Добавить новость
World News in Turkmen





160*600

Новости сегодня на DirectAdvert

Новости сегодня от Adwile

Актуальные новости сегодня от ValueImpression.com


Опубликовать свою новость бесплатно - сейчас


Maryda býujet işgärlerinden 'pagta ýygymyna gitmeýändigi' barada dilhaty alynýar

Şu günler Türkmenistanyň dürli sebitlerinde pagta ýygymy möwsümi we munuň bilen baglylykda býujet işgärleriniň gowaça meýdanlaryna mejbury alnyp gidilmegi dowam edýär. Bu mejbury çäräniň arasynda, Mary welaýatynyň kanun goraýjy edaralarynyň işgärleri döwlet edara-kärhanalarynyň işgärlerinden "pagta ýygymyna gitmeýändigi" barada dilhaty alýarlar. Bu aralykda, häkimiýetler heniz pagta hasyly we gowaça çöpleri doly ýygylyp alynmadyk gowaça meýdanlarynda güýzlük bugdaý ekişine bat berýärler. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy sebitden maglumat berdi.


"Organ işgärleri býujet işgärleriniň her birinden pagta ýygymyna gitmeýändigi barada dilhaty aldylar. Muny ähli edaralaryň işgärleri tabşyrdy" diýip, maryly býujet işgäri anonimlik şertinde aýtdy.


Habarçymyz işgärlerden dilhaty alnandan soň, edara-kärhanalaryň tas ählisinde ýygnaklaryň geçirilendigini, bularda pagta ýygymyna gatnaşmakdan ýa-da ýygym üçin pul goşmakdan ýüz öwren işgärleriň işden çykarylmak bilen ýüzbe-ýüz bolup biljekdiginiň duýdurylandygyny aýtdy.




"Býujet işgärleri indi pagta ýygymyna gatnaşjak däldigi ýa-da gatnaşdyrylýandygy barada hiç ýere şikaýat edip bilmeýärler. Sebäbi bu dilhaty olara böwet bolýar. Şeýle-de, organ işgärleriniň gatnaşmagynda geçirilen ýygnaklarda işgärler ýygym üçin pul bermekden ýüz öwürse, onda şol edaranyň ýolbaşçysynyň işgäriň üstünden raport ýazyp bilýändigi hem aýdyldy. Bu raportda 'işgäriň döwlet tarapyndan geçirilýän köpçülikleýin syýasy çäreden ýüz öwürýändigi" barada görkezme beriljekdigi we munuň 'işgäriň işini ýitirmegine sebäp bolup biljekdigi' duýduryldy" diýip, welaýat prokuraturasyndaky çeşmämiz habarçymyza gürrüň berdi.


Türkmenistanyň häkimiýetleri pagta hasylyny ýygnap almakda döwrebap kombaýnlaryň ulanylýandygyny tekrarlasalar-da, Azatlygyň habarçylary ýurduň dürli sebitlerinde býujet işgärleriniň mejbury pagta ýygymyna köpçülikleýin çekilýändigini ýa-da olardan ýygym üçin pul toplanýandygyny awgust aýyndan bäri yzygiderli habar berýärler.


Marydaky habarçymyz şu günler her edaradan, kärhananyň işgär sanyna görä, 50-100 adamyň pagta ýygymyna iberilýändigini ýa-da işgärlerden "hakyna tutma işçiler" üçin pul toplanýandygyny aýdýar.


"Edara işgärleri gowaça meýdanlaryna gündelik we ýatymlaýyn iberilýär ýa-da olar özlerine derek pagta ýygjak işçiler üçin pul töleýärler. Hakyna tutma işçileriň eline 20 manat tölenýär. Ýöne edara ýolbaşçylary işgärlerden 40 manat ýygnap alýar. Pandemiýa döwründe saglyk işgärlerinden pagta ýygymy üçin artykmaç pul ýygnalmaýardy. Ýöne bu ýyldan ýagdaý ýene öňküsi ýaly boldy. Saglyk işgärleri hem mejbury pagta ýygymyna gatnaly ýa-da pul bilen goşant goşmaly bolýarlar" diýip, býujet işgäri aýtdy.


Bu aralykda, habarçymyz häkimiýetleriň welaýatyň heniz pagta hasyly we gowaça çöpleri doly ýygylyp alynmadyk gowaça meýdanlarynda güýzlük bugdaý ekişine bat berýändigini habar berýär.




"Mary welaýat häkimi ähli etrap häkimleri bilen ýygnak geçirip, bugdaý ekişine başlamagy buýurdy. Etraplarda entek gozalary doly açylyp ýetişmedik pagta meýdanlaryna traktorlar girip, pagta meýdanlaryny sürmäne başladylar. Tehnikalar gowaçany duran ýerinde goparyp, döwüp bir gyra ýaplap barýar hem-de bugdaý ekýär. Kärendeçiler 'gowaçamyzyň her birinde açylmadyk azyndan 5-7 sany goza bar, goza açylar ýaly derman sepip, 5-6 günden kombaýn salyp, bolanja pagtany ýygnap alyp, soň bugdaý ekseňiz bolardy. Biziň tabşyrýan pagtamyzyň agramy köpelip, girdejimiz hem köp bolardy' diýýärler" diýip, maryly kärendeçi anonimlik şertinde aýtdy.


