Добавить новость
World News in Turkmen





160*600

Новости сегодня на DirectAdvert

Новости сегодня от Adwile

Актуальные новости сегодня от ValueImpression.com


Опубликовать свою новость бесплатно - сейчас


Türkmen raýatlary 10-njy noýabra çenli Türkiýeden çykmaga howlugýarlar

Türkiýede Türkmenistana barýan uçarlara bilet almagyň daşynda ýene-de basa-baslyk döredi. Azatlygyň Stambuldaky habarçysy Ahmet Rahmanow munuň ýurtda bikanun galýan türkmenistanlylaryň 10-njy noýabra çenli serhetden geçen ýagdaýynda deportasiýa edilmejekdigi baradaky habarlar bilen baglanyşyklydygyny habar berýär.


Koronawirus pandemiýasy sebäpli halkara uçuşlaryň togtadylmagy sebäpli 2020-nji ýylyň 4-nji martyndan soň Türkiýede bikanun galan daşary ýurt raýatlary 2022-nji ýylyň 10-njy noýabryna çenli Türkiýäni meýletin terk etseler, Türkiýä mundan beýläk syýahat etmek gadagançylygyndan gutularlar, ýöne 10-njy noýabrdan giç galan halatynda deportasiýa barada bellik ediler diýip, Migrantlar meseleleri boýunça "Modum Danyşmanlyk" atly konsultasion gullugynyň habarynda aýdylýar.


“YouTube” -da peýda bolan bu habarda 2020-nji ýylyň 4-nji martyndan soň Türkmenistanyň raýatlarynyň, şol sanda ýaşamak üçin rugsatnama almadyk we Türkiýede ýaşamak baradaky kanuny bozanlaryň ýagdaýy aýratyn bellenýär.




"Şol sebäpli, öz ýurduna dolanmak isleýän Türkmenistanyň raýatlary, esasanam 2020-nji ýylyň 4-nji martyndan soň bikanun immigrantyň ýagdaýyna düşenler, işlerini goýup, bilet tapsynlar, soňky günlere çenli garaşman, mümkin boldugyndan gysga wagtda ýola çyksyn. Şol bir wagtyň özünde, howa menzilinde wiza düzgüniniň bozulmagy boýunça ofise baryp, resminamalary doldurmagy ýatdan çykarmaň" diýip, gullugyň YouTube kanalynyň alyp baryjysy Hulýa Taş aýdýar. Onuň sözlerine görä, bu düzgün Türkiýäniň Migrasiýa Geňeşiniň 2020-nji ýylyň 15-nji iýunynda yglan eden pandemiýa sebäpli ýurdy terk etmedik daşary ýurtlularyň ýagdaýy bilen baglanyşykly karar esasynda kesgitlenýär.


Azatlyk Radiosynyň Stambuldaky habarçysynyň sözlerine görä, Türkmenistanyň käbir raýatlary bu habary Türkmenistanyň konsullygyndan bilipdir.


Bu aralykda, deportasiýa edilmekden gutulmak we soňra Türkiýä ýene gaýdyp barmak mümkinçiligini saklamak üçin Türkmenistana gitmäge islegler soňky günlerde artypdyr.


"3 gün galdy. Biletiň bahasynyň üstündäki para yzygiderli artýar. 5 gün ozal bu paralar 300-500 dollar aralygyndady. Emma muňa garamazdan adamlar islendik ýol bilen uçmak isleýärler. 10-njy noýabrda has uly basa-baslygyň bolmagy mümkin" - diýip, Ahmet Rahmanow aýdýar.


Stambulyň aeroportunda kassalaryň öňünde her gün nobatlar bolýar. Türkmenistana biletler "Türkmen howa ýollary" we "Türk Howaýollary" awiakompaniýalary tarapyndan satylýar. Türkiýäniň we Türkmenistanyň arasyndaky yzygiderli uçar gatnawy oktýabr aýynda dikeldildi.


Şeýle-de, Migrantlar meseleleri boýunça konsultasion gullugynyň habarynda 10-njy noýabrdan öň Türkiýäni terk edip, Türkmenistana baran türkmen raýatlarynyň dokumentlerine ne Türkiýede, ne-de Türkmenistanda deportasiýa hakynda möhür basylmajagy bellenilýär. Şol bir wagtda-da, hasabatda aýdylmagyna görä, 2020-nji ýylyň 4-nji martyna çenli, ýagny pandemiýa başlamazdan ozal, Türkiýede bikanun ýaşan türkmen raýatlaryna, jerimeleriň hemmesini töleseler-de, Türkiýä gaýtmak gadagan ediler.




Migrantlar meseleleri boýunça konsultasion gullugynyň "YouTube" kanalyndaky maglumatda "Deportasiýa belligini alsaňyz, Türkmenistan döwleti size öz ýurduňyzy terk etmäge rugsat berermi? Bu esasy sorag" diýlip bellenýär.


