Öňki prezident Lula da Silwa Braziliýanyň prezident saýlawynda ýeňiş gazandy
Habar çap edilende sesleriň 99 göterimi sanalypdy. Lula da Silwa sesleriň 50,8%-ni ses aldy. Bolsonaro - 49,2% ses aldy. Ses berişlige gatnaşygyň 80%-e golaý bolandygy habar berilýär.
Çepçi Işçiler partiýasynyň esaslandyryjysy, 77 ýaşly Lula da Silwa, 1989, 1994 we 1998-nji ýyllarda eden üç şowsuz synanyşygyndan soň, 2003-nji ýyldan 2011-nji ýyla çenli Braziliýa ýolbaşçylyk edip, iki prezident saýlawynda ýeňiş gazandy.
2018-nji ýylda ol korrusiýa aýyplamasynda aýyplanyp, günäli tapylandan soň, üçünji möhlete dalaş edip bilmedi. Geçen ýylyň mart aýynda oňa garşy çykarylan korrupsiýa hökümi ýatyryldy.