Добавить новость
World News in Turkmen





160*600

Новости сегодня на DirectAdvert

Новости сегодня от Adwile

Актуальные новости сегодня от ValueImpression.com


Опубликовать свою новость бесплатно - сейчас


Maryda ilat köp garaşyp satyn alan ununy iýip bilmeýär

Türkmenistanda ilata un paýlarynyň satylyp başlamagy ilat üçin uly waka bolmagynda galýar. Adamlar bazar nyrhyndan biraz arzanrak satylýan undan aýlyk paýyna henizem birnäçe hepdeläp, käte birnäçe aýlap garaşmaly bolýarlar. Emma, şeýdip stayn alnan unuň iýmite ýaramaýan halatlary seýrek däl. Soňky günlerde Mary welaýatynda käbir döwlet dükanlarynda ilata satylan un çyk we çüýrük bolup çykdy.


Mary welaýatynyň Baýramaly, Sakarçäge we Türkmengala etraplarynda şu günler "paýok" diýlip ilata satylýan unuň hiliniň juda pesdigini ýerli habarçylar 15-nji noýabrda habar berdiler.


Soňky günlerde döwlet dükanynda satylan uny özi hem alan habarçy ondan çörek bişirip bolmaýandygyny, onuň ysynyň porsydygyny aýdýar: "Diňe mala beräýmeseň, başga zada ýaranok. Halka näme sebäpden beýle harytlaryň goýberilýändigi belli däl. Özuni oňarýan hojalyklar ony mala berýärler, ýöne garyp daýhan bu berilýän paýok una gözüni dikip oturýar, paýok un bilen oňjak bolyar".




Habarçy, ilatyň un paýlaryny satmak üçin ýerli döwlet dükanlaryna ortaça 30 haltadan goýberilýädigini ýerli söwda wekillerine salgylanyp habar berdi.


Köpçülik subsidirlenen azyk önümleriniň hiline garamazdan, olaryň satylmagyna sabyrsyzlyk bilen garaşýar. Oba ýerlerinde ilatyň azyk üpjünçiligi hasam agyr bolup, un paýlaryň söwdasy birnäçe aýlap gijikdirilýär. Maryda soňky gezek un oktýabrda, bahar aýlarynyň un paýlarynyň hasabyna satyldy.


Ýerli habarçylar indi noýabrda satylýan unuň hiliniň erbetligi oňa sabyrsyzlyk bilen garaşan adamlaryň gününi agyrlaşdyrdy, açlyk aladasyny güýçlendirdi diýýärler.


"Un porsy ys berse-de, adamlar ondan çörek bişirip iýmäge mejbur. Diňe uly adamlar däl, eýsem çagalar hem şol çörekden iýmeli, bu çaganyň aşgazany üçin gaty uly zyýan" diýip habarçymyz aýdýar.


Türkmenistanda hökümet tarapyndan kesgitlenýän nyrhdan, arzanlandylan diýlip adam başyna çäkli möçberde satylýan azyk önümleri ilatyň uly bölegi üçin ýeke-täk iýmit çeşmesi bolmagynda galýar. 


Döwlet dükanlarynda 1 kilogramy 1 manatdan satylýan un her adam başyna bir aýda 5 kilogram diýlip hasaplanýar. Muny satyn almak üçin her maşgala ýylyň başynda maşgala agzalarynyň sany boýunça resminama alyp, belli bir dükana tabşyrmaly. Her aýyň un paýlarynyň satylýan wagty üýtgäp durýar, uzak wagtlap satylmaýan pursatlary hem bolýar.




Adam başyna 5 kilogramdan yabart aýlyk paýy iýmitlenmek üçin ýetmeýär, köpçülik bazar nyrhyndan goşmaça un satyn almaga mejbur bolýar. Häzirki wagtda Marynyň bazarlarynda açyk söwdada satylýan unuň 50 kilogramlyk haltasynyň bahasy 300 manada ýetdi.


Marynyň döwlet dükanlarynda satylan unuň hiliniň pesdiginiň sebäbi bilen gyzyklanan habarçymyz onuň bişmän ýygnalan we ammarlarda çig alan galladandygyny habar berýär: "Ýygym dowründe plany dolmak üçin çig bugdaý ýygylyp ambarlara basylyar, soňam ambarlarda zaýalanýar. Bu bugdaý soň degirmenlerde üwelip halka paýok hökmünde berilýar".


