Türkmenistan BMG bilen hyzmatdaşlykda okuw golanmalaryny taýýarlady
Emma habarda gollanmalaryň harajadyny haýsy tarapyň çekendigi anyklaşdyrylmýar.
Gollanmalarda BMG-niň Çagalar gaznasynyň bilermenleriniň halkara tejribeleri esasynda degerli maglumatlaryň jemlenendigi, howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak boýunça usuly gollanmalar toplumyna türkmenistanly bilim işgärleriniň hem wekilçilik edendigi aýdylýar.
Gollanmalar toplumy umumybilim berýän orta mekdepleriň tebigaty öwreniş, ýaşaýyş-durmuş esaslary, oba hojalyk zähmeti, geografiýa, ekologiýa dersleriniň okuw maksatnamalaryndaky temalaryň interaktiw usullarda geçilmegini üpjün eder.