Добавить новость
World News in Turkmen





160*600

Новости сегодня на DirectAdvert

Новости сегодня от Adwile

Актуальные новости сегодня от ValueImpression.com


Опубликовать свою новость бесплатно - сейчас


Köp çagaly enelerden döwlet sylaglaryny satmajakdyklary barada dilhaty alynýar

Balkan welaýatynda şu ýyl “Ene mähri” diýen hormatly ada hödürlenjek aýallardan ýörite dilhaty alynýar. Olardan döwlet tarapyndan sowgat berlen altyn zynjyrlary we ordenleri, şeýle hem beýleki gymmatbaha sowgatlary satmajakdyklaryna kepil geçmek talap edilýär. Häkimiýetleriň bu çärelerine, bu ada mynasyp bolan käbir eneleriň altyn zynjyrlaryny we ordenlerini satmagy hem-de olaryň türme tussaglygyna höküm edilmegi sebäp bolupdyr. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň sebitdäki habarçysy 21-nji fewralda maglumat berdi.


"Mart aýynyň golaýlamagy bilen, şu günler welaýatyň etraplarynda sekiz we şondan köp çagany dünýä inderen zenanlary “Ene mähri” diýen hormatly ada hödürlemek bilen baglanyşykly işler alnyp barylýar. Gahryman eneler hasaba alynýar" diýip, habarçy aýtdy.


Geçen ýyllardan tapawutlylykda, bu ýyl hasaba alnan enelerden ýörite dilhaty alynýar. Olar dilhatynda döwlet tarapyndan sowgat berlen altyn zynjyrlary we ordenleri, şeýle hem mellek ýerlerini we beýleki gymmatbaha sowgatlary satmajakdyklaryna wada berýärler.




"Aýallar dilhatynda altyn zynjyrlaryň we ordenleriň 'Halkbankda' saklanmagyna garşylyk görkezmeýändiklerini hem aýdýarlar. Onda bularyň diňe zerur bolan halatynda, ýagny döwlet çärelerinde dakynmak üçin wagtlaýyn beriljekdigi bellenýär" diýip, dilhaty bilen tanşan, welaýatyň medeniýet edaralarynyň birinde işleýän çeşmämiz aýtdy.


Ministrler kabinetiniň 17-nji fewralda geçirilen mejlisinde eneleri “Ene mähri” diýen hormatly ada hödürlemek işleriniň dowam edýändigi aýdyldy. Şeýle-de, onda 7-nji martda Halkara zenanlar güni mynasybetli “Ene mähri” diýen hormatly adyna eýe bolanlary sylaglamak dabarasynyň geçiriljekdigi aýdyldy.


2008-nji ýylda öňki prezident, häzir Halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan esaslandyrylan “Ene mähri” diýen hormatly at sekiz we şondan köp çagany dünýä inderen hem-de terbiýeläp ýetişdiren enelere dakylýar. Bu ada her ýyl 250 çemesi ene mynasyp bolýar we olaryň sanawy 8-nji martda bellenilýän Halkara zenanlar gününiň öňüsyrasynda çap edilýär.


Resmi metbugata görä, bu enelere altyn zynjyrlar we ordenler, şeýle hem gymmatbahaly sowgatlar we iň pes aýlygyň on essesi möçberinde pul sylagy hem berilýär. Şeýle-de, käbir enelere döwlet tarapyndan mellek ýerleri we ýaşayş jaýlary hem sowgat berilýär.


Habarçymyzyň maglumatyna görä, h​äkimiýetleriň bu ýyl enelerden dilhaty almagyna, geçen ýyllarda bu ada mynasyp bolan käbir balkanly eneleriň altyn zynjyrlaryny we ordenlerini satmagy sebäp bolupdyr.




"Geçen ýylyň güýzünde Gyzylarbat etrabyndan bir enäniň döwlet tarapyndan sowgat berlen altyn zynjyryny we ordenini satandygynyň üsti açyldy. Bu ene Garaşsyzlyk baýramçylygy üçin döwlet telewideniýesine surata düşürilýän çäreleriň birine çagyrylypdyr. Şonda ondan altyn zynjyryny dakynmak talap edilipdir. Onuň bulary satandygy anyklananda, welaýat medeniýet bölümi we aýallar guramasy "Arkadag adyndan berlen altyny satmagyň uly günä we jenaýatdygyny aýdyp, onuň işini kazyýete geçiripdirler" diýip, çeşmämiz aýtdy.


Onuň sözlerine görä, bu ene özüniň köp çagasynyň bardygyny ýatladyp, pula ýiti mätäçlik çekýändigini, döwlet tarapyndan pul kömeginiň hem bir gezeklik berlendigini düşündirmäge çalşypdyr.


"Kazy bu enäni üç ýyl azatlykdan mahrum etdi" diýip, çeşmämiz belledi.




