“Flydubai” Aşgabada eden gatnawyny dikeldýär
Aşgabatdaky halkara howa menzili bilen aradaky uçuşlar 2023-nji ýylyň 23-nji ýanwarynda başlanyp, hepdede iki gezek amala aşyrylar.
Şu aralykda “Türkmenistan” awiakompaniýasynyň Abu-Dabä guraýan howa gatnawlarynyň hem dikeldilendigi mälim boldy.
Aşgabatdan BAE-niň paýtagtyna gurlaýan uçuşlar hepdede bir gezek – bäşinji günde amala aşyrylar diýip, “Türkmenportal” habar berýär.
Iki ýyllyk arakesmeden soň dikeldilen ilkinji uçuş 23-nji dekabrda amala aşyryldy diýip, habarda bellenýär.