Türkmenistan galla hasylyny tomsuň başynda ýygnady. Resmi maglumatlarda şu ýyl ýurtda 1 million 500 müň tonna golaý galla hasylynyň ýygnalandygy habar berildi. Şonda Azatyk bilen söhbetdeş bolan daýhanlar bugdaý oragynyň bosagasynda gallanyň heniz doly bişmändigini gürrüň beripdi.




Türkmen hökümeti we döwlet habar serişdeleri ilatyň azyk üpjünçiligine degişli agyr meseleleri görmezlige salýarlar. Döwlet resmileri ýyllarboýy şol bir uly mukdarly plan kesgitleýärler we soň onuň artykmajy bilen dolandygyny yglan edýärler.


"Ýurduň içinde çärelerde in köp ulanylýan şygarda 'Döwlet adam üçindir' diýilýär, ýöne soň edilýän işler halky horlaýar" diýip, ýerli ýaşaýjy aýdýar.


Türkmenistanda un we çörek gytçylygy, azyk krizisi 2017-nji ýyluň aýagyndan bäri dowam edýär.


Bäş ýyl töweregi wagt bäri türkmen hökümeti azyk ýetmezçiligini resmi taýdan boýun alman gelýär. Tersine ýurduň häkimiýetleri barha artýan kynçylyklary çözmegiň ýerine ilata gözegçiligini yzygiderli güýçlendirýär. Noýabryň başynda Türkmenbaşyda ilatyň un we ýag paýlary satylanda, dükanlaryň ýöredýän sanawlarynyň üstesine, alyjyardan azyk kartoçkalary we pasport talap edilip başlandy.


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.


Загрузка...

Читайте на сайте

Другие проекты от 123ru.net








































Другие популярные новости дня сегодня


123ru.net — быстрее, чем Я..., самые свежие и актуальные новости Вашего города — каждый день, каждый час с ежеминутным обновлением! Мгновенная публикация на языке оригинала, без модерации и без купюр в разделе Пользователи сайта 123ru.net.

Как добавить свои новости в наши трансляции? Очень просто. Достаточно отправить заявку на наш электронный адрес mail@29ru.net с указанием адреса Вашей ленты новостей в формате RSS или подать заявку на включение Вашего сайта в наш каталог через форму. После модерации заявки в течении 24 часов Ваша лента новостей начнёт транслироваться в разделе Вашего города. Все новости в нашей ленте новостей отсортированы поминутно по времени публикации, которое указано напротив каждой новости справа также как и прямая ссылка на источник информации. Если у Вас есть интересные фото Вашего города или других населённых пунктов Вашего региона мы также готовы опубликовать их в разделе Вашего города в нашем каталоге региональных сайтов, который на сегодняшний день является самым большим региональным ресурсом, охватывающим все города не только России и Украины, но ещё и Белоруссии и Абхазии. Прислать фото можно здесь. Оперативно разместить свою новость в Вашем городе можно самостоятельно через форму.



Новости 24/7 Все города России




Загрузка...


Топ 10 новостей последнего часа






Персональные новости

123ru.net — ежедневник главных новостей Вашего города и Вашего региона. 123ru.net - новости в деталях, свежий, незамыленный образ событий дня, аналитика минувших событий, прогнозы на будущее и непредвзятый взгляд на настоящее, как всегда, оперативно, честно, без купюр и цензуры каждый час, семь дней в неделю, 24 часа в сутки. Ещё больше местных городских новостей Вашего города — на порталах News-Life.pro и News24.pro. Полная лента региональных новостей на этот час — здесь. Самые свежие и популярные публикации событий в России и в мире сегодня - в ТОП-100 и на сайте Russia24.pro. С 2017 года проект 123ru.net стал мультиязычным и расширил свою аудиторию в мировом пространстве. Теперь нас читает не только русскоязычная аудитория и жители бывшего СССР, но и весь современный мир. 123ru.net - мир новостей без границ и цензуры в режиме реального времени. Каждую минуту - 123 самые горячие новости из городов и регионов. С нами Вы никогда не пропустите главное. А самым главным во все века остаётся "время" - наше и Ваше (у каждого - оно своё). Время - бесценно! Берегите и цените время. Здесь и сейчас — знакомства на 123ru.net. . Разместить свою новость локально в любом городе (и даже, на любом языке мира) можно ежесекундно (совершенно бесплатно) с мгновенной публикацией (без цензуры и модерации) самостоятельно - здесь.



Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net