Türkmenistanda Ýewropa Bileleşiginiň Medeniýet hepdeligi açyldy
Dabaraly açylyşa, Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatryna gelenleriň sanynyň juda köp bolmagy aşgabatlylaryň we paýtagtyyň myhmanlarynyň “Bitewülikde köpdürlülik” ady bilen geçirilýän Medeniýet hepdeligine uly gyzyklanma bildirýändiklerine şaýatlyk edýär diýip, TDH ýazýar.
Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky ilçisiniň wezipesini ýerine ýetiriji Renata Wrubel gutlag sözi bilen çykyş etdi.
Soňra Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestriniň, solistleriň, Döwlet horunyň ýerine ýetirmeginde Ýewropanyň nusgawy saz sungatynyň “altyn gaznasyna” giren eserler ýaňlandy.
Medeniýet hepdeliginiň maksatnamasynda konsertler, sergiler, döredijilik duşuşyklary, ussatlyk sapaklary, maslahatlar, Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary hem-de giň köpçülik üçin okuw maslahatlary bar.