Putin Soçide ermeni we azeri liderleri bilen duşuşyp, meseleleriň saklanyp galýandygyny aýtdy
31-nji oktýabrda Russiýanyň Gara deňiz kenaryndaky Soçi şypahanasynda bolan duşuşyk, kawkazly goňşularyň arasynda 2020-nji ýyldaky ganly söweşden soň ýüze çykan iň erbet çaknyşykdan bir aý soň boldy.
Ermenistanyň premýer-ministri Nikol Paşinýan we Azerbaýjanyň prezidenti Ylham Alyýew bilen geçirilen duşuşyklardan soň Putin gutarnykly parahatçylyk şertnamasyna gelmäge böwet bolýan meseleleriň saklanyp galýandygyny aýtdy, ýöne hiç bir jikme-jik zat aýtmady.
Emma muňa garamazdan, ol geçirilen gepleşikleri “örän peýdaly” diýip häsiýetlendirdi.
Gepleşiklerden soň çap edilen bilelikdäki beýanatda iki tarapyň güýç ulanmakdan saklanmaga, birek-biregiň özygtyýarlylygyna, territorial bitewiligine we serhetleriň eldegrilmesizligine hormat goýmaga esaslanýan gepleşik geçirmek wadasyny berendigi aýdylýar.
Şeýle-de beýanatda Ermenistan bilen Azerbaýjanyň gatnaşyklary kadalaşdyrmak, parahatçylygy we durnuklylygy pugtalandyrmak, öz sebitleriniň howpsuzlygy we ykdysady ösüşi üçin tagalla etjekdigi aýdylýar.