Hukuk goraýjylar BMG-niň Komitetine alternatiw hasabatlaryny hödürlediler
Düzgüne laýyklykda, BMG-niň komitetiniň garamagyna ýurtdaky adam hukuklarynyň ýagdaýy barada taýýarlanan resmi hasabatlar we jemgyýetçilik guramalary tarapyndan taýýarlanan hasabatlar iberilýär.
27-nji fewralda Raýat we syýasy hukuklar baradaky halkara şertnamanyň bu ýurtlarda durmuşa geçirilişine seredildi.
Türkmenistandaky ýagdaý barada alternatiw hasabat taýýarlan üç guramanyň wekilleri, Adam hukuklaryny goraýan “Türkmen inisiatiwasyndan” Farid Tuhbatullin, “Türkmen news” neşiriniň ýolbaşyçy Ruslan Mätiýew, Iýegowa şaýatlarynyň Ýewropa bileleşiginiň wekili çykyş etdi.
"Türkmen inisitiwasy" halkara adam hukuklary guramalary bolan IPHR we Pagta Kampaniýasy bilen bilelikde alternatiw hasabatlary taýýarlamaga gatnaşdy diýip, habarda bellenýär.
Hasabatlar bilen şu ýerde tanşyp bilersiňiz.