Serdar Berdimuhamedow ABŞ-nyň prezidentiniň wekili Jon Kerri bilen telefonda gürleşdi
Taraplar iki ýurduň bu ugurdaky pozisiýalaryny deňeşdirip, howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly hereketler boýunça pikir alyşdylar.
Şunuň bilen baglylykda, ählumumy ekologik meseleleri çözmek we daşky gurşawy senagat ösüşiniň depginleri bilen bagly antropogen ýagdaýlaryň oňaýsyz täsirinden goramak babatynda Türkmenistanyň garaýyşlary beýan edildi.
Telefon söhbetdeşligi amerikan tarapynyň başlangyjy boýunça geçirildi diýip, habarda bellenýär.
Türkmenistan energiýa pudagyndan howa goýberýän zyýanly gazlarynyň köp bolmagy sebäpli tankyt edilýär.