Putin AHG-den hukuk we media hünämenlerini çykardy
Geňeşden çykarylanlaryň arasynda "Gynamalara garşy komitetiň" öňki başlygy Igor Kalýapin, Sankt-Peterburgyň Adam hukuklary geňeşiniň jogapkär sekretary Natalýa Ýewdokimowa, Moskwa döwlet uniwersitetiniň kafedra müdirleri Aleksandr Asmolow we Iwan Zasurskiý hem bar.
Şeýle-de, "Sowa" maglumat we seljeriş merkeziniň müdiri Aleksandr Werhowskiý, žurnalistler Nikolaý Swanidze we Ýekaterina Winokurowa geňeşden çykaryldy.
Adam hukuklary geňeşiniň prezidiumyndan çykarylan adam hukuklary aktiwisti Andreý Babuşkin şu ýylyň maý aýynda aradan çykdy.