Türkmen-özbek söwda dolanyşygynyň geçen ýyl $926,3 milliona ýetendigi aýdylýar
Geçen ýylyň on iki aýynda Özbegistanyň Türkmenistandan importy 731,5 million ABŞ dollaryna barabar bolup, 2021-nji ýyl bilen deňeşdirilende 3 göterim artan bolsa, bu döwürde Türkmenistan edilen eksport 1,5 göterim ýokarlanyp, 194,8 million ABŞ dollaryna deň boldy diýip, habarda aýdylýar.
Aýdylmagyna görä, Türkmenistan bilen Özbegistanyň 2021-nji ýyldaky söwda dolanyşygy 902 million ABŞ dollaryna deň bolupdyr.
Türkmenistanyň daşary ýurtlara eksportynyň esasy bölegini ýangyç, hususan-da geçiriji arkaly iberilýän tebigy gaz tutýar. Aşgabat öz satýan gazynyň bahasyny köplenç halkdan gizlin saklaýar.