Добавить новость
World News in Turkmen





160*600

Новости сегодня на DirectAdvert

Новости сегодня от Adwile

Актуальные новости сегодня от ValueImpression.com


Опубликовать свою новость бесплатно - сейчас


Aşgabatda täze stomatologiýa merkezi gurulýar, Lebapdaky diş merkezlerine ýarym asyr boldy

15-nji martda Aşgabatda guruljak döwrebap lukmançylyk desgalarynyň birbada üçüsiniň düýbüni tutmak dabarasy geçirildi. Olaryň arasynda Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkezi, Halkara pediatriýa merkezi, şeýle-de Stomatologiýa merkezi hem bar. Dabara Halk maslahatynyň başlygy, asyl käri boýunça diş lukmany bolan Gurbanguly Berdimuhamedow hem gatnaşdy.


Şol bir wagtda, habarçylarymyz paýtagtdan tapawutlykda, sebitlerde, beýleki saglyk edaralary bilen birlikde, stomatologiýa merkezleriniň ýagdaýynyň gözgynydygyny, hyzmatlaryň bahalarynyň hem köpler üçin juda gymmatdygyny aýdýarlar.


Lebabyň dolandyryş merkezi Türkmenabatda döwletiň eýeçiligindäki üç sany, ýagny Lebap welaýat stomatologiýa merkezi, onuň çägindäki Çagalar merkezi, şeýle-de ‘Melhem’ atly stomatologiýa merkezi hereket edýär. Olaryň üçüsi-de baryp 1960-1970-nji ýyllarda bina edildi.


“Bu merkezleriň diwarlarynyň reňki solup, şpaklýowkasy gopup ýatyr. Merkezleriň içiniň oturgyç, tagta ýaly esbaplary, galyberse-de medisina enjamlary onlarça ýyl täzelenmändir. Bir mysal, rentgen otagynda äňiň suratyny entek 1965-nji ýylda öndürilen abzal bilen alýarlar” diýip, ýakynda stomatologiýa merkezinde bejergi alan türkmenabatly gürrüň berdi.


Söhbetdeşimiziň howpsuzlygy jähtinden onuň şahsyýetini açyp biljek maglumatlar we käbir jikme-jikler aýan edilmeýär.




Ýatlatsak ýurtda resmi ýagdaýda aglaba döwletiň eýeçiligindäki stomatologiýa merkezleri hereket edýär. 2013-nji ýylda hususy diş lukmanlaryň kabinetleri lisenziýasyz işlemekde aýyplanyp, ýapylypdy.


Emma döwletiň eýeçiliginde bolmagynda hem garamazdan, stomatologiýa hyzmatlarynyň köpüsi entegem ilat köpçüligine elýeter däl.


“Dişiňe seretdirmäge baranyňda, lukman ilki bilen Saglyk ätiýaçlandyryşynyň peýdasynyň bolmajakdygyny duýdurýar. Ýogsa medisina ätiýaçlandyryş kitapçasy bilen näsagyň tölegleri ençeme esse arzan bolmaly. Garaz, rentgen üçin 50 manat we bir plomba üçin 300 manat töleg kesdiler” diýip, 40 ýaşlaryndaky söhbetdeşimiz gürrüň berdi.


Lukmanlar bu ýagdaýlaryň özlerine bagly däldigini, soňky birnäçe ýyl bäri dowam edýän ykdysady krizisiň arasynda, ähli gerekli enjamlary öz hasaplaryna satyn almaly bolýandyklaryny aýdýarlar.


“Stomatologlar gerekli dermanlary we gurallary, diş üçin plastmassalary, keramika massalaryny, plombalamak üçin serişdeleri, hatda ellikleri hem öz hasaplaryna satyn alýarlar. Munuň üstüne, her bir stomatolog aýda döwlete 15 müň manat möçberine plan tabşyrmaly. Biz öz zyýanymyza işläp biljek däl” diýip, türkmenabatly diş lukmanlarynyň biri gürrüň berdi.




Bu aralykda, sebitde diňe çagalar üçin diş merkezinde mugt hyzmatlar göz öňünde tutulyp, öýsüz daşarda galan ýa-da maýyplyk derejeli maddy ýagdaýy agyr bolan raýatlara tölegsiz hyzmatlar hödürlenmeýär.


