Добавить новость
World News in Turkmen





160*600

Новости сегодня на DirectAdvert

Новости сегодня от Adwile

Актуальные новости сегодня от ValueImpression.com


Опубликовать свою новость бесплатно - сейчас


Berdimuhamedowyň Mara eden sapary müňlerçe adamyň hereketini çäklendirdi

25-nji ýanwarda Mary welaýatynyň Mary we Türkmengala etraplarynda howpsuzlyk çäreleri güýçlendirildi. Şeýle-de, Mary-Türkmenabat şäherleriniň arasynda awtoulag hereketi doly çäklendirildi. Bu başagaýlyklar prezident Serdar Berdimuhamedowyň sebite eden sapary bilen baglanyşykly boldy. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçylary Mary we Lebap welaýatlaryndan maglumat berdiler.


"Berdimuhamedow Garagum derýasynyň Türkmengala etrabynyň 'Zähmet' daýhan birleşiginiň golaýyndan geçýän bölegine dik uçardan synlady. Ol derýanyň suwunyň çöl meýdanyna akdyrylyp, suw joşmalaryna garşy görülýän çärelere syn etdi. Soňra-da derýanyň gyrasyna baryp gördi. Sebitde howpsuzlyk çäreleri güýçlendirilip, kanun goraýjy edaralaryň işgärleriniň sany artdyryldy" diýip, Azatlyk Radiosynyň Marydaky habarçysy aýtdy.




Ilki bada sebite anyk haýsy ýokary derejeli resminiň sapar edýändigi doly aýdyň däldi. Käbir çeşmeler Mara öňki prezident, häzir Halk Maslahatynyň başlygy we ýakynda “türkmen halkynyň Milli lideri” yglan edilen Gurbanguly Berdimuhamedowyň sapar eden bolmagynyň mümkindigini belläpdiler. Makalanyň çap bolan pursady, dünýäniň iň bir ýapyk ýurtlarynyň biri bolan Türkmenistanda bu maglumatyň doly anygyna ýetmek başartmandy.


Prezidentiň Mara eden sapary barada öňünden habar bermedik türkmen mediasy onuň 26-njy ýanwarda bu sebitde iş saparynda bolandygyny we Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisini geçirendigi barada şol güni agşam maglumat çap etdi.


Saparyň öň ýany, sebitde suw joşmalaryna garşy alnyp barylýan çärelere mejbury gatnaşdyrylýan býujet işgärleriniň biri döwlet emeldarynyň daýhan birleşiginiň çägine baran pursadynda häkimiýetleriň özlerini gizländigini aýdýar.


"Biziň mobil telefonlarymyzy çöpläp alyp, sakgalyňyzy we murtuňyzy syryň diýdiler. Biz sowuk suwda ýuwunyp bilmeýäris diýdik. Soňra bizi gizlediler. Derýanyň kenarlaryny berkitmek işine çekilen adamlaryň arasynda Polisiýa müdirliklerinde hasapda duran adamlar hem bardy. Olara edilýän gözegçilik hem güýçlenip, olary-da gizlediler. Berdimuhamedowyň öňünden 'Jojukly' myhmanhanasynda galýan ýolbaşçylar çykdylar" diýip, býujet işgäri anonimlik şertinde aýtdy.


Döwlet emeldarynyň Mary etrabyndaky "Zarpçy", "Medeniýet" daýhan birleşiklerindäki bugdaý meýdanlaryna hem baryp görendigi aýdylýar.


Bu sapar Marydan Lebap welaýatyna we bu ýerden Mary şäherine gitmek isleýän raýatlaryň, daşary ýurt ýük ulaglarynyň hereketine hem oňaýsyz täsir ýetirdi.


25-nji ýanwarda irden sagat 8-den tä ikindin sagat 4-e çenli Mary-Türkmenabat awtomobil ýolunda ulag hereketi doly çäklendirildi. Bu ýoluň Marydan we Türkmenabatdan ugralýan böleginde birnäçe kilometre çenli uzaýan awtoulag kerweni emele geldi.


"Ýoluň iki tarapynda hem Mara ýa-da Türkmenabada gitmek isleýän ýüzlerçe awtoulag üýşdi. Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň günortasynda ilat arasynda 'Mary posty' diýlip atlandyrylýan polisiýa posty bar. Bu ýerde awotulaglardan we ýolagçaylardan başga-da, daşary ýurt ýük ulaglarynyň bäş kilometre çenli uzaýan kerweni emele geldi. Hemme adam sowuk howada sekiz sagat garaşmaly boldy" diýip, Lebapdaky habarçy aýtdy.