Habarçymyz güýzlük bugdaý ekişi üçin pagta meýdanlary sürlen kärendeçileriň gowaça çöplerini, açylman galan gozalary we pagtalary ýygnap almaga howlukýandygyny hem aýdýar.


"Üç-dört güne galman, bugdaýy gögeriş suwuna tutarlar. Şonuň üçin gowaça çöplerini tizden-tiz ýygnap almasak, ählisi suwa çümer. Biz gowaça çöplerini odun deregine ulanýarys ýa-da odun edip ulanýanlara satyp, çykdajylarymyzy ýapmana synanyşýarys. Ýöne muny üç-dört günüň dowamynda ýygnap ýetişjegimiz gümana" diýip, kärendeçi sözüne goşdy.




Bu maglumatlar prezident Serdar Berdimuhamedowyň "bugdaý ekişiniň depginini güýçlendirmegiň zerurdygyny" aýtmagynyň yz ýanyna gabat geldi.


Döwlet baştutany 25-nji oktýabrda Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatynda obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasaryna we welaýat häkimlerine ýüzlenip, bugdaý ekişi bilen baglanyşykly meseleleri berk gözegçilikde saklamagy hem taşbyrdy.


Soňky iki hepdäniň dowamynda hökümet maslahatlarynda ýurtda pagta hasylyny gysga wagtda we ýitgisiz ýygnap almak, şeýle-de bugdaý ekişiniň depginini güýçlendirmek meseleleri ençeme gezek maslahat edildi. Prezident bu işleriň depginine nägilelik bildirdi.


Türkmenistanda berk döwlet gözegçiligi astynda saklanýan pagta we galla önümçilikleri ýurduň oba hojalyk pudagynyň esasy özenleri hasaplanýar.


Adam hukuklaryny gorap çykyş edýän halkara guramalar Türkmenistanyň hökümetini pagta önümçiliginde mejbury zähmetden peýdalanmakda berk tankyt edýärler. Türkmen hökümeti tankytlara resmi reaksiýa bildirmeýär.


Bu ýyl Türkmenistanda 580 müň gektar meýdandan 1 million 250 müň tonna pagta hasylyny we 2023-nji ýylda 690 müň gektar meýdandan 1 million 400 müň tonna bugdaý hasylyny ýygnamak göz öňünde tutulýar.




Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.


Загрузка...

Читайте на сайте

Другие проекты от 123ru.net








































Другие популярные новости дня сегодня


123ru.net — быстрее, чем Я..., самые свежие и актуальные новости Вашего города — каждый день, каждый час с ежеминутным обновлением! Мгновенная публикация на языке оригинала, без модерации и без купюр в разделе Пользователи сайта 123ru.net.

Как добавить свои новости в наши трансляции? Очень просто. Достаточно отправить заявку на наш электронный адрес mail@29ru.net с указанием адреса Вашей ленты новостей в формате RSS или подать заявку на включение Вашего сайта в наш каталог через форму. После модерации заявки в течении 24 часов Ваша лента новостей начнёт транслироваться в разделе Вашего города. Все новости в нашей ленте новостей отсортированы поминутно по времени публикации, которое указано напротив каждой новости справа также как и прямая ссылка на источник информации. Если у Вас есть интересные фото Вашего города или других населённых пунктов Вашего региона мы также готовы опубликовать их в разделе Вашего города в нашем каталоге региональных сайтов, который на сегодняшний день является самым большим региональным ресурсом, охватывающим все города не только России и Украины, но ещё и Белоруссии и Абхазии. Прислать фото можно здесь. Оперативно разместить свою новость в Вашем городе можно самостоятельно через форму.



Новости 24/7 Все города России




Загрузка...


Топ 10 новостей последнего часа






Персональные новости

123ru.net — ежедневник главных новостей Вашего города и Вашего региона. 123ru.net - новости в деталях, свежий, незамыленный образ событий дня, аналитика минувших событий, прогнозы на будущее и непредвзятый взгляд на настоящее, как всегда, оперативно, честно, без купюр и цензуры каждый час, семь дней в неделю, 24 часа в сутки. Ещё больше местных городских новостей Вашего города — на порталах News-Life.pro и News24.pro. Полная лента региональных новостей на этот час — здесь. Самые свежие и популярные публикации событий в России и в мире сегодня - в ТОП-100 и на сайте Russia24.pro. С 2017 года проект 123ru.net стал мультиязычным и расширил свою аудиторию в мировом пространстве. Теперь нас читает не только русскоязычная аудитория и жители бывшего СССР, но и весь современный мир. 123ru.net - мир новостей без границ и цензуры в режиме реального времени. Каждую минуту - 123 самые горячие новости из городов и регионов. С нами Вы никогда не пропустите главное. А самым главным во все века остаётся "время" - наше и Ваше (у каждого - оно своё). Время - бесценно! Берегите и цените время. Здесь и сейчас — знакомства на 123ru.net. . Разместить свою новость локально в любом городе (и даже, на любом языке мира) можно ежесекундно (совершенно бесплатно) с мгновенной публикацией (без цензуры и модерации) самостоятельно - здесь.



Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net