Добавить новость
World News in Turkmen





160*600

Новости сегодня на DirectAdvert

Новости сегодня от Adwile

Актуальные новости сегодня от ValueImpression.com


Опубликовать свою новость бесплатно - сейчас


Bug gazanlarynyň gaz üpjünçiligi bilen bagly aladalar hususy önüm öndürijileriň gazynyň kesilmegine getirýär

Türkmenistanda adatdan daşary sowuk howa dowam edýän mahaly, Balkan welaýatynyň dürli sebitlerinde ýyladyş ulgamlarynyň gaz üpjünçiligi bilen bagly aladalaryň fonunda hususy önüm öndürijileriň gazy kesilýär.


Balkanabat şäherinde, Gyzylarbat, Bereket we Magtymguly etraplarynda howanyň aşa sowamagy bilen, ýyladyşhanalaryň we çörek söwdasy bilen meşgullanýan hususy telekeçileriň gaz üpjünçiligi kesilýär diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy 15-nji ýanwarda sebitden habar berdi.


Ýerli ýaşaýjylar hususy önüm öndürijileriň gaz üpjünçiliginiň kesilmeginiň ýyladyş ulgamlarynyň bug gazanlaryna zerur bolan tebigy gazyň ýetmeýändigi bilen düşündirilýändigini aýdýarlar.


Bu ýagdaý tamdyr çöregini öndürýän hususy telekeçileriň hem-de ýyladyşhana eýeleriniň önümçilik bilen meşgullanmagyna oňaýsyz täsir ýetirýär.


Gaz üpjünçiliginiň kesilmegi tamdyrda çörek bişirip satýan hususyýetçileriň adatdan daşary çärelere ýüz urmagyna alyp gelýär. Olaryň aglabasy tamdyrlarda odun ýa-da mebel galyndylaryny ýakyp, çörek bişirmäge çalyşýarlar.




Ýöne şäher ýerlerinde odun ýakylýan tamdyrlardan çykýan tüsseler häkimiýetleriň şäherde tüsse çykmagyna gadaganlyk girizmegine alyp gelýär.


“Şäher ýerlerinde Öý dolandyryş edaralarynyň işgärleri ‘tüsse bolmasyn’ diýip, tamdyrda odun ýakylmagyny hem gadagan etdiler. Şeýlelikde, tamdyr çöreginiň önümçiligi bilen meşgullanýan ençeme aýal-gyzlar işsiz galdylar, telekeçiler girdejisiz galdylar” diýip, hususyýetçiler aýdýarlar.


Hususy önüm öndürijileriň gaz üpjünçiliginiň kesilmeginiň bahar aýlaryna çenli dowam etmegine garaşylýar.


“1-nji marta çenli düýbünden gadagan diýdiler” diýip, hususy önümçilik kärhanasynyň gaz üpjünçiligi wagtlaýyn kesilen bir telekeçi Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.  


Türkmen häkimiýetleri mundan ozal hem ýurduň dürli sebitlerinde tamdyrlara çekilen gaz geçirijileri aýyrmak, ýyladyşhanalaryň gaz üpjünçiligini çäklendirmek ýaly çärelere wagtal-wagtal ýüz urýardylar. Şeýle çäreler mundan ozal hem häkimiýetler tarapyndan ýurduň tebigy gaz serişdelerini tygşytlamak aladalary bilen düşündirilýärdi. Ýöne soňky birnäçe hepde bäri ýurda adatdan daşary sowuk howa aralaşýar. Bu aralykda, ýurduň dürli sebitlerinde ýyladyş ulgamlarynyň ýygy-ýygydan hatardan çykmagy bilen bagly habarlaryň arasynda  häkimiýetler Balkan sebitinde bug gazanlarynyň tebigy gaz üpjünçiligini “bökdençsiz ýola goýmak tagallalarynyň çäklerinde” hususy önüm öndürijileri tebigy gaz üpjünçiliginden mahrum edýärler.




Tebigy gaz gorlarynyň subut edilen möçberleri boýunça dünýä ýurtlarynyň arasynda öňdäki orunlary eýeleýän Türkmenistanda tamdyr çöreginiň önümçiligi we ýyladyşhana işleri “möhüm durmuş desgalarynyň gaz ýetmezçiligi” bilen bagly aladalaryň arasynda bökdelýär.


