27-nji oktýabr – Türkmenistanyň öňki Garaşsyzlyk güni
Türkmenistanlylaryň hakyky Garaşsyzlyk baýramynyň bellenilýän taryhy senesi öňki prezident, Halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyçlary esasynda, halka geňeşmezden üýtgedildi.
2017-nji ýylyň 9-10-njy oktýabrynda geçirilen Ýaşulular maslahatynda kabul edilen karar netijesinde, Türkmenistanyň ikinji prezidentiniň başlangyçlary esasynda geçirilen sport çäresi bilen baglylykda, Garaşsyzlyk güni halka hakyky ýagdaýda geňeşmezden, açyk pikir alyşmazdan üýtgedildi.
Ýurtdaky gorky aladalary sebäpli pikirini açyk aýdyp bilmeýän, diňe ikiçäk ýagdaýda öz hakyky pikirini aýdyp bilýän adamlar özara gürrüňçilikde Garaşsyzlyk gününiň üýtgedilmegine razy däldiklerini, hiç wagt hem razy bolmajakdyklaryny, mümkinçilik dörän ilkinji pursatda öňki, hakaky Garaşsyzlyk gününiň dikeldilmegini talap etjekdiklerini aýdýarlar.
Şol bir wagtda, hökümet tankytçylarynyň köpüsiniň pikiriçe, 2017-nji ýyldaky sport çäresi bilen bagly amala aşyrylan uly gurluşyklar Türkmenistanda dowam edýän häzirki ykdysady kynçylyklaryň bir sebäbi hasaplanylýar.
Bu mesele boýunça Azatlyga pikirini aýdan raýatlaryň köpüsi Türkmenistanyň öz täze taryhynda 1924-nji ýylyň 27-nji oktýabrynda resmi taýdan ýurt bolandygyny gowy bilýärler. Ýöne bu gün, bile işlän egindşleriniň birnäçesiniň tassyklamagyna görä, Türkmenistanyň öňki prezidenti Saparmyrat Nyýazowy hem ‘rahatsyz’ edýärdi. Ýöne şol wagt onuň bu senäni üýtgetmek pikirine açyk garşy çykyp bilýän adamlar bardy we ol bu niýetinden el çekmeli bolupdy.
Garaşsyzlyk güni üýtgedilenden soň, Aşgabatdaky bir diňleýjimiz anonimlik şertinde gürleşip, Garaşsyzlyk gününi, 1924-nji ýylyň 27-nji oktýabrynda Türkmenistan döwletini döredilen güni, mukaddes bir gün hökmünde ýatlaýan adamlaryň az hem bolsa bardygyny aýtdy.
Azatlygyň bir habarçysynyň 2021-nji ýylda ýazmagyna görä, “27-nji oktýabr adamlaryň aňynda we ýüreginde Garaşsyzlyk güni hökmünde orun aldy”, “Berdimuhamedowyň şahsy başlangyçlary bilen baglylykda, 27-nji oktýabrda bellenen taryhy Garaşsyzlyk gününiň bäş günlük Aziýa oýunlary sebäpli 27-nji sentýabra geçirilmegi adamlarda “içki gahar, nägilelik döretdi”.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.