Agzalýan postdaky ulaglaryň soňkusy giçlik sagat 7-ä golaýlanda ugrady. Sagat 7-de postuň golaýynda hiç hili awtoulag ýokdy diýip, habarçy aýtdy.


Bellesek, döwlet emeldarynyň sebite sapar edendigi baradaky habarlar, ​häkimiýetleriň suw joşmalaryna garşy hüşgärlik ýagdaýyny ýokarlandyrmagynyň yz ýanyna gabat geldi.


Ýurda şu aýyň birinji hepdesiniň ahyrynda aralaşan aýazly howanyň netijesinde Garagum derýasynyň käbir ýerlerinde buz gatlaklary emele geldi. Geçen hepdäniň ahyrynda häkimiýetler olaryň eräp, öz akymyny üýtgedip, suw joşmalarynyň ilatly sebitlere we ekerançylyk ýerlerine gelmeginiň öňüni almak üçin derýanyň kenarlaryny berkitmäge başladylar. Bu işlere beýleki hünärmenler bilen bir hatarda, býujet işgärleri mejbury gatnaşdyrylýar. Geçen hepdäniň ikinji ýarymynda derýadaky buzluklaryň eremegi netijesinde, Niçka obasynda 10-dan gowrak hojalygyň mal ýatagyny suw basandygy hem mälim boldy.


Geçen hepde prezident hem sebite sapar edip, dikuçarda Garagum derýasyny synlady. 19-njy ýanwarda prezident derýada buz gatlagynyň dörändigini, şoňa görä-de, onuň kenarlaryny berkitmek işine jogapkärçilikli çemeleşmegiň zerurdygyny hem nygtapdy.


Bellik: Makalanyň ilki görnüşinde sebite Gurbanguly Berdimuhamedowyň sapar eden bolmagynyň mümkindigi bellenipdi. Makala resmi habarlarda peýda bolan maglumatlara laýyklykda düzedişler girizildi.




Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.



Загрузка...

Читайте на сайте

Другие проекты от 123ru.net








































Другие популярные новости дня сегодня


123ru.net — быстрее, чем Я..., самые свежие и актуальные новости Вашего города — каждый день, каждый час с ежеминутным обновлением! Мгновенная публикация на языке оригинала, без модерации и без купюр в разделе Пользователи сайта 123ru.net.

Как добавить свои новости в наши трансляции? Очень просто. Достаточно отправить заявку на наш электронный адрес mail@29ru.net с указанием адреса Вашей ленты новостей в формате RSS или подать заявку на включение Вашего сайта в наш каталог через форму. После модерации заявки в течении 24 часов Ваша лента новостей начнёт транслироваться в разделе Вашего города. Все новости в нашей ленте новостей отсортированы поминутно по времени публикации, которое указано напротив каждой новости справа также как и прямая ссылка на источник информации. Если у Вас есть интересные фото Вашего города или других населённых пунктов Вашего региона мы также готовы опубликовать их в разделе Вашего города в нашем каталоге региональных сайтов, который на сегодняшний день является самым большим региональным ресурсом, охватывающим все города не только России и Украины, но ещё и Белоруссии и Абхазии. Прислать фото можно здесь. Оперативно разместить свою новость в Вашем городе можно самостоятельно через форму.



Новости 24/7 Все города России




Загрузка...


Топ 10 новостей последнего часа






Персональные новости

123ru.net — ежедневник главных новостей Вашего города и Вашего региона. 123ru.net - новости в деталях, свежий, незамыленный образ событий дня, аналитика минувших событий, прогнозы на будущее и непредвзятый взгляд на настоящее, как всегда, оперативно, честно, без купюр и цензуры каждый час, семь дней в неделю, 24 часа в сутки. Ещё больше местных городских новостей Вашего города — на порталах News-Life.pro и News24.pro. Полная лента региональных новостей на этот час — здесь. Самые свежие и популярные публикации событий в России и в мире сегодня - в ТОП-100 и на сайте Russia24.pro. С 2017 года проект 123ru.net стал мультиязычным и расширил свою аудиторию в мировом пространстве. Теперь нас читает не только русскоязычная аудитория и жители бывшего СССР, но и весь современный мир. 123ru.net - мир новостей без границ и цензуры в режиме реального времени. Каждую минуту - 123 самые горячие новости из городов и регионов. С нами Вы никогда не пропустите главное. А самым главным во все века остаётся "время" - наше и Ваше (у каждого - оно своё). Время - бесценно! Берегите и цените время. Здесь и сейчас — знакомства на 123ru.net. . Разместить свою новость локально в любом городе (и даже, на любом языке мира) можно ежесекундно (совершенно бесплатно) с мгновенной публикацией (без цензуры и модерации) самостоятельно - здесь.



Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net