TN: Türkmen firmalarynyň rus zawodyna ýarym million dollar bergisi bar
Neşiriň 11-nji noýabrda çap eden maglumatyna görä, Russiýanyň Karaçarowskiý mehaniki zawodynyň 2018-nji ýylda Aşgabadyň şol wagtky häkimi Şamuhammet Durdylyýewe iberen şol hatynda birnäçe türkmen firmasynyň bergisini tölemeýändigi barada arz edildi.
"Zawodyň baş müdiri Sergeý Zaiko tarapyndan 2018-nji ýylyň 16-njy awgustynda gol goýlan hatda 'HK Çeper gurluşyk' , 'HK Ýelken gurluşyk', 'Ajaýyp bina', 'HK Ýanyýap' bilen şertnamalar boýunça iberilen lift enjamlary üçin bergini üzmek meselesini çözmekde goldaw bermegiňizi haýyş edýärin diýilýär" diýip, habarda aýdylýar.
Maglumata görä, Zaiko öz hatynda, halkara şertnamalary boýunça liftleriň gutarnykly tölegsiz gowşurylandygyny, sebäbi rus tarapynyň 2017-nji ýylda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň öňüsyrasynda, desgalary wagtynda tabşyrmagyň möhümdigine düşünýändigini aýtdy.
"Şol bir wagtyň özünde firmalarda Aşgabat şäheriniň häkiminden kepillik haty hem bardy. Adatça enjamlar tölegiň 100%-i öňünden tölenenden soňra gowşurylýar, ýöne zawod Aziýa oýunlaryna taýýarlygyň möhüm döwürdigini, alyjylaryň howlukmaç ýagdaýdadygyny we wagtynda töläp bilmejekdigini kabul etdi" diýip, neşir hatda aýdylanýandygyny belleýär.
Neşiriň çap eden hatynyň nusgasynda 2018-nji ýylyň awgust aýynyň ortalarynda türkmen firmalarynyň umumy bergisiniň 493 müň dollardan gowrakdygy aýdylýar. Munuň aglaba bölegi, ýagny 267 müň dollardan gowragy "Ajaýyp Bina" firmasynyň paýyna düşýär. Berginiň galan bölegi üç firmanyň arasynda takmynan deň paýlanýar.
"Bergileriň tölenendigi ýa-da tölenmändigi belli däl, ýöne 2022-nji ýylyň martynda kompaniýa bankrot boldy" diýip, neşir bu ýagdaýlar barada rus zawody bilen habarlaşandygyny, telefona jogap beren müdiriň sekretarynyň, sebäbini aýtmazdan, jogap bermekden boýun gaçyrandygyny mälim etdi.
Azatlyk Radiosyna gürrüňi edilýän hatyň hakyky nusgasyny almak başartmady. Redaksiýa 16-njy noýabrda Karaçarowskiý mehaniki zawody bilen habarlaşdy. Telefona jogap beren resmi özleriniň bankrotyň öňýanyndadygyny tassyklady, ýöne türkmen firmalarynyň bergisiniň bardygy baradaky habarlar barada maglumat berip bilmejekdigini aýtdy.
Azatlyk bu aýdylanlar barada agzalýan türkmen firmalary bilen hem habarlaşmaga synanyşdy. Ýöne redaksiýamyzyň 16-njy noýabrda eden synanyşyklary başa barmady.
Bellesek bu, agzalýan käbir türkmen firmalarynyň, has takygy 'Çeper Gurluşygyň' we 'Ajaýyp Binanyň' tölegleri geçirmeýändigi barada media serişdelerinde peýda bolan ilkinji habar däl.
2018-nji ýylyň ýanwarynda Türkiýäniň paýtagty Ankarada Türkmenistanda işläp gaýdan birnäçe türk işçisi aýlyklary tölenmänsoň kyn ýagdaýa düşen segsen töweregi maşgalanyň adyndan, türkmen ilçihanasynyň öňünde nägilelik bildirip, metbugata beýannama berdi.
Olar "Çeper gurluşyk" we "Ajaýyp bina" firmalarynda 2 ýyl dürli gurluşyk işlerinde işlän segsen töweregi türk işçisiniň aýlygynyň berilmän gaty kyn ýagdaýa duçar edilendiklerini aýtdylar.
2018-nji ýylyň maýynda bolsa, Azatlygyň Aşgabatdaky habarçylary "Ajaýyp binanyň" ýerli gurluşyk işgärleriniň ençemesiniň birnäçe aýlap zähmet haklaryny alyp bilmeýändigini habar berdi.
Galyberse-de, Türkmenistanyň “Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernleriniň hem daşary ýurtly hyzmatdaşlaryna millionlap dollardan ybarat bergisiniň bardygy, türkmen hökümetiniň Garlykda gurlan dag-magdan baýlaşdyryjy kombinatyň gurluşygy üçin hem bergisini berip bilmeýändigi hakynda habarlar çykdy.
Garaşsyzlyk ýyllarynyň iň agyr ykdysady kynçylyklaryndan birini başdan geçirýän Türkmenistanyň häkimiýetleri adatça garaşsyz neşirlerde çykýan bergi habarlaryna reaksiýa bildirmeýärler.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.