Pentagon: Russiýanyň ýadro ýaraglaryny ulanmak planlary barada maglumat ýok
Russiýa Belarusda taktiki ýadro ýaraglaryny ýerleşdirmegi yglan edeninden soň, ABŞ-nyň Goranmak departamenti 25-nji martda Moskwanyň ýadro ýaraglaryny ulanmaga taýýarlandygyny görkezýän alamatlaryň ýokdugyny aýtdy.
"Biz Russiýanyň eden beýanaty baradaky habarlary gördük we bu ýagdaýa gözegçilik etmegi dowam etdireris" diýip, Pentagon aýtdy.
"Biz öz strategiki ýadro ýagdaýymyzy üýtgetmek üçin hiç hili sebäp ýa-da Russiýanyň ýadro ýaragyny ulanmaga taýýardygyny görkezýän hiç bir alamat görmedik. Biz NATO bileleşiginiň köpçülikleýin goragyna ygrarly bolmagymyzda galýarys” diýip, beýanatda aýdylýar.