen söhbetdeşlik geçirdi.


“Saparmyrat Nyýazow häkimiýet başyna gelenden soňra, garaşsyzlygyň ilkinji ýyllarynda [Eýranda ýaşaýan] etniki türkmenlere ähmiýet berýärdi. Ol öz döwründe Eýrana geleninde, türkmenleriň arasyna-da sapar etdi, Türkmensähramyza geldi. Türkmensähranyň merkezi şäheri bolan Kümmede [Kümmet Howuz] geldi. Onsoň, ol Magtymgulynyň Aktokaýdaky mazarynyň başyna bardy, ýardam etdi. Ol şonda türkmenleri gaty begendirdi. Onuň özi hem täsirlenendir. Şondan soň, sapar bolmady. Türkmenbaşynyň gowy tarapy, erbet tarapy bolandyr, ýöne her näme-de bolsa, Alla rehmet eýlesin, geçdi gitdi! Türkmenistanyň ikinji prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow häkimiýet başyna geçenden soňra, türkmenler aýraçylyga, ozal hem bar bolan aýraçylyga ikinji gezek sezewar boldy” diýip, türkmensähraly alym aýtdy.


Eýran türkmenleri ýurduň türkmen ilatly sebitlerini Türkmensähra atlandyrýarlar.


Türkmenistanyň ilkinji prezidenti Saparmyrat Nyýazow garaşsyzlygyň ilkinji ýyllarynda Eýrana amala aşyran saparynyň çäklerinde eýran türkmenleriniň ýaşaýan sebitlerine baryp gödi. Ýöne bu sapardan soň, ne Nyýazow, ne Gurbanguly Berdimuhamedow, ne-de Serdar Berdimuhamedow Eýrandaky türkmenleriň ýaşaýan sebitlerine sapar edip, türkmenleriň halyndan habar alyp bildi.


Eýran türkmenleriniň wekilleri özleriniň bu ýagdaýa gynanýandyklaryny, türkmen döwletiniň özlerine arka çykmaýandygyny aýdýarlar.




“Türkmensährada türkmenler ýaşaýar. Eýranda iki milliondan gowrak türkmen ýaşaýar. Biziň taryhymyz bir, hemme zadymyz bir, arada diňe serhet bar. Ýok. [Türkmen prezidentleri] eýran türkmenleriniň ýaşaýan sebitlerine sapar etmeýärler. Ýöne sapar etmände-de, başga usullar bilen goldaw berip bolardy. Medeni-ynsanperwer ugurlarda ýardam berip bilerdiler. Ýa-da meselem şu wagtlar [Eýranda] türkmenleriň demografiki gurluşyny üýtgetmäge synanyşýarlar, başga ýerlerden başga milletleriň wekillerini göçürip getirýärler, ýa-da bolmasa, türkmenleriň ýerleri ellerinden alynýar, zulum edilýär, türkmen diliniň öwredilmegini rugsat berilmeýär, umuman, ýok etjek bolýarlar. Şeýle kynçylyklaryň garşysynda, [hamala, eýran türkmenlerine arka çykjak] hiç hili döwlet ýok ýaly” diýip, eýran türkmenleriniň wekili Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.


Asly türkmensähraly alym häzirki wagtda Türkiýede ýaşaýar. Ol türkmen döwletiniň Eýranda ýaşaýan türkmen ilatyna arka çykmaýşyny tankyt edýär.


“Şu wagt şonuň [Gurbanguly Berdimuhamedowyň] Eýrana amala aşyrýan saparynyň biziň üçin hiç hili ähmiýeti ýok. Biziň üçin, hamala, orus gelýän ýaly. Sebäbi bu saparyň türkmenler bilen baglanyşykly ýeri ýok. Olar [türkmen we eýran resmileri] öz aralaryndaky gatnaşyklary, söwda gatnaşyklaryny, Hazar deňziniň hukuk meselelerini, gaz geçirjileri we beýlekileri ara alyp maslahatlaşýandyrlar. Ol daşary ýurtlularyň hatarynda Eýran yslam jumhuriýeti bilen gatnaşyklary maslahat edip gider” diýip, eýran türkmenleriniň wekili aýtdy.


Media maglumatlaryna görä, Eýran şu günler Türkmenistandan göni gaz importyny gaýtadan dikeltmegi planlaşdyrýar. Şeýle-de, Eýran 2021-nji ýyldan bäri, swap ylalaşygy esasynda türkmen tebigy gazyny import edip, Azerbaýjana öz gazyny eksport edýär.


Bir ýyl töweregi mundan ozal Gurbanguly Berdimuhamedowyň ogly Serdar Berdimuhamedow özüniň prezident wezipesindäki ikinji daşary ýurt saparyny Russiýadan soň, Eýrana amala aşyrypdy.


