Eýranyň harby desgasyna dron hüjümi edildi
Isfahana edilen hüjüm ýurduň demirgazyk-günbatarynda nebiti gaýtadan işleýän zawodda turan ýangyn we onuň golaýynda bolan 5,9 magnitýudly ýer titremesinde üç adamyň ölendigi baradaky habaryň yz ýanyna gabat geldi.
Eýranyň Goranmak ministrligi hüjüm barada ujypsyz maglumat ýaýratdy we onuň arkasynda kimiň durandygy baradaky gümanyny aýtmady.
Mundan öň Eýran Ysraýylyň güman edilýän pilotsyz uçarlary tarapyndan nyşana alyndy. Ysraýyl resmileri Yspyhanda edilen hüjüm barada maglumat bermekden saklandy.
"The Wall Street Journal" biraz soň ABŞ-nyň ady aýdylmadyk resmilerine salgylanyp, bu hüjümi Ysraýylyň amala aşyrandygyny aýtdy.