Awstriýa Bolgariýanyň, Rumyniýanyň pasportsyz şengen zolagyna goşulmagyny weto etjekdigini aýdýar
Bu ýygnakda Horwatiýanyň Pasportsyz şengen sebitine goşulmagynyň tassyklanylmagyna garaşylýar. Bu sebit häzirki wagtda 27 agzaly Ýewropa Bileleşiginiň 22 agzasyny, şeýle-de ÝB-niň agzasy bolmadyk Şweýsariýany, Norwegiýany, Lihtenşteýni we Izlandiýany öz içine alýar.
Ýewropa Komissiýasy geçen aý üç ýurduň üçüsiniň hem bu zolaga goşulmak üçin zerur bolan tehniki kriteriýalary kanagatlandyrýandygyny aýtdy. Ýewropa Parlamenti hem olaryň agzalygyny goldap ses berdi.