Azatlygyň habarçysy Türkmenistanyň Stambuldaky konsullygynyň özünden maglumat alyp bilmedi.


Habarçymyz Ahmet Rahmanow Türkiýeden Türkmenistana geçende deportasiýadan gutulmak boýunça şuňa meňzeş düzgünleriniň 2007-nji ýylyň başynda sähel wagtlap güýje girendigini ýatladýar.


“[Öňki prezident] Saparmyrat Nyýazow aradan çykyp, Gurbanguly Berdimuhamedowyň prezident boljak bolan döwründe 2007-nji ýylyň ýanwar aýynda hemmelere ýanwar aýynyň ahyryna çenli Türkmenistana gelenleriň deportasiýa edilmejekdigi aýdylypdy. Giriş wagtynda pasportda hiç hili bellik goýmadylar. Diňe wiza düzgünini bozandygyma ökünýändigim hakynda ýazmaça mälim etmäge mejbur etdiler. Munuň gaýtalanmajakdygyna söz berdirdiler" - diýip, Ahmet Rahmanow aýdýar.


Türkmenistanyň ýolbaşçylary migrasiýa temasyna resmi taýdan düşündiriş bermeýär. Ýurduň häkimiýetleri ilatyň göçmegine degişli resmi statistikany çap etmeýärler.


Sentýabr aýynda Türkiýe, Türkmen hökümetiniň haýyşy boýunça Türkmenistanyň raýatlary üçin wiza düzgünini girizdi. 15 ýyl bäri ýurtlaryň arasynda saklanan wizasyz düzgün türkmen raýatlarynyň gazanç üçin Türkiýäni saýlamagyna esasy sebäpleriň biri bolupdy.


Türkiýäniň migrasiýa gullugynyň şu ýyl çap eden habaryna görä, bu ýurtda Türkmenistanyň 250 000 töweregi raýaty kanun esasda ýaşaýar. Garaşsyz çeşmelere görä, Türkmenistanyň Türkiýede bikanun galýan raýatlarynyň sany birnäçe esse köp. Köpüsi hukuksyz we garyplyk çäginden aşakda ýaşaýarlar.


Rus dilinde hem okaň


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.


Загрузка...

Читайте на сайте

Другие проекты от 123ru.net








































Другие популярные новости дня сегодня


123ru.net — быстрее, чем Я..., самые свежие и актуальные новости Вашего города — каждый день, каждый час с ежеминутным обновлением! Мгновенная публикация на языке оригинала, без модерации и без купюр в разделе Пользователи сайта 123ru.net.

Как добавить свои новости в наши трансляции? Очень просто. Достаточно отправить заявку на наш электронный адрес mail@29ru.net с указанием адреса Вашей ленты новостей в формате RSS или подать заявку на включение Вашего сайта в наш каталог через форму. После модерации заявки в течении 24 часов Ваша лента новостей начнёт транслироваться в разделе Вашего города. Все новости в нашей ленте новостей отсортированы поминутно по времени публикации, которое указано напротив каждой новости справа также как и прямая ссылка на источник информации. Если у Вас есть интересные фото Вашего города или других населённых пунктов Вашего региона мы также готовы опубликовать их в разделе Вашего города в нашем каталоге региональных сайтов, который на сегодняшний день является самым большим региональным ресурсом, охватывающим все города не только России и Украины, но ещё и Белоруссии и Абхазии. Прислать фото можно здесь. Оперативно разместить свою новость в Вашем городе можно самостоятельно через форму.



Новости 24/7 Все города России




Загрузка...


Топ 10 новостей последнего часа






Персональные новости

123ru.net — ежедневник главных новостей Вашего города и Вашего региона. 123ru.net - новости в деталях, свежий, незамыленный образ событий дня, аналитика минувших событий, прогнозы на будущее и непредвзятый взгляд на настоящее, как всегда, оперативно, честно, без купюр и цензуры каждый час, семь дней в неделю, 24 часа в сутки. Ещё больше местных городских новостей Вашего города — на порталах News-Life.pro и News24.pro. Полная лента региональных новостей на этот час — здесь. Самые свежие и популярные публикации событий в России и в мире сегодня - в ТОП-100 и на сайте Russia24.pro. С 2017 года проект 123ru.net стал мультиязычным и расширил свою аудиторию в мировом пространстве. Теперь нас читает не только русскоязычная аудитория и жители бывшего СССР, но и весь современный мир. 123ru.net - мир новостей без границ и цензуры в режиме реального времени. Каждую минуту - 123 самые горячие новости из городов и регионов. С нами Вы никогда не пропустите главное. А самым главным во все века остаётся "время" - наше и Ваше (у каждого - оно своё). Время - бесценно! Берегите и цените время. Здесь и сейчас — знакомства на 123ru.net. . Разместить свою новость локально в любом городе (и даже, на любом языке мира) можно ежесекундно (совершенно бесплатно) с мгновенной публикацией (без цензуры и модерации) самостоятельно - здесь.



Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net