Özbek prezidentiniň gyzy mugallymlaryň mejbury zähmetden boşadyljakdygyny aýdýar
"Zakowat" intellektual olimpiadasynyň netijeleriniň öňüsyrasynda çykan habary prezident administrasiýasynyň aragatnaşyk we maglumat syýasaty bölüminiň başlygy Saida Mirziýoýewa yglan etdi.
“Häzirki wagtda mugallym hökümet çärelerinde işleýän, öýme-öý aýlanyp, statistiki maglumatlary ýygnaýan tölegsiz işçi, bagban, arassalaýjy, ofisiant we mekdeplere gelýän barlagçylara hyzmat edýän aşpez, jemgyýetçilik iş toparlarynyň agzasy, içgysgynç çärelerdäki boş zallary dloldurýan ‘köpçülik’, kärendeçilerden kreditleri we salgytlary ýygnaýjy, metbugata mejbury ýazylmaga jogapkär adam, gijeki gözegçi we mekdebiň goragçysy, şeýle-de ol kimdir biriniň maşgalasyndaky näsazlyklara we terbiýesiz çagalara jogapkär adam” diýip, prezidentiň gyzy ýurtdaky mugallymlaryň düşen ýagdaýyny resmi taýdan tassyk etdi.
“Eýsem, mekdep hakda, sapaklar hakda , çagalaryň bilimleri hakda kim pikir etmeli, bu ýagdaýda bilim nädip ösdürilip bilner?” diýip, S. Mirziýoýewa ritoriki sorag berýär.
Şol bir wagtyň özünde, prezidentiň uly gyzy we hökümet işgäri mugallymlary bilimden başga wezipelerden boşadyp biljek kanun taslamasynyň haçan kabul ediljekdigini aýtmady.
Mugallymlara bolan garaýşa täzeden garamak inisiatiwasyny ol geçen aý öňe sürdi.