Добавить новость
World News in Turkmen





160*600

Новости сегодня на DirectAdvert

Новости сегодня от Adwile

Актуальные новости сегодня от ValueImpression.com


Опубликовать свою новость бесплатно - сейчас


Stambul: Türkmen raýaty Şamil Gurbandurdyýewe edilen hüjümden soň onuň pasporty uzaldyldy

Stambuldaky türkmen konsullygy Şamil Gurbandurdyýewiň pasportyny uzaltdy. Onuň kakasynyň sözlerine görä, pasport 22-nji oktýabrda, ýagny ýigidiň näbelli adamlar tarapyndan urulmagy we ondan soň yzarlanmagy barada maşgalanyň türk kanun goraýjy edaralara ýüz tutmagyndan bäş gün soň poçta arkaly iberilipdir. Türkmen konsullygy tarapyndan pasportyň möhletiniň uzaldylyp, eýesine poçta arkaly ugradylmagy şu çaka çenli köpçülige mälim bolan ilkinji ýagdaýdyr. 


Stambuldaky türkmen konsullygy Şamil Gurbandurdyýewiň pasportyny uzaltdy. "Türkmen Helsinki Fondunyň" 31-nji oktýabrda çap eden habarynda Şamil Gurbandurdyýewiň pasportynyň 22-nji oktýabrda bir bukjada poçta arkaly maşgalanyň adresine gelendigini aýdylýar.


Şamiliň kakasy Rozymyrat Gurbandurdyýew 24-nji oktýabrda Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürleşende pasportyň 22-nji oktýabrda poçta bilen gelendigini aýdypdy, emma bu habary bermekden häzirlikçe saklanmagy sorapdy. 




Şamil Gurbandurdyýewiň pasportynyň möhleti 2024-nji ýylyň 31-nji dekabryna çenli uzaldylypdyr we muny görkezýän möhür 3-nji oktýabrda basylypdyr.


Stambulda ýaşaýan 28 ýaşly türkmen raýaty Şamil Gurbandurdyýewe Konsullyk tarapyndan pasportyň ugradylmagy, onuň hüjüme sezewar bolup, polisiýa ýüz tutmagynyň yzýanyna gabat geldi. 15 oktýabrda Gurbandurdyýew welosipedli işe barýarka, näbelli iki adamyň pyçakly topulmagyna duçar boldy. Onuň Türkiýäniň kanun goraýjy edaralaryna eden ýüzlenmesi boýunça derňew başlandy. 


Şamil uzak wagtlap pasportyny täzelemekde kynçylyk çekýärdi. Onuň Stambuldaky türkmen konsullygyna 18 sapar barmagy oňyn netije bermedi.


Mundan başga-da, kakasy Rozymyrat Gurbandurdyýew sosial ulgamlar arkaly Şamiliň pasportynyň möhletini uzaltmagy haýyş edip, türkmen häkimiýetlerine ýüz tutdy. Onuň beýleki aktiwistler we ýerli aklawçy bilen bilelikde türkmen diplomatlary bilen duşuşmak boýunça eden synanyşygy konsullygyň howlusynda ýenjilmegi bilen tamamlandy. Bu waka 16-njy awgustda boldy. Aktiwistler bu ýagdaý boýunça hem Türkiýäniň prokuraturasyna ýüz tutdular.


Şamil Gurbandurdyýewiň pasportynyň möhleti uzaldylyp poçta arkaly ugradylmagy Stambuldaky türkmen konsullygyna ýüz tutan adamlaryň arasynda köpçülige mälim bolan ilknji ýagdaýdyr. Adatça, türkmen migrantlary Türkiýäniň beýleki şäherlerinde ýaşaýan hem bolsalar konsullyga özleri baryp dokumentlerini almaly bolýarlar.


Azatlyk Radiosy Türkmenistanyň Stambuldaky konsullygynyň özünden maglumat alyp bilmedi. 


Uzak wagtlap türkmen diplomatlary raýatlaryň pasportlarynyň möhletini uzatmadylar, soň 2 we 6 aý möhletli uzaldyp başladylar. Konsullyk işgärleri bilen baglanyşykly araçylaryň "pasport" meselesinde pul gazanýandyklary barada birnäçe gezek habar berildi. Bu ýagdaý barada ençeme gezek tankytlaýjy habar berlenden soň, türkmen resmileri raýatlaryň pasportlaryň möhletini 2024-nji ýylyň ahyryna çenli uzaldyp başladylar.


Muňa garamazdan, ýüzlerçe türkmen raýaty pasportlaryny uzaldyp bilmeýändigi sebäpli Türkiýede bikanun galýar. Olaryň arasynda ilkinji bolup duranlaryň biri aktiwist Eziz Mämmedow. Ol ilçihana aklawçy we üç aktiwist bilen bilelikde baryp, pasportynyň möhletini uzaltmak üçin gowşurdy. Bularyň hemmesi telefonda wideo ýazga alyndy. Şondan soň Eziz Mämmedow pasportyny gaýdyp görmedi. Pasportsyz galan türkmen raýaty bikanun migrantyň ýagdaýyna düşdi. Netijede ol uly kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýar.




