Gazagystanyň oba ýerlerinde çaga ölüminiň derejesi ýokarlanýar
Onuň sözlerine görä, obalardaky çaga ölüminiň derejesi, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, üçden bir köpeldi.
Saglygy goraýyş ministrliginiň geçiren derňewine laýyklykda, oba ilatynyň ömür dowamlylygynyň görkezijileri şäher ilatynyňka garanda durnukly ýokary bolmagynda galýar diýip, saglyk ministri Ažar Giniýat aýtdy.
“Bu ýyl oba ýerlerindäki çaga ölüminiň derejesi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 30,6% ýokarlandy. 2022-nji ýylyň ýedi aýynda bu görkeziji 6.09%, 2021-nji ýylyň ýedi aýynda bolsa 4,66% boldy" diýip, Ažar Giniyat aýtdy.
Ol çaga ölümleriniň aýallaryň saglyk ýagdaýlary bilen baglanyşyklydygyny hem sözüne goşdy.