Gyzylarbat we Bereket etraplarynda miwe we gök-bakja önümlerini ösdürip ýetişdirýän ýyladyşhana eýeleri oba hojalyk önümlerini sowuk urýandygyny, olaryň zaýalanýandygyny aýdýarlar.


Azatlygyň habarçysy soňky birnäçe gün bäri sebitiň käbir künjeklerinde howanyň temperaturasynyň -15 gradusa çenli sowandygyny habar berýär.


Döwlet telewideniýesiniň “Watan” habarlary gepleşigi 15-nji ýanwarda öňümizdäki hepdäniň dowamynda Balkan welaýatynda howanyň temperaturasynyň gijelerine -5...-10 gradus sowukdan +3 gradusa çenli maýyl bolmagyna garaşylýandygyny, gündizlerine bolsa sebitde howanyň temperaturasynyň +9 gradusa çenli, sebitiň kenarýaka etraplarynda bolsa +5 gradusa çenli maýyl bolmagyna garaşylýandygyny habar berdi.


Ýerli ýaşaýjylar sebitde soňky birnäçe gün bäri dowam edýän sowuk howanyň taryhda örän seýrek bolandygyny aýdýarlar.


“Ýyladyşhanalar şeýle sowuk howa niýetlenmedik, olary ätiýaç odun bilen gyzdyrmak hem göz öňünde tutulmadyk” diýip, balkanly önüm öndürijiler aýdýarlar.


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.


Загрузка...

Читайте на сайте

Другие проекты от 123ru.net








































Другие популярные новости дня сегодня


123ru.net — быстрее, чем Я..., самые свежие и актуальные новости Вашего города — каждый день, каждый час с ежеминутным обновлением! Мгновенная публикация на языке оригинала, без модерации и без купюр в разделе Пользователи сайта 123ru.net.

Как добавить свои новости в наши трансляции? Очень просто. Достаточно отправить заявку на наш электронный адрес mail@29ru.net с указанием адреса Вашей ленты новостей в формате RSS или подать заявку на включение Вашего сайта в наш каталог через форму. После модерации заявки в течении 24 часов Ваша лента новостей начнёт транслироваться в разделе Вашего города. Все новости в нашей ленте новостей отсортированы поминутно по времени публикации, которое указано напротив каждой новости справа также как и прямая ссылка на источник информации. Если у Вас есть интересные фото Вашего города или других населённых пунктов Вашего региона мы также готовы опубликовать их в разделе Вашего города в нашем каталоге региональных сайтов, который на сегодняшний день является самым большим региональным ресурсом, охватывающим все города не только России и Украины, но ещё и Белоруссии и Абхазии. Прислать фото можно здесь. Оперативно разместить свою новость в Вашем городе можно самостоятельно через форму.



Новости 24/7 Все города России




Загрузка...


Топ 10 новостей последнего часа






Персональные новости

123ru.net — ежедневник главных новостей Вашего города и Вашего региона. 123ru.net - новости в деталях, свежий, незамыленный образ событий дня, аналитика минувших событий, прогнозы на будущее и непредвзятый взгляд на настоящее, как всегда, оперативно, честно, без купюр и цензуры каждый час, семь дней в неделю, 24 часа в сутки. Ещё больше местных городских новостей Вашего города — на порталах News-Life.pro и News24.pro. Полная лента региональных новостей на этот час — здесь. Самые свежие и популярные публикации событий в России и в мире сегодня - в ТОП-100 и на сайте Russia24.pro. С 2017 года проект 123ru.net стал мультиязычным и расширил свою аудиторию в мировом пространстве. Теперь нас читает не только русскоязычная аудитория и жители бывшего СССР, но и весь современный мир. 123ru.net - мир новостей без границ и цензуры в режиме реального времени. Каждую минуту - 123 самые горячие новости из городов и регионов. С нами Вы никогда не пропустите главное. А самым главным во все века остаётся "время" - наше и Ваше (у каждого - оно своё). Время - бесценно! Берегите и цените время. Здесь и сейчас — знакомства на 123ru.net. . Разместить свою новость локально в любом городе (и даже, на любом языке мира) можно ежесекундно (совершенно бесплатно) с мгновенной публикацией (без цензуры и модерации) самостоятельно - здесь.



Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net