Добавить новость
World News in Turkmen





160*600

Новости сегодня на DirectAdvert

Новости сегодня от Adwile

Актуальные новости сегодня от ValueImpression.com


Опубликовать свою новость бесплатно - сейчас


Türkmenbaşynyň desgalarynda prezidentiň portretini we şygaryny asmak işleri batlandy

Şu günler Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherindäki edara-kärhanalaryň daşynda we içinde prezident Serdar Berdimuhamedowyň portretini we şygaryny asmak işleri güýçlendirildi. Býujet işgärleri muňa öňki prezidentiň, Türkmenistanyň Halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu işleriň haýal alnyp barylýandygyna nägilelik bildirmeginiň sebäp bolandygyny aýdýarlar.


"Häzir edara-kärhanalaryň, mekdepleriň, saglyk öýleriniň, hassahanalaryň daşyndan öňki prezidentiň portretleri we 'Döwlet adam üçindir' ýaly şygarlary köpçülikleýin aýrylýar. Olara derek täze prezident Serdar Berdimuhamedowyň portretleri we şygarlary asylýar. Muňa öňki prezidentiň 22-nji oktýabrda kanun çykaryjylar bilen geçiren duşuşygynda bu işleriň depgininiň pesdigine nägilelik bildirmegi sebäp boldy" diýip, ýagdaýdan habarly balkanly býujet işgäri anonimlik şertinde aýtdy.


Türkmenistanda, şol sanda Balkanda Serdar Berdimuhamedowyň portretlerini we şygarlaryny edara-kärhanalaryň içinde we daşynda asmak, şeýle-de ony wagyz etmek işlerine şu ýylyň bahar paslynda, onuň 19-njy martda prezidentlik wezipesine kasam etmeginiň yz ýany girişildi. Şonda etraplaryň arasynda gatnaýan hususy taksileriň aýnasyna-da, prezidentiň portretini ýelmemek talap edilipdi.




Habarçymyz bu çärelere garamazdan, döwlet edara-kärhanalarynyň aglabasyna öňki prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň portretlerini we şygarlaryny saklap galmak barada tabşyryk berlendigini aýdýar.


Býujet işgärleriniň ençemesiniň habarçymyza aýtmagyna görä, bu ýagdaý "halk arasynda täze prezidentiň abraýynyň we meşhurlygynyň pes bolmagyna" getirdi.


"Prezidentiň kakasy mundan habarly bolsa gerek. Şol sebäpli ähli edara-kärhanalardan Serdar Berdimuhamedowyň portretlerini hemme adamyň gözi düşäýjek ýerde asmak talap edildi" diýip, býujet işgäri aýtdy.


Habarçymyz şu günler döwlet baştutanynyň portretleriniň we şygarlarynyň şäheriň bazarlarynyň, hususy marketleriň we dükanlaryň, toýhanalaryň, jemgyýetçilik awtobuslarynyň, hatda ulaglaryň içine hem köpçülikleýin asylýandygyny habar berýär.


"Döwlet edara-kärhanalarynyň işgärleri hem öz öýleriniň töründe prezidentiň  60×40sm ululykdaky portretini asmaly edildi" diýip, balkanly býujet işgäri aýtdy.


Býujetçileriň ençemesiniň habarçymyza aýtmagyna görä, portretleri we şygarlary çalyşmak işleri, adatça bolşy ýaly, edara-kärhanalaryň işgärleriniň maddy serişdeleriniň hasabyna amal edilýär.


"Her bir işgärden 100 manat pul ýygnaldy" diýip, balkanly býujet işgäri sözüne goşdy.




Azatlyk alnyp barylýan bu işler barada welaýat we şäher häkimliklerinden resmi kommentariýa alyp bilmedi.


Türkmenistanyň edara-kärhanalarynda prezidentiň portretlerini we onuň aýdan sözlerinden käbir bölekleri asmak tejribesi ýurduň ilkinji prezidenti Saparmyrat Nyýazowyň döwründen bäri dowam edýär. Bu işler býujet işgärleriniň, okuwçylaryň we talyplaryň hasabyna amal edilýär. Ýurtda prezidentiň portretleri azyndan iki gezek çalşylýar. Bu çäräniň dowamynda portretde prezidentiň eşikleriniň ýa-da saçynyň reňki üýtgeýär, käte-de onuň keşbinde üýtgeşiklik bolýar.