Türkiýede ýaşaýan asly eýranly ýazyjy Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşlikde Gurbanguly Berdimuhamedowa “türkmen halkynyň milli lideri” adynyň dakylmagy bilen, onuň diňe bir Türkmenistandaky däl, eýsem, daşary ýurtlarda ýaşaýan türkmen halkynyň wekillerine-de liderlik etmek jogapkärçiligini öz üstüne alandygyny, ýöne bu jogapkärçiligiň ýerine ýetirilmeýändigini aýtdy.




“Türkmen halkynyň milli lideri bolanda, bu aňlatmanyň içinde, birinjilik bilen, ‘türkmen’ sözi bar, türkmenler hem diňe Türkmenistanda däl, bütin dünýäde türkmenler bar, şonuň üçin, türkmenleriň gözi şonda bolýar, türkmenleriň simwoly şol. Ikinjiden hem, bu aňlatmanyň içinde, ‘milli’ diýen söz bar, milli bolanda, ol ýüzleý ýa-da keýpine aýdylýan söz däl. Milletiň liderinde milletiň ruhy bolmaly, milletiň taryhy, milletiň derdi, milletiň geljegi, gany, damary, tutuş milletiň medeni gymmatlyklary, ähli aýratynlary bolmaly” diýip, türkmensähraly alym aýtdy.


Ýöne ol eýran türkmenleriniň türkmen liderinden garaşýan tamalarynyň, edýän umytlarynyň puja çykýandygyny aýtdy.


“Şol sebäpden, [türkmen häkimiýetleri] millilik sözüni ulanmasalar, eger başarsalar, türkmen sözüni hem ulanmasalar, Türkmenistan diýseler, Aşgabat diýseler, ýa başga bir zat diýseler, gowy bolardy. Sebäbi, şonuň ýaly bolsa, biziň hem tamamyz köpelýär, ‘belki bularyň millilige hormaty bardyr’, ‘bütin türkmen halkynyň simwoly bolup, türkmen halkyna lider bolar, baştutanlyk eder’ diýip, garaşýarsyň, ýöne ol hem amala aşmasa, gaýtam tersine, adamlar gynanýar” diýip, Türkmensähra türkmenleriniň wekili Abdyrahman Düýeji aýtdy.


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.


Загрузка...

Читайте на сайте

Другие проекты от 123ru.net








































Другие популярные новости дня сегодня


123ru.net — быстрее, чем Я..., самые свежие и актуальные новости Вашего города — каждый день, каждый час с ежеминутным обновлением! Мгновенная публикация на языке оригинала, без модерации и без купюр в разделе Пользователи сайта 123ru.net.

Как добавить свои новости в наши трансляции? Очень просто. Достаточно отправить заявку на наш электронный адрес mail@29ru.net с указанием адреса Вашей ленты новостей в формате RSS или подать заявку на включение Вашего сайта в наш каталог через форму. После модерации заявки в течении 24 часов Ваша лента новостей начнёт транслироваться в разделе Вашего города. Все новости в нашей ленте новостей отсортированы поминутно по времени публикации, которое указано напротив каждой новости справа также как и прямая ссылка на источник информации. Если у Вас есть интересные фото Вашего города или других населённых пунктов Вашего региона мы также готовы опубликовать их в разделе Вашего города в нашем каталоге региональных сайтов, который на сегодняшний день является самым большим региональным ресурсом, охватывающим все города не только России и Украины, но ещё и Белоруссии и Абхазии. Прислать фото можно здесь. Оперативно разместить свою новость в Вашем городе можно самостоятельно через форму.



Новости 24/7 Все города России




Загрузка...


Топ 10 новостей последнего часа






Персональные новости

123ru.net — ежедневник главных новостей Вашего города и Вашего региона. 123ru.net - новости в деталях, свежий, незамыленный образ событий дня, аналитика минувших событий, прогнозы на будущее и непредвзятый взгляд на настоящее, как всегда, оперативно, честно, без купюр и цензуры каждый час, семь дней в неделю, 24 часа в сутки. Ещё больше местных городских новостей Вашего города — на порталах News-Life.pro и News24.pro. Полная лента региональных новостей на этот час — здесь. Самые свежие и популярные публикации событий в России и в мире сегодня - в ТОП-100 и на сайте Russia24.pro. С 2017 года проект 123ru.net стал мультиязычным и расширил свою аудиторию в мировом пространстве. Теперь нас читает не только русскоязычная аудитория и жители бывшего СССР, но и весь современный мир. 123ru.net - мир новостей без границ и цензуры в режиме реального времени. Каждую минуту - 123 самые горячие новости из городов и регионов. С нами Вы никогда не пропустите главное. А самым главным во все века остаётся "время" - наше и Ваше (у каждого - оно своё). Время - бесценно! Берегите и цените время. Здесь и сейчас — знакомства на 123ru.net. . Разместить свою новость локально в любом городе (и даже, на любом языке мира) можно ежесекундно (совершенно бесплатно) с мгновенной публикацией (без цензуры и модерации) самостоятельно - здесь.



Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net