Emma Türkmenabadyň Çagalar stomatologiýa merkezinde 14 ýaşa çenli çagalara niýetlenen ‘mugt’ diýilýän hyzmatlar üçin hem näresmi çykdajy etmeli bolýar.


“Lukmanyň ulanjak sanjymlaryny öz ýanyň bilen getirmeli. Mundan başga-da, ‘el haky’ diýip lukmanyň jübüsine hökmany 50 manat goýaýmaly. Bu eýýäm özboluşly bir däbe öwrülipdir” diýip, ýakynda çagasynyň dişine seretdiren beýleki bir söhbetdeşimiz aýtdy.


Şol bir wagtda, ol bu merkezde goşmaça pula has döwrebap bir otagyň hem bardygyny, ol ýerde ulanylýan dermandyr serişdeleriň hem degişlilikde has täzedigini aýtdy. Söhbetdeşimiz munuň näresmi ýagdaýda hereket edýändigini belledi.


“Bu merkezdäki adaty stomatologiýa otagyndaky oturgyç 1980-nji ýylda öndürilipdir. Onuň daşynyň örtgüsi hem tozup, birnäçe ýerinden ýamalypdyr. Ýöne goşmaça näresmi töleg üçin aýratyn bir otag bar. Ol ýere nobatsyz goýberýärler we has gowy bejergi berýärler” diýip, söhbetdeşimiz aýtdy.


Ýokarda gürrüňi edilen ýagdaýlar boýunça ady agzalan stomatologiýa merkezlerinden, galyberse-de Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginden kommentariýa almak başartmady.



Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.


Загрузка...

Читайте на сайте

Другие проекты от 123ru.net








































Другие популярные новости дня сегодня


123ru.net — быстрее, чем Я..., самые свежие и актуальные новости Вашего города — каждый день, каждый час с ежеминутным обновлением! Мгновенная публикация на языке оригинала, без модерации и без купюр в разделе Пользователи сайта 123ru.net.

Как добавить свои новости в наши трансляции? Очень просто. Достаточно отправить заявку на наш электронный адрес mail@29ru.net с указанием адреса Вашей ленты новостей в формате RSS или подать заявку на включение Вашего сайта в наш каталог через форму. После модерации заявки в течении 24 часов Ваша лента новостей начнёт транслироваться в разделе Вашего города. Все новости в нашей ленте новостей отсортированы поминутно по времени публикации, которое указано напротив каждой новости справа также как и прямая ссылка на источник информации. Если у Вас есть интересные фото Вашего города или других населённых пунктов Вашего региона мы также готовы опубликовать их в разделе Вашего города в нашем каталоге региональных сайтов, который на сегодняшний день является самым большим региональным ресурсом, охватывающим все города не только России и Украины, но ещё и Белоруссии и Абхазии. Прислать фото можно здесь. Оперативно разместить свою новость в Вашем городе можно самостоятельно через форму.



Новости 24/7 Все города России




Загрузка...


Топ 10 новостей последнего часа






Персональные новости

123ru.net — ежедневник главных новостей Вашего города и Вашего региона. 123ru.net - новости в деталях, свежий, незамыленный образ событий дня, аналитика минувших событий, прогнозы на будущее и непредвзятый взгляд на настоящее, как всегда, оперативно, честно, без купюр и цензуры каждый час, семь дней в неделю, 24 часа в сутки. Ещё больше местных городских новостей Вашего города — на порталах News-Life.pro и News24.pro. Полная лента региональных новостей на этот час — здесь. Самые свежие и популярные публикации событий в России и в мире сегодня - в ТОП-100 и на сайте Russia24.pro. С 2017 года проект 123ru.net стал мультиязычным и расширил свою аудиторию в мировом пространстве. Теперь нас читает не только русскоязычная аудитория и жители бывшего СССР, но и весь современный мир. 123ru.net - мир новостей без границ и цензуры в режиме реального времени. Каждую минуту - 123 самые горячие новости из городов и регионов. С нами Вы никогда не пропустите главное. А самым главным во все века остаётся "время" - наше и Ваше (у каждого - оно своё). Время - бесценно! Берегите и цените время. Здесь и сейчас — знакомства на 123ru.net. . Разместить свою новость локально в любом городе (и даже, на любом языке мира) можно ежесекундно (совершенно бесплатно) с мгновенной публикацией (без цензуры и модерации) самостоятельно - здесь.



Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net