Azatlykda bu enäniň şahsyýetini we ýaşaýan ýerini aýdyňlaşdyrýan maglumatlar bolsa-da, howpsuzlyk aladalary sebäpli olary köpçülige mälim etmekden saklanýar.


Wakadan soňra welaýatda "Ene mähri" ordeni bilen sylaglanan beýleki eneler hem derňelip başlandy. Bu derňewler Milli howpsuzlyk ministrliginiň we polisiýanyň işgärleri tarapyndan geçirildi.


"Derňewleriň netijesinde başga-da dört enäniň öz altyn zynjyryny we ordenini satandygy anyklandy. Olaryň her biri üç ýyl azatlykdan mahrum edildi. Bu zynjyrlary satyn alan altyn söwdagärlerine garşy hem çäre görüldi. Häzirki ýiti ykdysady şertlerde ýurtda altyn zynjyrlaryny we ordenlerini satanlaryň sanynyň onlarçadygyna ynanylýar" diýip, çeşmämiz aýtdy.


Azatlyk bu aýdylanlar barada Balkan welaýat häkimliginden, zenanlar guramasyndan we kazyýetinden goşmaça maglumat ýa kommentariýa almaga çalyşdy. Ýöne redaksiýamyzyň 21-nji fewralda eden telefon jaňlaryna hiç kim jogap bermedi.


Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, bu ada mynasyp bolan eneleriň jaý bilen üpjünçiligi, köp çagaly enelere medisina kömegini bermek ýaly bir topar ýeňillik we kömek göz öňünde tutulýar.


Emma ýerli synçylaryň, ýaşaýjylaryň ençemesi bu ýeňillikleriň diňe bir gezeklik göz öňünde tutulandygyny, şeýle-de ýaşaýyş jaýlarynyň hem köp çagaly eneleriň örän çäkli bölegine gowşurylýandygyny aýdýarlar.


"Döwlet 'sowgat' diýip beren bolsa, ene olary islese özünde galdyrar, islemese-de satar. Ýene hökümetimiziň eden-etdiligine şaýat bolýarys" diýip, balkanly bir ene anonimlik şertinde aýtdy.


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.


Загрузка...

Читайте на сайте

Другие проекты от 123ru.net








































Другие популярные новости дня сегодня


123ru.net — быстрее, чем Я..., самые свежие и актуальные новости Вашего города — каждый день, каждый час с ежеминутным обновлением! Мгновенная публикация на языке оригинала, без модерации и без купюр в разделе Пользователи сайта 123ru.net.

Как добавить свои новости в наши трансляции? Очень просто. Достаточно отправить заявку на наш электронный адрес mail@29ru.net с указанием адреса Вашей ленты новостей в формате RSS или подать заявку на включение Вашего сайта в наш каталог через форму. После модерации заявки в течении 24 часов Ваша лента новостей начнёт транслироваться в разделе Вашего города. Все новости в нашей ленте новостей отсортированы поминутно по времени публикации, которое указано напротив каждой новости справа также как и прямая ссылка на источник информации. Если у Вас есть интересные фото Вашего города или других населённых пунктов Вашего региона мы также готовы опубликовать их в разделе Вашего города в нашем каталоге региональных сайтов, который на сегодняшний день является самым большим региональным ресурсом, охватывающим все города не только России и Украины, но ещё и Белоруссии и Абхазии. Прислать фото можно здесь. Оперативно разместить свою новость в Вашем городе можно самостоятельно через форму.



Новости 24/7 Все города России




Загрузка...


Топ 10 новостей последнего часа






Персональные новости

123ru.net — ежедневник главных новостей Вашего города и Вашего региона. 123ru.net - новости в деталях, свежий, незамыленный образ событий дня, аналитика минувших событий, прогнозы на будущее и непредвзятый взгляд на настоящее, как всегда, оперативно, честно, без купюр и цензуры каждый час, семь дней в неделю, 24 часа в сутки. Ещё больше местных городских новостей Вашего города — на порталах News-Life.pro и News24.pro. Полная лента региональных новостей на этот час — здесь. Самые свежие и популярные публикации событий в России и в мире сегодня - в ТОП-100 и на сайте Russia24.pro. С 2017 года проект 123ru.net стал мультиязычным и расширил свою аудиторию в мировом пространстве. Теперь нас читает не только русскоязычная аудитория и жители бывшего СССР, но и весь современный мир. 123ru.net - мир новостей без границ и цензуры в режиме реального времени. Каждую минуту - 123 самые горячие новости из городов и регионов. С нами Вы никогда не пропустите главное. А самым главным во все века остаётся "время" - наше и Ваше (у каждого - оно своё). Время - бесценно! Берегите и цените время. Здесь и сейчас — знакомства на 123ru.net. . Разместить свою новость локально в любом городе (и даже, на любом языке мира) можно ежесекундно (совершенно бесплатно) с мгновенной публикацией (без цензуры и модерации) самостоятельно - здесь.



Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net