Germaniýa: Himiki hüjüm planlaşdyrmakda güman edilýän eýranly tussag edildi
Polisiýa we prokurorlar bu erkek adamyň we başga-da bir adamyň geçen gije demirgazyk Dortmunyň Kastrop-Rauksel şäherçesinde saklanandygyny aýtdy.
Kanun goraýjy edaralaryň bilelikdäki beýanatynda bu adamyň yslam ekstremizminden ruhlanyp, çynlakaý hüjüm planlaşdyrmakda güman edilýändigi we munuň üçin onuň güýçli zäherli maddalar bolan “sianid we ritsin alandygy” aýdylýar.