Balkandaky edara-kärhanalarda döwlet baştutanyň portretini täzelemek çäresi soňky gezek mundan iki aý öň, sentýabrda amal edilipdi. Şonda edara-kärhanalarda, hususan-da mekdeplerde prezidentiň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýynda eden çykyşyndan bir bölegi asmak hem talap edildi. Şonda bu işler üçin mekdep mugallymlaryndan 50-80 manat aralygynda pul ýygnaldy.


"Adamlar portretleriň üýtgemegine däl-de, durmuş ýagdaýynyň gowulanmagyna, aýlyk haklarynyň köpelmegine, hojalyk hyzmatlarynyň gowulanmagyna, tiz kömek we taksi ulaglarynyň täzelenmegine garaşýarlar. Portretleriň üýtgemegi bilen, adamlaryň ýaşaýşy gowulanmaýar. Netijede, prezidentiň abraýy hem artmaýar" diýip, balkanly bir ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.




Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.

Ria.city
Загрузка...

Загрузка...

Читайте на сайте

Другие проекты от 123ru.net








































Другие популярные новости дня сегодня


123ru.net — быстрее, чем Я..., самые свежие и актуальные новости Вашего города — каждый день, каждый час с ежеминутным обновлением! Мгновенная публикация на языке оригинала, без модерации и без купюр в разделе Пользователи сайта 123ru.net.

Как добавить свои новости в наши трансляции? Очень просто. Достаточно отправить заявку на наш электронный адрес mail@29ru.net с указанием адреса Вашей ленты новостей в формате RSS или подать заявку на включение Вашего сайта в наш каталог через форму. После модерации заявки в течении 24 часов Ваша лента новостей начнёт транслироваться в разделе Вашего города. Все новости в нашей ленте новостей отсортированы поминутно по времени публикации, которое указано напротив каждой новости справа также как и прямая ссылка на источник информации. Если у Вас есть интересные фото Вашего города или других населённых пунктов Вашего региона мы также готовы опубликовать их в разделе Вашего города в нашем каталоге региональных сайтов, который на сегодняшний день является самым большим региональным ресурсом, охватывающим все города не только России и Украины, но ещё и Белоруссии и Абхазии. Прислать фото можно здесь. Оперативно разместить свою новость в Вашем городе можно самостоятельно через форму.



Новости 24/7 Все города России




Загрузка...


Топ 10 новостей последнего часа






Персональные новости

123ru.net — ежедневник главных новостей Вашего города и Вашего региона. 123ru.net - новости в деталях, свежий, незамыленный образ событий дня, аналитика минувших событий, прогнозы на будущее и непредвзятый взгляд на настоящее, как всегда, оперативно, честно, без купюр и цензуры каждый час, семь дней в неделю, 24 часа в сутки. Ещё больше местных городских новостей Вашего города — на порталах News-Life.pro и News24.pro. Полная лента региональных новостей на этот час — здесь. Самые свежие и популярные публикации событий в России и в мире сегодня - в ТОП-100 и на сайте Russia24.pro. С 2017 года проект 123ru.net стал мультиязычным и расширил свою аудиторию в мировом пространстве. Теперь нас читает не только русскоязычная аудитория и жители бывшего СССР, но и весь современный мир. 123ru.net - мир новостей без границ и цензуры в режиме реального времени. Каждую минуту - 123 самые горячие новости из городов и регионов. С нами Вы никогда не пропустите главное. А самым главным во все века остаётся "время" - наше и Ваше (у каждого - оно своё). Время - бесценно! Берегите и цените время. Здесь и сейчас — знакомства на 123ru.net. . Разместить свою новость локально в любом городе (и даже, на любом языке мира) можно ежесекундно (совершенно бесплатно) с мгновенной публикацией (без цензуры и модерации) самостоятельно - здесь.



Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net