Gyrgyz häkimiýetleri serhet wideosy sebäpli AÝ/AR-nyň web sahypasyny petikleýär
Gyrgyzystanyň Maglumat ministrligi 26-njy oktýabrdaky beýanatynda “Azattyk” radiosynyň web sahypasynyň iki aýlap petiklenýändigini aýtdy. Ministrlik bu çäräniň "Gyrgyzystanyň milli bähbitlerine ters gelýän" ygtybarsyz materiallara "jogap hökmünde görlendigini aýtmak bilen, sentýabr aýynda bolan serhet çaknyşyklary barada takyk däl maglumatlaryň berlendigini öňe sürdi.
Ministrlik şu hepdäniň başynda AÝ/AR-a hat iberip, gyrgyz dilindäki makalalara edilen gözegçiligiň gyrgyz-täjik serhedinde bolup geçen wakalary beýan edýän [wideoda] “tarapgöýlüge ýol berlip, esasan täjik tarapynyň pozisiýasyna gol ýapylandygynyň” üstüni açandygyny aýtdy.
Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň prezidenti we ýerine ýetiriji direktory Jeými Flaý bu çärä jogap edip, teleradio ýaýlymyň "deňagramly habar bermek baradaky ygrarlylygyna çynlakaý çemeleşýändigini" we mazmun gözden geçirilenden soň "standartlarymyzyň bozulmandygy” baradaky netijä gelnendigini aýtdy. "Biz bu kararyň üstünden şikaýat ederis" diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.