Добавить новость
World News in Turkmen





160*600

Новости сегодня на DirectAdvert

Новости сегодня от Adwile

Актуальные новости сегодня от ValueImpression.com


Опубликовать свою новость бесплатно - сейчас


Türkmenabatda subsidirlenen bahadan azyk önümleri satylmaýar, Aşgabatda "arzan" çöregiň nyrhy ýokarlandy

Türkmenistanyň ilaty esasy azyk önümlerini subsidirlenen bahalardan satyn almakda kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolmagyny dowam etdirýär. Döwletiň kesgitlän bahalaryndan önümler tekjelerde seýrek peýda bolýar. Käbir sebitlerde un, çörek we ýag birnäçe aýlap satylmaýar. Bu aralykda bahalar ýokarlanýar.


Subsidirlenen bahalardan azyk önümlerine, ýagny paýok diýlip atlandyrylýan çäklendirilen mukdarly azyga ilat tarapyndan uly isleg saklanýar. Çäkli mukdarda döwlet bahasyndan satylýan çörek, un we ösümlik ýagy köp sanly türkmen raýatynyň esasy iýmiti bolup durýar. Emma köpçülik bu önümleri uzak wagtlap satyn alyp bilmeýärler. Azatlyk Radiosynyň habarçylary uzaga çeken azyk krizisi barada yzygiderli habar berýärkä, azyk ýetmezçiligi barada diňleýjiler hem maglumat ýollaýarlar.




Türkmenabadyň ýaşaýjysynyň 10-njy oktýabrda Azatlyga ýollan habarynda şäheriň üçünji kwartalynda ýerleşýän 27 we 39 aralygyndaky öýleriň ilatynyň üç aý bäri subsidirlenen bahalardan azyk satyn alyp bilmeýändigi aýdylýar. Onuň sözlerine görä, bu jaýlar 72-nji döwlet dükanyna degişli bolup, dükan işgärleri hem üpjünçiligiň ýoklugyndan zeýrenýärler. Diňleýji ýaşaýjylaryň prokuratura we şäher administrasiýasyna şikaýat edendiklerini habar berdi.


"Meniň öýümde iki sany maýyp bar. Olar şu wagt ýeke. Men hem daşary ýurtda, şu wagt pul ugradyp bilemok. Haýyş sizden, aladamyzy çap ediň. Hökimet eşitsin we etmeli işini etsin" - diýip, Türkmenabadyň ýaşaýjysy Reimberdi Gurbanow ýazýar.


Azatlyk Radiosy dükan işgärlerinden, şäher häkimliginden we prokuraturadan maglumat almaga synanyşdy, emma häkimiýet wekilleri bilen habarlaşyp bilmedi.


Bu aralykda, Türkmenistanyň raýatynyň çykyşy YouTube-da ýerleşdirildi we Türkmenabadyň birnäçe etrabynyň ýaşaýjylarynyň üç aý bäri döwlet bahasyndan un, ýag we towuk etini satyn alyp bilmeýändigi habar berildi. 


Azatlyk Radiosynyň habarçylary Türkmenabatdaky döwlet dükanlarynyň un, ösümlik ýagy, towuk budlary we ýumurtga ýaly esasy azygyň subsidirlenen bahadan köplenç satylmaýandygyny habar berýärler. Şeýle ýagdaý Türkmenistanyň beýleki sebitlerine-de degişli. 




Lebap welaýatynda subsidirlenen bahadan önümleriň satuwa çykarylandygy barada soňky gezek sentýabryň ahyrynda, garaşsyzlyk güni habar berlipdi. Türkmenabadyň bazarlarynda ýumurtga, pagta ýagy we towuk budlary gysga wagtyň içinde we çäkli mukdarda nagt pula satylypdy. Nobatda duranlaryň köpüsine azyk ýetmedi. Töleg kartlary kabul edilmedi. Bu barada Azatlygyň habarçylary 27-nji sentýabrda habar berdiler.


"Türkmenistanyň Hronikasy" şu günler Aşgabadyň döwlet dükanlarynda çöregiň bahasynyň dört esse ýokarlanandygyny habar berdi.


Soňky bir hepdäniň dowamynda Aşgabadyň «Änew galla önümleri» dükanlarynda çöregiň bahasy dört esse ýokarlandy. Mysal üçin, Parahat-7/1 etrapçasynda ýerleşýän dükanda ozal 70 teňňelik türkmen çöreginiň bahasy 3 manata çenli ýokarlandy, agramy bolsa 600-den 510 grama çenli azaldy diýlip, habarda aýdylýar.




