Gürjüstan türkmen gazyny satyn almak isleýär, Gyrgyzystan gaz üçin gepleşik geçirýär
“Türkmenistandan tebigy gazyň iberilmegi bilen diňe Ýewropa Bileleşigi däl, eýsem Gruziýa hem gyzyklanýar. Emma muňa garamazdan, türkmen tebigy gazy ilki Azerbaýjan bazaryna eksport edilmeli. Bu mesele halkara hyzmatdaşlygynyň tagallalary bilen çözülip bilner” diýip, ol aýtdy.
Çikowaniniň pikirine görä, bu meseleleriň çözülmegi üçin ÝB ýurtlarynyň, Günorta Kawkazyň, Merkezi Aziýanyň we senagat wekilleriniň gatnaşmagynda uly göwrümli gepleşikleriň geçirilmegi zerur. Ol bu sözleri 26-njy oktýabrda Aşgabatda, "Türkmenistanyň nebiti we gazy - 2022" diýen at bilen açylan halkara maslahatynda eden çykyşynda aýtdy.
"Türkmengaz" döwlet konserniniň başlygy Batyr Amanow halkara maslahatyň dowamynda eden çykyşynda anyklaşdyrman Türkmenistanyň öz tebigy gazyny Ýewropa ibermeginde uly mümkinçilikleriň bardygyny aýtdy.
Şu aralykda Türkmenistanyň prezidenti Gruziýanyň Türkmenistanda täze bellenen ilçisi Konstantin Sabiaşwilini kabul etdi.
Serdar Berdimuhamedow, anyklaşdyrmazdan, soňky ýyllarda türkmen-gruzin gatnaşyklarynyň üstünlikli ösdürilýändigini belledi.
Duşuşygyň dowamynda türkmen-gruzin döwletara gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hasaplanýan ulag ulgamy, energetika pudagy barada hem gürrüň edildi.
"Biznes Türkmenistan"neşiriniň gyrgyz metbugatyna salgylanyp ýazmagyna görä, şu aralykda Gyrgyzystanyň Türkmenistandan 350 million kub metr tebigy gaz almak üçin gepleşik geçirýändigi mälim boldy.