Türkmenistanda ýene kyrka golaý döwlet desgasy satuwa çykaryldy
Şeýle-de, dükanlar, kafeler, naharhanalar we saglyk merkezi, dolandyryş binalary, haly fabrigi we önümçilik desgalary satuwa çykarylar.
Bäsleşikli söwdalar 17-nji martda sanly platformanyň, ýagny www.е.fineconomic.gov.tm saýtynyň we bu platformanyň mobil goşundysynyň üsti bilen geçiriler.
Türkmenistanda döwlet serişdelerine gurlan desgalaryň we binalaryň yzygiderli satuwa çykarylýandygy habar berilýär, ýöne bu söwdalaryň bazar ykdysadyýetine geçilmeginde, iş ýerleriniň köpelmeginde oýnaýan roly aýdyň bolman galýar.