Blinken Azerbaýjanyň prezidentini Laçyn koridorynyň açylmagyny çagyrýar
Döwlet departamentiniň metbugat sekretary Matthew Milleriň maglumatyna görä, Blinken Azerbaýjanyň Laçyn koridorynda barlag nokadyny gurmagyna Birleşen Ştatlaryň çuňňur aladasyny bildirdi we munuň parahatçylyk prosesine ynam döretmek tagallalaryna zyýan ýetirýändigini aýtdy.
Blinken Azerbaýjan bilen Ermenistanyň arasyndaky parahatçylyk gepleşikleriniň möhümdigini aýtdy we ABŞ-nyň dowamly goldawyny wada berdi diýip, Milleriň beýanatynda aýdylýar.