Russiýa koronawirusyň 'kraken' görnüşi ýokuşan birinji hadysany resmi taýdan hasaba aldy
COVID-19-yň örän ýokuşagan görnüşiniň Russiýanyň Penza sebitinde hasaba alnandygy mälim edildi.
4-nji ýanwarda Bütindünýä saglyk guramasy tarapyndan koronawirusyň bilinýän iň ýokuşagan görnüşi yglan edilen "Kraken" ilkinji gezek geçen ýylyň oktýabrynda Birleşen Ştatlarda hasaba alnypdy.
Şondan soň bu görnüş Ýewropa ýurtlarynyň birnäçesinde hem ýüze çykaryldy.