Nägile alyjylar munuň sebäbini anyklamaga synanyşdylar we Aşgabadyň administrasiýasynyň bahalara gözegçilik bölümine jaň etdiler. Olara barlanjakdygy aýdyldy, ýöne bir hepde soň hiç zat üýtgemedi diýilip, maglumatda aýdylýar.


Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysy arzan çöregiň irden satylýandygyny aýdýar. Çörek söwdasy uly nobatlar bilen geçýär. 


"Arzan çörek gaty ir satylýar we gykylygy eşitmek bolýar. Bu çörek dessine iýilmese, heňden ýaňa tiz garalýandygyny bilýärin" - diýip, habarçy aýdýar.


Onuň sözlerine görä, subsidirlenen bahalarda un hem paýtagtyň dükanlarynda diňe irden satylýar. Bu ýerde un 1 kilogramdan satylýar, bir kilogramynyň bahasy 18-20 manat. Aşgabadyň döwlet dükanlarynda her biri 1 manatdan ýumurtgany hem satyn alyp bolýar, ýöne ol satuwda köp bolmaýar. 


Ilatyň ýaşaýyş derejesiniň yzygiderli pese gaçmagy, harytlaryň we hyzmatlaryň gymmatlamagy sebäpli ýurt ýaşaýjylarynyň köpüsi subsidirlenen bahalardan azyk önümlerine garaşly bolýarlar. Soňky iki ýylda döwlet tarapyndan subsidirlenen bahalaryň ýokarlandyrylmagyna, şeýle hem harytlaryň hiliniň pesligine garamazdan, adamlar ençeme sagatlap nobata durmaly bolýarlar, emma bu azyk köpçülige ýetmän galýar.


Rus dilinde hem okaň


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.


 


Загрузка...

Читайте на сайте

Другие проекты от 123ru.net








































Другие популярные новости дня сегодня


123ru.net — быстрее, чем Я..., самые свежие и актуальные новости Вашего города — каждый день, каждый час с ежеминутным обновлением! Мгновенная публикация на языке оригинала, без модерации и без купюр в разделе Пользователи сайта 123ru.net.

Как добавить свои новости в наши трансляции? Очень просто. Достаточно отправить заявку на наш электронный адрес mail@29ru.net с указанием адреса Вашей ленты новостей в формате RSS или подать заявку на включение Вашего сайта в наш каталог через форму. После модерации заявки в течении 24 часов Ваша лента новостей начнёт транслироваться в разделе Вашего города. Все новости в нашей ленте новостей отсортированы поминутно по времени публикации, которое указано напротив каждой новости справа также как и прямая ссылка на источник информации. Если у Вас есть интересные фото Вашего города или других населённых пунктов Вашего региона мы также готовы опубликовать их в разделе Вашего города в нашем каталоге региональных сайтов, который на сегодняшний день является самым большим региональным ресурсом, охватывающим все города не только России и Украины, но ещё и Белоруссии и Абхазии. Прислать фото можно здесь. Оперативно разместить свою новость в Вашем городе можно самостоятельно через форму.



Новости 24/7 Все города России




Загрузка...


Топ 10 новостей последнего часа






Персональные новости

123ru.net — ежедневник главных новостей Вашего города и Вашего региона. 123ru.net - новости в деталях, свежий, незамыленный образ событий дня, аналитика минувших событий, прогнозы на будущее и непредвзятый взгляд на настоящее, как всегда, оперативно, честно, без купюр и цензуры каждый час, семь дней в неделю, 24 часа в сутки. Ещё больше местных городских новостей Вашего города — на порталах News-Life.pro и News24.pro. Полная лента региональных новостей на этот час — здесь. Самые свежие и популярные публикации событий в России и в мире сегодня - в ТОП-100 и на сайте Russia24.pro. С 2017 года проект 123ru.net стал мультиязычным и расширил свою аудиторию в мировом пространстве. Теперь нас читает не только русскоязычная аудитория и жители бывшего СССР, но и весь современный мир. 123ru.net - мир новостей без границ и цензуры в режиме реального времени. Каждую минуту - 123 самые горячие новости из городов и регионов. С нами Вы никогда не пропустите главное. А самым главным во все века остаётся "время" - наше и Ваше (у каждого - оно своё). Время - бесценно! Берегите и цените время. Здесь и сейчас — знакомства на 123ru.net. . Разместить свою новость локально в любом городе (и даже, на любом языке мира) можно ежесекундно (совершенно бесплатно) с мгновенной публикацией (без цензуры и модерации) самостоятельно - здесь.



Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net