Добавить новость
World News in Turkmen





160*600

Новости сегодня на DirectAdvert

Новости сегодня от Adwile

Актуальные новости сегодня от ValueImpression.com


Опубликовать свою новость бесплатно - сейчас


Aşgabat Mirziýoýewi garşylaýar, özbek diasporasy goňşy prezidentiň saparyny maslahatlaşýar

Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew 20-21-nji oktýabrda Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň çakylygy boýunça resmi sapar bilen Aşgabada barýar. Saparyň öň ýany, türkmen häkimiýetleri Aşgabatda hereketi bölekleýin çäklendirýärler. Türkmenistandaky özbek diasporasy goňşy prezidentiň saparyny ara alyp maslahatlaşýar.


Azatlyk Radiosynyň habarçysy hepdäniň dowamynda Aşgabatdaky Magtymguly şaýolunyň Atamyrat Nyýazow köçesine çenli ýapylandygyny, şaýoluň ugry bilen gatnaýan awtobuslaryň ugrunyň üýtgedilendigini habar berýär. Şeýle-de, paýtagtyň bu künjeginde ýerleşýän “Daşkent” seýilgähine ýanaşyk köçeler hem ýapyldy.


Bu seýilgähiň özbek prezidentiniň Aşgabada amala aşyrýan saparynyň dowamynda dabaraly açylmagyna garaşylýar. Şeýle-de, saparyň dowamynda türkmen-özbek serhediniň golaýynda ýerleşjek Söwda merkeziniň düýbüniň tutulmagyna garaşylýar.


Türkmenistanyň dürli sebitlerinde, hususan-da, Daşoguz we Lebap welaýatlarynda etniki özbekler kowçum bolup ýaşaýarlar. 1995-nji ýylda geçirilen ilat ýazuwy ýurduň umumy ilatynyň 9,2 göterimini etniki özbekleriň emele getirýändigini, 88 göteriminiň türkmenlerden düzülendigini aýdýar. Ýarym-resmi Orient.tm neşiri 2010-2020-nji ýyllarda ýurduň türkmen ilatynyň 90 göterimden geçendigini habar berýär.




Bu aralykda, Azatlyk Radiosynyň habarçylary ýurduň özbek ilatly sebitlerinde özbek diliniň, özbek medeniýetiniň we Özbegistanyň media serişdeleriniň ilat arasynda meşhurlyk gazanýandygyny habar berýärler.


Ýaňy-ýakynda ýurduň demirgazyk Daşoguz welaýatyna sapar eden habarçymyz ilat arasynda özbek teleýaýlymlaryna giňden tomaşa edilýändigini, galyberse-de, Özbegistanyň mobil aragatnaşyk ulgamlaryndan peýdalanylýandygyny habar berýär.


“Özbek telekanallaryna tomaşa edilýär. Ilat hemra arkaly däl, özbek telediňinden iberilýän tolkunlaryň üsti bilen özbek kanallaryna tomaşa edýär” diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy sebitden habar berdi.


Şeýle-de, habarçymyz ilat arasynda özbek diliniň hem meşhurlyga eýe bolandygyny, galyberse-de demirgazyk sebitiň käbir künjeklerinde Özbegistanyň öýjükli telefon operatoryndan peýdalanmagyň mümkindigini habar berdi.


Türkmenistandaky özbek diasporasynyň ýaşaýyş-durmuş şertleri we etniki özbek ilatynyň aladalary barada Azatlyk Radiosynyň redaksiýasyna 20-nji oktýabrda gelip gowşan hat Türkmenistandaky etniki azlyklaryň, hususan-da etniki özbekleriň düşen hal-ahwalyny belli bir derejede açyp görkezýär.


Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň Türkmenistana amala aşyrýan saparynyň fonunda “Türkmenistanyň Lebap we Daşoguz welaýatlarynda kowçum bolup ýaşaýan etniki özbekleriň wekilleri özleriniň Türkmenistandaky hukuk kemsitmelerden halys ýadandyklaryny aýdýarlar” diýip, Azatlyga iberilen okyjy hatynda aýdylýar.


Etniki özbek ilatynyň wekillerine salgylanýan hatyň awtory hususan-da Türkmenistanda soňky 30 ýyl bäri dowam edýän “türkmenleşdirme” syýasatynyň etniki azlyklary aladalandyrýandygyny aýdýar.




“Soňky ýyllarda Türkmenistanyň bilim pudagynda döwlet tarapyndan öňe sürülýän aşa türkmenleşdirme we ýurtda ýaşaýan beýleki milletleri umuman äsgermezlik, olary ýok hasabynda görmek syýasaty”, awtoryň pikiriçe, ýurtda ýaşaýan etniki özbek ýaşlarynyň arasynda käbir nägilelikleri we soraglary döredýär.


Azatlygyň redaksiýasyna iberilen hatyň awtory lebaply bir mugallyma salgylanyp, türkmenistanly etniki özbeklerde döreýän käbir soraglara mysal getirýär.


“Ýoldaş mugallym, näme üçin Özbegistanda ýaşaýan türkmenler öz milli geýimini ýa-da islendik häzirki zaman eşigini geýip bilýärler, türkmen dilinde okap bilýärler welin, emma bizde [Türkmenistanda] hatda özbek dili we edebiýaty dersi hem ýok 11-12 ýyllyk mekdep okuwynda” diýip, hatyň awtory lebaply käbir okuwçylaryň mugallyma berýän soraglaryny sitirleýär.


