Добавить новость
World News in Turkmen





160*600

Новости сегодня на DirectAdvert

Новости сегодня от Adwile

Актуальные новости сегодня от ValueImpression.com


Опубликовать свою новость бесплатно - сейчас


BSG-niň Siriýadaky baş wekili, asly türkmenistanly Magtymowa korrupsiýada, galplykda, hyýanatçylykda aýyplanýar

Bütindünýä saglyk guramasynyň Siriýadaky edarasynyň işgärleri özleriniň asly türkmenistanly başlygynyň millionlarça dollary bisarpa dolandyrandygyny, hökümet işgärlerine kompýuterler, altyn teňňeler we awtoulaglar ýaly sowgatlary paýlandygyny we COVID-19 ýurda ýaýranda özüni biperwaý alyp barandygyny öňe sürdüler. Bu barada "Amerikanyň sesi" (VOA) neşiri "The Associated Press" (AP) habar gullugyna salgylanyp, ​20-nji oktýabrda habar berdi.


"'The Associated Press' (AP) habar gullugy tarapyndan ele salnan 100-den gowrak gizlin resminama, elektron hatlar we beýleki materiallar BSG-niň işgärleriniň derňewçilere guramanyň Siriýadaky wekili doktor Akjemal Magtymowanyň hyýanatçylykly hereket edendigini, BSG-niň işgärlerine Siriýanyň ýokary derejeli hökümet syýasatçylary bilen şertnamalary baglaşmak üçin basyş edendigini, BSG-niň we donorlaryň gaznalaryny bisarpa harçlandygyny aýdandygyny görkezýär" diýlip, neşiriň habarynda bellenýär.


Türkmenistanyň raýaty Magtymowa ozal guramanyň Omandaky wekili we Yemendäki adatdan daşary ýagdaýlar boýunça koordinatory ýaly birnäçe wezipede işledi. Ol COVID-19-yň bütin dünýäde ýaýran döwründe, 2020-nji ýylyň maý aýynda Siriýadaky wezipesine girişdi.


Habarda Magtymowanyň aýyplamalar baradaky soraglara jogap bermekden ýüz öwrendigi we "BSG-niň işgäri hökmünde [üstüne ýüklenen] borçnamalary sebäpli" özüne maglumat paýlaşmagyň "gadagan edilendigini" aýdandygy hem bellenýär. Ol bu aýyplamalary “töhmet” diýip häsiýetlendirýär.


"Amerikanyň sesine" görä, iň azyndan on işgärden gelen şikaýatlar, BSG-niň soňky ýyllardaky iň uly içerki derňewleriniň biriniň geçirilmegine sebäp boldy. BSG öz beýanatynda Magtymowa ýöňkelýän aýyplamalary gözden geçirýändigini tassyklady we guramanyň daşyndaky derňewçilerden hem kömek alýandygyny aýtdy.


"Ýurtdaky ýagdaýlar we işgärleriň goralmagyny üpjün etmek bilen bir hatarda dörän goşmaça bökdençlikler zerarly degişli ygtyýarlyklary almak kynçylygy sebäpli, bu uzaga çeken we çylşyrymly derňew boldy" diýip, BSG aýtdy. Gurama Magtymowa garşy edilen şikaýatlara baha bermek we degişli maglumatlary ýygnamak boýunça soňky aýlarda öňegidişligiň bolandygyny hem belledi. Ýöne BSG derňewiň haçan tamamlanmagyna garaşylýandygy barada wagt möhletini äşgär etmedi.


Neşiriň maglumatyna görä, BSG-niň Siriýa edarasynyň geçen ýyl ýurtda saglyk meselelerini çözmek üçin takmynan 115 million dollar býujeti bardy. Derňewçiler birnäçe aý bäri siriýalylara erbet hyzmat edilendigi we BSG-niň işgärlerine agyr çemeleşilendigi baradaky aýyplamalary derňeýärler. Olaryň arasynda beýlekiler bilen bir hatarda, şu aşakdaky aýyplamalar bar:



Maliýe resminamalarynda, işgärleriň sözüne görä, ýurt koronawirus sanjymlaryny almakda kynçylyk çekýän mahaly, Magtymowanyň bir gezek 10 müň dollardan gowrak serişde harçlanan üýşmeleňi gurnandygy we onda BSG-niň hasabyna öz gazanan üstünliklerini belländigi görkezilýär.
2020- nji ýylyň dekabrynda koronawirus pandemiýasynyň arasynda, Magtymowa BSG-niň Siriýadaky 100-den gowrak işgärine fleş-mob tansyny öwrenmegi tabşyrdy we AP-niň gören wideoýazgylaryna we elektron hatlaryna görä, ol resmilerden Birleşen Milletler Guramasynyň baýramçylyk üýşmeleňi üçin koreografiki ädimleri ýerine ýetirýän pursatlaryny wideo düşürmegi sorady.
BSG-niň Siriýada ýerleşýän alty sany saglyk hünärmeni Magtymowanyň işgärleri birnäçe gezek "gorkak" we "yza galak" diýip atlandyrandygyny aýtdy. Resmiler guramanyň derňewçilerine Magtymowanyň siriýa režiminiň ýokary derejeli syýasatçylaryna "hoşniýetlilik berendigini" we rus harbylary bilen gizlinlikde duşuşandygyny, munuň BSG-niň BMG guramasy hökmünde bitaraplygynyň mümkin bozulmasy bolandygyny aýtdylar. Işgärler ar alyşdan gorkup, atlarynyň tutulmazlygyny haýyş etdiler, olaryň üçüsi BSG-de işlemegi bes etdi.


