ABŞ diplomaty Kosowa we Serbiýa gatnaşyklary bilen bagly diplomatiki durgunlygy bes etmäge çagyrdy
Çollet, 11-nji ýanwarda Pristinada Kosowanyň premýer-ministri Albin Kurti we beýleki liderler bilen geçiren gepleşiklerinden soň, žurnalistler bilen söhbetdeşlikde Birleşen Ştatlaryň "özara ykrar edilmäge esaslanýan gatnaşyklaryň kadalaşdyrylmagy barada giňişleýin şertnama" üçin "diplomatik energiýa" sarp etmäge taýýardygyny belledi.
"Meniň pikirimçe, elimizdäki işe başlamagyň wagty geldi" diýip, ol aýtdy.
Waşington Ýewropa-Atlantik gurluşlaryna integrirlenen Kosowanyň garaýşyny paýlaşýar we onuň köpmilletli jemgyýetini güýç hökmünde görýär diýip, Çollet sözüne goşdy.
Emma ol Kosowanyň Brýussel şertnamasy boýunça ähli borçnamalary ýerine ýetirmelidigini, şol sanda aglaba serb ýaşaýjylaryndan ybarat häkimlikleriň birleşmesini döretmegiň zerurdygyny aýtdy. Agzalýan şertnama Kosowa-Serbiýa gatnaşyklaryny kadalaşdyrmak boýunça ÝB-niň araçylyk etmeginde döredilen dialogdyr.
Geçen aý etniki serbler Kosowanyň demirgazygynda bir serbiň, öňki polisiýa işgäriniň tussag edilmegi sebäpli ýol böwetlerini ýerleşdirenden mahaly, Kosowa bilen baglanyşykly dartgynlylyk hasam güýçlenipdi.