Gazagystanda protestçi esgeri öldürmekde günäli tapyldy, oňa 17 ýyl berildi
34 ýaşly Kudaibergenowa höküm 29-njy noýabrda çykaryldy. Ol özüniň günäsizdigi aýtdy.
Kudaibergenowanyň aýaly, Inkarim Sultanowa, esgeriň jesediniň iki barlagynyň bolandygyny, olaryň netijeleriniň hem biri-birine çapraz gelýändigini belledi we adamsynyň garşy gozgalan işiň şübhelidigini aýtdy.
Ýanwardaky protestlerde Kyzylordada şahsy düzümiň hataryndan 26 adam öldürildi.
Kudaibergenow protestleriň dowamynda we ondan soň tussag edilen müňlerçe adamyň biridir. Protestlerde ýurt boýunça 38 adam, şol sanda kanun goraýjylaryň hataryndan 19 işgär heläk boldy.