Eziz Mämmedowyň sözlerine görä, ol pasportyny yzyna almak haýyşy bilen konsullyga ýüzlenende jogap hökmünde hyzmatdaşlyk etmek teklibini eşidipdir. "Pasport almak isleýärsiňmi? Biziň bilen hyzmatdaşlyk et. Ýalňyşlyk goýberdim diý. Nädogry ýoldan gideniňi aýt. Bagyşlaň diý. Türkmenistanyň hökümetine hiç haçan garşy çykmajagyňy aýt. Pasportyňy yzyna bereris. Şondan soň seniň konsullyk ýa-da Türkmenistan hökümeti bilen hiç haçan problemaň bolmaz. Hatda goldaw bolar"- diýdiler diýip, Eziz Mämmedow gürrüň berdi. 


Şamil Gurbandurdyýewiň ýagdaýy diňe bir aktiwistler bilen çäklenmän, eýsem olaryň garyndaşlarynyňam "gara sanawa" alynýandygyny we pasportlaryny täzelemekde kynçylyk çekýändigini görkezdi. Azatlyk bilen söhbetdeş bolan türkmenistanlylaryň pikiriçe, türkmen hökümeti resminamalary bermek meselesini daşary ýurtdaky raýatlaryna basyş etmek üçin ulanýar.


Ýatlatsak, 2016-njy ýylda türkmen hökümeti öz raýatlarynyň daşary ýurt pasportlarynyň möhletini 10 ýyldan 5 ýyla çenli azaltdy. Emma, ozalky ýyllarda raýatlar täze pasport almak üçin Türkmenistana gidip bilen bolsalar, 2020-nji ýyldan bäri pandemiýa döwründe olar bu mümkinçilikden mahrum boldular.


2020-nji ýylyň tomsunda Türkmenistan dokumentsiz galan raýatlaryna Türkiýede köp sanly döwlet we döwlete degişli däl guramalar tarapyndan ykrar edilmedik goşmaça bir kagyzda ýazylan resminama beripdi. Şol sebäpden Türkiyede ýaşaýan köp türkmen raýaty ýaşamak üçin ygtyýarnamalaryny uzaltmak mümkinçiligini ýitiripdi we ýurtda bikanun galypdy. Konsullygyň beren şol kagyzlary bilen "Western Union" we beýleki bank ulgamlarynyň üsti bilen pul ugratmak ýa-da almak mümkin däldi. 


2021-nji ýylyň iýulynda Türkmenistanyň hökümeti türkmen raýatlarynyň daşary ýurtlardaky ilçihanalarynda biometrik pasportlarynyň möhletini uzaltmagyň tertibini tassyklady. Stambuldaky türkmen konsullygy şu ýylyň başynda biometrik pasportlary uzaldyp başlady.


Türkmenistanyň hökümeti raýatlaryna pasport bermek meselesini entek doly çözmedi. Muňa derek, Türkiýäniň wiza girizmegini sorady we şeýlelik bilen raýatlarynyň çekýän kynçylyklaryny hasam agyrlaşdyrdy.


Rus dilinde hem okaň


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.


Загрузка...

Читайте на сайте

Другие проекты от 123ru.net








































Другие популярные новости дня сегодня


123ru.net — быстрее, чем Я..., самые свежие и актуальные новости Вашего города — каждый день, каждый час с ежеминутным обновлением! Мгновенная публикация на языке оригинала, без модерации и без купюр в разделе Пользователи сайта 123ru.net.

Как добавить свои новости в наши трансляции? Очень просто. Достаточно отправить заявку на наш электронный адрес mail@29ru.net с указанием адреса Вашей ленты новостей в формате RSS или подать заявку на включение Вашего сайта в наш каталог через форму. После модерации заявки в течении 24 часов Ваша лента новостей начнёт транслироваться в разделе Вашего города. Все новости в нашей ленте новостей отсортированы поминутно по времени публикации, которое указано напротив каждой новости справа также как и прямая ссылка на источник информации. Если у Вас есть интересные фото Вашего города или других населённых пунктов Вашего региона мы также готовы опубликовать их в разделе Вашего города в нашем каталоге региональных сайтов, который на сегодняшний день является самым большим региональным ресурсом, охватывающим все города не только России и Украины, но ещё и Белоруссии и Абхазии. Прислать фото можно здесь. Оперативно разместить свою новость в Вашем городе можно самостоятельно через форму.



Новости 24/7 Все города России




Загрузка...


Топ 10 новостей последнего часа






Персональные новости

123ru.net — ежедневник главных новостей Вашего города и Вашего региона. 123ru.net - новости в деталях, свежий, незамыленный образ событий дня, аналитика минувших событий, прогнозы на будущее и непредвзятый взгляд на настоящее, как всегда, оперативно, честно, без купюр и цензуры каждый час, семь дней в неделю, 24 часа в сутки. Ещё больше местных городских новостей Вашего города — на порталах News-Life.pro и News24.pro. Полная лента региональных новостей на этот час — здесь. Самые свежие и популярные публикации событий в России и в мире сегодня - в ТОП-100 и на сайте Russia24.pro. С 2017 года проект 123ru.net стал мультиязычным и расширил свою аудиторию в мировом пространстве. Теперь нас читает не только русскоязычная аудитория и жители бывшего СССР, но и весь современный мир. 123ru.net - мир новостей без границ и цензуры в режиме реального времени. Каждую минуту - 123 самые горячие новости из городов и регионов. С нами Вы никогда не пропустите главное. А самым главным во все века остаётся "время" - наше и Ваше (у каждого - оно своё). Время - бесценно! Берегите и цените время. Здесь и сейчас — знакомства на 123ru.net. . Разместить свою новость локально в любом городе (и даже, на любом языке мира) можно ежесекундно (совершенно бесплатно) с мгновенной публикацией (без цензуры и модерации) самостоятельно - здесь.



Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net