Kanun çykaryjy Tbilisidäki öýünde öli tapyldy
Bu ýerde bir bilinmeýän oýnuň oýnalan bolmak ähtimallygy düýbünden aradan aýrylmady, ýöne Içeri işler ministrligi 27-nji oktýabrda Azatlyk radiosynyň Gürji gullugyna Hakubianyň ölümi boýunça derňew işiniň geçirilendigini, onuň öz-özüni öldüren bolmagynyň mümkin hasaplanylýandygyny aýtdy.
Habar beriş serişdeleri 51 ýaşly kanun çykaryjynyň 2017-nji ýylda polisiýadan gaçyp gutulmakçy bolanda, ýol hadysasynda ýogalan 21 ýaşly ogly Beka Hakubiany ýitireli bäri saglyk meselesiniň bolandygyny habar berdiler.
2019-njy ýylda iki sany polisiýa işgäri Beka Hakubianyň ölümine sebäp bolan hadysa bilen baglylykda öz ygtyýarlyklaryndan hyýanatçylykly peýdalanmakda günäli tapyldy we 2 ýarym we 1 ýarym ýyl azatlykdan mahrum edildi.