Добавить новость
World News in Turkmen





160*600

Новости сегодня на DirectAdvert

Новости сегодня от Adwile

Актуальные новости сегодня от ValueImpression.com


Опубликовать свою новость бесплатно - сейчас


Howany hapalamakda tankytlanýan ​​​​​​​Türkmenistanda 'ekologiýa sapagyny' Ginnesiň rekordlar kitabyna girizmek teklip edilýär

Türkmenistanda geçirilen ekologiýa boýunça giň gerimli okuw sapagyny Ginnesiň rekordlar kitabyna girizmek teklip edilýär diýip, Türkmen döwlet habarlar (TDH) agentligi ýazýar. Bu habar Ginness rekordlar kitabynyň wekilleriniň türkmenlere tälim berjekdigi baradaky maglumatyň, şeýle-de Türkmenistanda ýokary derejede metan gazyny syzdyrýan täze ýerleriň üstüniň açylmagynyň yz ýanyna gabat geldi.


"28-nji oktýabrda gurluşygy güýçli depginde alnyp barylýan Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň golaýynda 'Organiki bakjalyk we onuň ekologiýa goşýan goşandy' atly okuw sapagy geçirildi. Ol açyk asmanyň astynda geçirilen şeýle çäreleriň iň giň gerimlisi boldy. Bu çäräni Ginnesiň rekordlar kitabyna girizmegi teklip etmek meýilleşdirilýär" diýip, resmi metbugat habar berýär.


Maglumatda bu okuw sapagyna oba hojalyk pudagynyň 500-den gowrak hünärmeniniň, şeýle-de Türkmenistana gelen Bütindünýä rekordlary guramak boýunça geňeşçi Aýdyn Türkgüjüniň hem gatnaşandygy bellenýär.




TDH okuw sapagyna taýýarlyk meselesiniň Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň 27-nji oktýabrda Ahal welaýatyna amala aşyran iş saparynyň barşynda ara alnyp maslahatlaşylandygyny hem belledi.


Bu habar, Ginness rekordlar kitabynyň wekilleriniň Ahalda gurulýan täze administratiw merkeziniň 500 hünärmeni üçin bir günlük okuw geçirmegi planlaşdyrýandygy baradaky maglumatyň yz ýanyna gabat geldi.


Ginness Rekordlar kitabynyň wekilleriniň türkmenlere tälim berjekdigi barada Ahalda täze merkez gurmak boýunça döwlet komitetiniň başlygy Derýageldi Orazow bu ýere iş sapary wagtynda Gurbanguly Berdimuhamedowa hasabat beripdir. Bu barada 16-njy oktýabrda Arzuw.news neşiri habar berdi. Şonda bu okuw sapagyna türkmen hünärmenleriniň, alymlarynyň we uniwersitet okuwçylarynyň gatnaşjakdygy hem aýdyldy.


Ýöne TDH-nyň soňky habarynda "ekologiýa sapagyny" Ginnesiň rekordlar kitabyna girizmegiň teklip edilýändigi aýdylsa-da, sapakda kitabyň wekilleriniň türkmenlere tälim berendigi ýa bermändigi barada hiç zat aýdylmaýar.


Galyberse-de, "ekologiýa sapagyny" Ginnesiň rekordlar kitabyna girizmegiň teklip edilmegi, howa goýberilýän zyýanly gazlara barha kän jogapkär bolmakda tankytlanýan Türkmenistanda ýokary derejede metan gazyny syzdyrýan täze 12 sany ýeriň üstüniň açylan mahalyna gabat geldi.




NASA-nyň, ABŞ-nyň komos agentliginiň 25-nji oktýabrda ýaýradan maglumatyna görä, alymlar Türkmenistanyň Hazaryň gündogarynda ýerleşýän nebit-gaz infrastrukturasyndaky 12 ýerden asmana göterilýän tüssäniň şleýfiniň her sagatda 50 müň 400 kilogram metany howa goýberýändigini çaklaýarlar.