BSG-niň Siriýada ýaşaýan bir işgäri maý aýynda guramanyň baş direktory Tedros Adhanom Gebreýesusa şikaýat hatyny iberip, Magtymowanyň hökümet işgärleriniň başarnyksyz garyndaşlaryny işe alandygyny aýtdy. Hatda olaryň käbiriniň "adam hukuklaryny bozmakda sansyz gezek" aýyplanandygy bellendi.


"Amerikanyň sesiniň" habaryna görä, Tedros işgäriň arzasyna jogap bermedi. Maý aýynda BSG-niň Gündogar Ortaýer deňzindäki sebit direktory, Magtymowa zähmet rugsadyna gidenden soň, onuň ornuna Siriýada wagtlaýyn wekil belledi. Ýöne Magtymowa BSG-niň işgärler baradaky sanawynda henizem guramanyň Siriýadaky wekili hökmünde görkezilýär we direktor derejesinde aýlyk almagyny dowam etdirýär.


Waşingtondaky Global Ösüş Merkeziniň global saglyk bölüminiň müdiri Hawier Guzman, BSG-niň Magtymowa bilen baglanyşykly soňky aýyplamalarynyň "gaty biynjalyk edijidigini" we muňa kadadan çykma ähtimallygynyň ýokdugyny aýtdy.


Maglumata görä, Guzman BSG-ni Magtymowa we Siriýa ofisine degişli islendik derňew hasabatyny aç-açan ýaýratmaga çagyrdy. BSG derňew hasabatlarynyň “adatça jemgyýetçilik resminamalary däldigini”, ýöne “jemlenen, anonim maglumatlaryň” guramanyň Ýerine ýetiriji geňeşi bilen paýlaşylýandygyny we köpçülige açykdygyny aýtdy.


Bellesek bu, dünýäniň abraýly halkara guramalarynda işleýän türkmen raýatlarynyň hyýanatçylykda we korrupsiýada aýyplanmagy bilen bagly köpçülige äşgär bolan, megerem, ilkinji wakalaryň biri bolsa gerek.


Daşary ýurtlarda ýaşaýan, işleýän we okaýan türkmen raýatlary barada halkara metbugatynda çykýan habarlar barada maglumat çap etmeýän Türkmenistanyň döwlet media serişdelerinde Magtymowa barada hem hiç hili habar göze ilmeýär.


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.


Загрузка...

Читайте на сайте

Другие проекты от 123ru.net








































Другие популярные новости дня сегодня


123ru.net — быстрее, чем Я..., самые свежие и актуальные новости Вашего города — каждый день, каждый час с ежеминутным обновлением! Мгновенная публикация на языке оригинала, без модерации и без купюр в разделе Пользователи сайта 123ru.net.

Как добавить свои новости в наши трансляции? Очень просто. Достаточно отправить заявку на наш электронный адрес mail@29ru.net с указанием адреса Вашей ленты новостей в формате RSS или подать заявку на включение Вашего сайта в наш каталог через форму. После модерации заявки в течении 24 часов Ваша лента новостей начнёт транслироваться в разделе Вашего города. Все новости в нашей ленте новостей отсортированы поминутно по времени публикации, которое указано напротив каждой новости справа также как и прямая ссылка на источник информации. Если у Вас есть интересные фото Вашего города или других населённых пунктов Вашего региона мы также готовы опубликовать их в разделе Вашего города в нашем каталоге региональных сайтов, который на сегодняшний день является самым большим региональным ресурсом, охватывающим все города не только России и Украины, но ещё и Белоруссии и Абхазии. Прислать фото можно здесь. Оперативно разместить свою новость в Вашем городе можно самостоятельно через форму.



Новости 24/7 Все города России




Загрузка...


Топ 10 новостей последнего часа






Персональные новости

123ru.net — ежедневник главных новостей Вашего города и Вашего региона. 123ru.net - новости в деталях, свежий, незамыленный образ событий дня, аналитика минувших событий, прогнозы на будущее и непредвзятый взгляд на настоящее, как всегда, оперативно, честно, без купюр и цензуры каждый час, семь дней в неделю, 24 часа в сутки. Ещё больше местных городских новостей Вашего города — на порталах News-Life.pro и News24.pro. Полная лента региональных новостей на этот час — здесь. Самые свежие и популярные публикации событий в России и в мире сегодня - в ТОП-100 и на сайте Russia24.pro. С 2017 года проект 123ru.net стал мультиязычным и расширил свою аудиторию в мировом пространстве. Теперь нас читает не только русскоязычная аудитория и жители бывшего СССР, но и весь современный мир. 123ru.net - мир новостей без границ и цензуры в режиме реального времени. Каждую минуту - 123 самые горячие новости из городов и регионов. С нами Вы никогда не пропустите главное. А самым главным во все века остаётся "время" - наше и Ваше (у каждого - оно своё). Время - бесценно! Берегите и цените время. Здесь и сейчас — знакомства на 123ru.net. . Разместить свою новость локально в любом городе (и даже, на любом языке мира) можно ежесекундно (совершенно бесплатно) с мгновенной публикацией (без цензуры и модерации) самостоятельно - здесь.



Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net