Hatyň awtory ýurduň gündogar sebitlerinde ilat arasynda Türkmenistanda ýyllarboýy dowam edýän ýapyklyga garşy nägilelik meýilleriniň döräp başlandygyny we ýapyklykdan ýadan etniki özbekleriň goňşy ýurduň syýasy-jemgyýetçilik durmuşyna gözügidijilik bilen seredýändiklerini aýdýar.


Türkmenistandaky ýapyklyk, ykdysady krizis we uzaga çeken syýasy durgunlyk “etniki özbeklerde öň garaşylmadyk täsin reaksiýany döretdi” diýip, okyjy hatynda aýdylýar.




“Ýagny, ençeme ýyllap ‘okuw üçin, iş üçin, geljek üçin’ diýip, käte mejbury, käte meýletin dokumentlerde atlary, familiýasy we milleti türkmenleşdirilen özbekleriň ýaşlary indi bu günki günde özbek telewideniýesine, özbek reallygyna we umuman Özbegistanyň maglumat we syýasy-jemgyýetçilik durmuşyna ýykgyn edýärler” diýip, okyjy hatynda aýdylýar.


Onuň sözlerine görä, lebaply ýaşlar Türkmenistanyň maglumat giňişligi we syýasy-jemgyýetçilik durmuşy bilen deňeşdirilende Özbegistan barada has köp maglumat bilýärler we özbegistanly çinownikleri, sportsmenleri we artistleri, blogerleri tanaýarlar.


“Ýerli ýaşaýjylarda özbek milli egin-eşiklerine, däp-dessurlaryna, Özbegistanda galan garyndaşlarynyň durmuşy bilen has içgin tanyşmaga bolan gyzyklanmalar artyp başlapdyr. Türkmenabatly özbek gyz-gelinler häkimiýetleriň talabyna we dilden buýrugyna garamazdan, adaty durmuşynda, köçede, toý-märekelerde ýene-de öz milli atlaslaryna, şaýy köýneklerine dolanyp başlady” diýip, okyjy haty lebaply bir söwdagäriň sözlerine getirýär.


Okyjy haty Azatlyk Radiosynyň web sahypasynda doly görnüşde çap edildi.


Türkmenistanyň hökümeti, şol sanda ÝHHG-niň Milli azlyklaryň işleri boýunça ýokary komissary bilen geçirýän duşuşyklarynda hem, “jemgyýetiň ähli agzalarynyň hukuklarynyň goraglylygynyň we durmuşa hemmetaraplaýyn ornaşdyrylmagynyň meselelerine aýratyn üns berilýändigini” öňe sürýär.


Emma milli azlyklaryň ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklary, olary köpçülikleýin ýagdaýda ýaşap oturan ýurduny hemişelik terk etmäge itekleýän sebäpleri barada açyk gürrüň edilmeýär. Türkmen häkimiýetleri Azatlygyň bu ugurdaky sowallaryna hem jogap bermekden ýüz öwürýärler.


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.


Загрузка...

Читайте на сайте

Другие проекты от 123ru.net








































Другие популярные новости дня сегодня


123ru.net — быстрее, чем Я..., самые свежие и актуальные новости Вашего города — каждый день, каждый час с ежеминутным обновлением! Мгновенная публикация на языке оригинала, без модерации и без купюр в разделе Пользователи сайта 123ru.net.

Как добавить свои новости в наши трансляции? Очень просто. Достаточно отправить заявку на наш электронный адрес mail@29ru.net с указанием адреса Вашей ленты новостей в формате RSS или подать заявку на включение Вашего сайта в наш каталог через форму. После модерации заявки в течении 24 часов Ваша лента новостей начнёт транслироваться в разделе Вашего города. Все новости в нашей ленте новостей отсортированы поминутно по времени публикации, которое указано напротив каждой новости справа также как и прямая ссылка на источник информации. Если у Вас есть интересные фото Вашего города или других населённых пунктов Вашего региона мы также готовы опубликовать их в разделе Вашего города в нашем каталоге региональных сайтов, который на сегодняшний день является самым большим региональным ресурсом, охватывающим все города не только России и Украины, но ещё и Белоруссии и Абхазии. Прислать фото можно здесь. Оперативно разместить свою новость в Вашем городе можно самостоятельно через форму.



Новости 24/7 Все города России




Загрузка...


Топ 10 новостей последнего часа






Персональные новости

123ru.net — ежедневник главных новостей Вашего города и Вашего региона. 123ru.net - новости в деталях, свежий, незамыленный образ событий дня, аналитика минувших событий, прогнозы на будущее и непредвзятый взгляд на настоящее, как всегда, оперативно, честно, без купюр и цензуры каждый час, семь дней в неделю, 24 часа в сутки. Ещё больше местных городских новостей Вашего города — на порталах News-Life.pro и News24.pro. Полная лента региональных новостей на этот час — здесь. Самые свежие и популярные публикации событий в России и в мире сегодня - в ТОП-100 и на сайте Russia24.pro. С 2017 года проект 123ru.net стал мультиязычным и расширил свою аудиторию в мировом пространстве. Теперь нас читает не только русскоязычная аудитория и жители бывшего СССР, но и весь современный мир. 123ru.net - мир новостей без границ и цензуры в режиме реального времени. Каждую минуту - 123 самые горячие новости из городов и регионов. С нами Вы никогда не пропустите главное. А самым главным во все века остаётся "время" - наше и Ваше (у каждого - оно своё). Время - бесценно! Берегите и цените время. Здесь и сейчас — знакомства на 123ru.net. . Разместить свою новость локально в любом городе (и даже, на любом языке мира) можно ежесекундно (совершенно бесплатно) с мгновенной публикацией (без цензуры и модерации) самостоятельно - здесь.



Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net