Elektrik stansiýalarynda ulanylýan tebigy gazyň esasy düzüm bölegi bolan metan, adam tarapyndan döredilen parnik zyňyndylarynyň bir bölegini düzýär. Ýöne ol atmosfera akdyrylanda onuň ýylylyk täsiri kömürturşy gazyndan 80 esse ýokary bolýar.


Tebigaty goramak üçin iňňän uly iş bitirilýändigini tekrarlaýan türkmen häkimiýetleri geçen hepde geçirilen "ekologiýa sapagynda" ýurduň käbir nebit we gaz desgalarynyň dünýäde howanyň özgermegine täsir ýetirýändigi baradaky maglumatlar barada aç-açan çykyş etmeýärler.


Ýöne resmi metbugatyň "ekologiýa sapagy" baradaky habarynda "daşky gurşawa aýawly garamak Türkmenistanda amala aşyrylýan ähli düzümleýin taslamalara bildirilýän esasy talapdyr" diýilýär.


Ginness rekordlar kitabynyň wekilleri Türkmenistanyň häkimiýetleri bilen uzak ýyllar bäri hyzmatdaşlyk edip gelýärler. Soňky 20 ýyla golaý döwürde Ginness rekordlar kitaby ýurtda, şol sanda öňki prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagyndaky onlarça rekordy hasaba aldy.




Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.




Загрузка...

Читайте на сайте

Другие проекты от 123ru.net








































Другие популярные новости дня сегодня


123ru.net — быстрее, чем Я..., самые свежие и актуальные новости Вашего города — каждый день, каждый час с ежеминутным обновлением! Мгновенная публикация на языке оригинала, без модерации и без купюр в разделе Пользователи сайта 123ru.net.

Как добавить свои новости в наши трансляции? Очень просто. Достаточно отправить заявку на наш электронный адрес mail@29ru.net с указанием адреса Вашей ленты новостей в формате RSS или подать заявку на включение Вашего сайта в наш каталог через форму. После модерации заявки в течении 24 часов Ваша лента новостей начнёт транслироваться в разделе Вашего города. Все новости в нашей ленте новостей отсортированы поминутно по времени публикации, которое указано напротив каждой новости справа также как и прямая ссылка на источник информации. Если у Вас есть интересные фото Вашего города или других населённых пунктов Вашего региона мы также готовы опубликовать их в разделе Вашего города в нашем каталоге региональных сайтов, который на сегодняшний день является самым большим региональным ресурсом, охватывающим все города не только России и Украины, но ещё и Белоруссии и Абхазии. Прислать фото можно здесь. Оперативно разместить свою новость в Вашем городе можно самостоятельно через форму.



Новости 24/7 Все города России




Загрузка...


Топ 10 новостей последнего часа






Персональные новости

123ru.net — ежедневник главных новостей Вашего города и Вашего региона. 123ru.net - новости в деталях, свежий, незамыленный образ событий дня, аналитика минувших событий, прогнозы на будущее и непредвзятый взгляд на настоящее, как всегда, оперативно, честно, без купюр и цензуры каждый час, семь дней в неделю, 24 часа в сутки. Ещё больше местных городских новостей Вашего города — на порталах News-Life.pro и News24.pro. Полная лента региональных новостей на этот час — здесь. Самые свежие и популярные публикации событий в России и в мире сегодня - в ТОП-100 и на сайте Russia24.pro. С 2017 года проект 123ru.net стал мультиязычным и расширил свою аудиторию в мировом пространстве. Теперь нас читает не только русскоязычная аудитория и жители бывшего СССР, но и весь современный мир. 123ru.net - мир новостей без границ и цензуры в режиме реального времени. Каждую минуту - 123 самые горячие новости из городов и регионов. С нами Вы никогда не пропустите главное. А самым главным во все века остаётся "время" - наше и Ваше (у каждого - оно своё). Время - бесценно! Берегите и цените время. Здесь и сейчас — знакомства на 123ru.net. . Разместить свою новость локально в любом городе (и даже, на любом языке мира) можно ежесекундно (совершенно бесплатно) с мгновенной публикацией (без цензуры и модерации) самостоятельно - здесь.



Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net